ÇEPER

Tema: DURMYŞYŇ (ÝAŞAÝYŞYŇ) MANYSY.

Çeper dilde ýazmaly.
14 лайков 713 просмотров
39комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
18 июн 2022, 12:17
Durmuşyň manysy, manyly durmuşda. Oňada ýa aşyk bolup, ýa özüňi problemasyzdygyňy pikir edip, olam bolmasa başga ýollaryn gözläbermeli soňundada ölensoň haýran galyp oturmaly ,,Men näme üçin durmuşdan many gözledim" diýip ;)))
Resul
18 июн 2022, 12:57
Durmuş-bu meniň gözümde giden bir umman. Men bolsa ummanyň merkezindäki gaýyklyja adam.
Mähri
18 июн 2022, 13:15
Durmusyn manysy bolya hacanda onunde bir maksat bar bolsa. Aslynda durmysyn manysy YASAMAK:)) yasamaly, gulmeli, tans etmeli, bokmeli, oynamaly garaz hezil etmeli. Sana gelip "sen ertir olyan" diyseler sonda durmusyn nahili suyjidigini bilersin!!!:)
the_end
18 июн 2022, 13:18
Олмек учин,яшамак........
ajy
18 июн 2022, 13:25
Durmuş zalym mugallymdyr. ilki synag eder soñ sapak geçer :)
(ogurladym)
AYNURA
18 июн 2022, 13:31
Salam men topara yazylmadym yone pikirimi aydasym geldi shu mahal gordim.

Durmushun manysy shu pursat dem almagyn ,yorap bilmegin,geplap bilmegin,her gunki ishlermiz,shatlykly pursatlarmyz,kynchylyklarmyz.
Ejem kakam doganlarym yoldashym chagajyklarym shular men durmushumun manysy.Chagalaryn boynuna towsup" eje "diyen sozi ullakan many...
Mähri
18 июн 2022, 13:33
salam
Esma
18 июн 2022, 13:37
Ýaşa ýşyň manysy diýilse hol "Kerem" kino bardy. Şonda derwüşleriň aýtýan aýdymy ýadyma düşüp gitýär.:))Gören bolsaňyz.

Eý diwana, eý dana
Dünýäň manysy näme?
Akyllada pul gerek
Akmagada pul gerek.

Eý diwana, eý dana
Dünýäň panysy puldyr.
Gudrat tylla-teňňede.
Iýeniň bil dünýäde
Geýeniň bil dünýäde
Söýeniň bil dünýäde

diýip aýdýar.
Esasy meň üçin düýäň manysy. Ömrüň gymmaty. Wagtyň gymmatyny bilmegim. Ömrümiň manysyny çagalaryma deňäp bilerin. Olar meniň bütin dünýämi ýagtyldýan çyrag.Ýaşaýyşyň baş sebäbini: Durmuşyňy nähili ýagaýda bolsaňam haýyrly işlere sarp etmek.Adamlaryň aňyna gowlukda ýadynda gal:mak isleýän diňe. "Galmak" däl. Şöhrat, wezipe, baýlyk gowy zat. Ýöne meniň üçin Abraý iň ilkinji.
Şu ömrümde ýaşap köp zatlary öwrendim. Aglan gezeklerim, ýykylan günlerim, ökünen günlerim, toýly-şatlykly günlerim, ýagşy-ýaman tanan günlerim, akly-garaly dünýe bu. Ýöne durmuş ýaşaýyşyň sapaklaryny ene-ataňdan, mugallymyň öwredenleri ýaly däl-de ol başgaça, Iň kämil mugallyma deňäp bilerin durmuşy.Onam diňe ýaşap göz ýetirýäň köp zada.Bilmeýän zatlarym, kelteden gaýtýan ýerlerimem kän.
Ýöne esasy Berdinazar aganyň aýdyşy ýaly "Binesip etmesin" her bir zatdan.

Mümkin bolsa köp bilmişden halas et
Bilimden, bilmekden binesip etme

diýýär
Massimus
18 июн 2022, 13:42
Manyly durmuşda ýaşamak üçin ilki ýaşamagyň manysyna düşünmeli. Özüm üçin-ä ýaşaýşyň manysy her hereketinde maňa meňzejek bolýan çagalarymyň ýüzündäki çagalyk dünýäsiniň päkize ýylgyrşy, özüne täze köýnek alyn diýip beren puluma, çagalara täze eşik alyp gelýän ýan ýoldaşymyň geljekde çagalarymyzyň ýokary bilimli, abraýly adamlar boljakdygy baradaky ak arzuwlary, ene-atamyň arzuw eden perzendi bolup bilmesemem (ynan eje, muň üçin gije-gündiz jan edýän) ejemiň "10 ogluň ýerini tutjak ýekeje oglum" diýen sözlerinden ganyp bilmejek ýaşaýşym, ömrümiň soňunda yzyma seredip, ýaşan günlerime ökünmejek ykbalym...
ajy
18 июн 2022, 13:48
Mähri,
gõr muny)))
Garabufer
18 июн 2022, 13:53
Ölýänçäň ,hökman ýaşap bermeli ,we soňam bir gezek ölip bermeli zat bu Durmuş diýen zat


Durmuşda guuury geleniň , boş gideniň bolmaz ýaly (M.Pragy), nesil seçmeli ,(Eý ýaranlar musulmanlar, gelip geçmeli dünýedir, gurby ýeten goç ýigitler dökip saçmaly dünýedir) (isle adam nesli, isle sungat,isle goşgy ,kitap we ş m ) garaz bir zat galdyrmaly, bolmanda adamlaň ýüreginde yz galdyrmaly , öleň soň , durmuşda gowy ýaşap ötdi diýiler ýaly (dirikä bu dünýäde, öleň soň ýürekde ýaşaýa adam, diýýä Ýagşy Goşunow)
Garabufer
18 июн 2022, 13:55
Ybadat üçin inderilen biz
Waleryanka
18 июн 2022, 15:55
Durmuşyň manysyny her adam özüçe kesgitleýär.Menem şu ýerde durmuşyň manysyny durmuşa çykmadyk ( esassyz sebäplere görä , diňe ýaşynyň ulalandygy sebäpli bagty açylmaýan ) gyzlaryň dilinden ýazasym geldi.
"Meň üçin durmuşyň manysy il deňinde durmuşa çykmak, perzent görmek, ýoldaşyma ,gaýynlaryma hyzmat etmek.Eger ýanýoldaşym "ýoluny urduran" birisi bolup çykaýan ýagdaýynda ony öz yhlasym, aladam bilen dogry ýola salmak.Gaýynlarym oňşuksyzrak , gelin sygdyrmaýan adamlar bolup çykan ýagdaýynda ýadawsyz eden hyzmatym , gaharyma erk edip bilijiligim bilen olaryň söýgüsini gazanmak we nikany bozmazdan durmuşy dowam etmek......Gyz halyma çalaryp barýan saçlarymy gyňajyň astynda gizlemek :(...Joralarym üýşüp gürrüňe gyzan wagty menem bir burçda ýadyrgap , gürrüňlerine goşulyp bilmän oturmazlygym.A to olar ýanýoldaşlary, çagalary hakynda ýada gaýynlary bilen aralarynda bolup geçen gülküli wakalary aýdyşyp otursalar hiç goşulyp bilemokda.Ataň öýündede oturmagyň öz çäklije wagty bar eken.Şondan geçensoň ataň öýiniň gyzygy gaçýar eken gyz üçin.Günde şol bir oýanýanja ýerim.Öýdäki gelinler( oglan jigilerimiň gelinleri).Olaryň ejem kakama eşitdirib-u eşitdirmän aýtýan gaty gaýrym sözlerini eşitmek.Goňşy golamlaryň, tanyş bilişleriň "durmuşa çykjak dälmi" diýýän soraglaryndan halys ýadamak dünýäden doýurýar meni.Hiç zada höwesim ýok...
Gauzen
18 июн 2022, 15:58
"Ýaşaýşyň manysy näme?" Her kim bu sowal üçin iň bolmanda, ömründe bir ýola böwrüni diňşirgenen bolsa gerek. Pikirlerimiz parhly gelip biler, çünki dünýägaraýşymyz, ýaşaýşa bakyşymyz, wakalardan many we netije çykaryşymyz, ýürekde göterýän gymmatlyklarymyz, ölçeglerimiz, düşünjelerimiz düýpgöter tapawut edip bilýär. Iki-üç ýyllykda elime daşary ýurtly ýazyjylaryň biriniň kitaby düşdi. Tas ýarym müňe golaý sahypaly galyň kitabyň ady hem biziň başdaky sowalymyz bilen meňzeşdi. Kitabyň "Ýaşaýşyň manysy näme?" diýen adynyň astynda kiçeňräk harplar bilen berlen: "Jogaby sowalyň özünde" diýen ýene bir ýazgy bardy. Eýsem dört ýüz sahypadan gowrak bu galyň kitabyň bize aýdasy gelýän, ýetiresi gelýän habary nämekä? Kitaby okap çykanyňdan soňra ýaşaýşyň, durmuşyň, bagtyň manysyna akyl ýetirmek we şol pursatlara ýetmek üçin özümize degişli bolan zatlarda: "Näme?" diýen sowala dogry jogap tapmagyň ýeterlikdigi ündelýärdi. Mysal üçin: "Maksadym näme? Oňa eltýän ýollar näme? Aslynda şu zadyň maňa peýdasy, ähmiýeti näme? Mundan geljek abraý, şöhrat ýa-da gazanç-girdeji näme? Ýeri, bu arzuwlarymy hasyl etdimem-dä, ondan soňra näme?..." Mahlasy, her ätjek ädimiňden öňürti onuň seniň üçin gymmatyny, ähmiýetini, bähbidini, peýdasyny açyklap berjek: "Näme?" sowalyny bermegiň maksada laýykdygy, sebäbi aýdyň, kesgitli, anyk ýollaryň hemişe üstünlige, zähmetsöýerlige, ruhubelentlige hemra edýändigi, maksada okgunly ýapyşmaga ylham-hyruç berýändigi beýan edilýärdi.
Bu durmuşy sowala her kimiň öz jogaby bolmaly. Jogabyň taýyn bolsa, diýmek, ýörejek ýollaryňy, öz gymmatlyklaryňy, ölçegleriňi, ýaşaýşyň manysyny dogry kesgitläp bilendigiň.
Waleryanka
18 июн 2022, 16:09
....." diýip gürrüň berýär welin şeýle bir ýüregim awaýar.Elimden gelýän kömek ýok".Aşgabada ýada welaýat merkezlerine gidip işle atelýe bolýamy, kafe bolýamy şuňýalyrak işler bar.Biraz göwnüň açylar" diýsem hem " ony öýmüzdäkiler göwnänok , uly gyz öýünden çykyp ýaban ýatyp ýörse halanmaýar obada , özüň bilýäňä obaň ýagdaýyny " diýýär.
Waleryanka
18 июн 2022, 16:13
Ýöne durmuşyňy reňklendirmek, oňa many çaýmak 99% özümize baglydygyna ynanýan men-ä.
Harmony
18 июн 2022, 16:21
Iki toparyň hem netijesi bir boljaga meňzeýä. Hasap deňe-deň.
Telwas
Автор 18 июн 2022, 16:24
Bu topardakylar zor eken-ä. :)
Kän pikirlerini beýan etmeýän agzalaram, öz düşünjelerini ýazandygy meni begendirdi. Uzagyndan bolsun, şeýdip pikir alyşyp duralyň.
Telwas
Автор 18 июн 2022, 16:25
Ähli agzalaryň jogaplary biri beýlekisiniň üstüni tamamlaýar.
Gauzen
18 июн 2022, 16:27
Nirvana,
Göz degiräýme gyy :))
Telwas
Автор 18 июн 2022, 16:29
Gauzen
Nirvana,
Göz degiräýme gyy :))

Tüf tüf :)
Pikiriňizi giňişleýin beýan edeniňize haýran galdym.
Gauzen
18 июн 2022, 16:31
Nirvana,
Nirvana,
Göz degiräýme gyy :))
Tüf tüf :)
Pikiriňizi giňişleýin beýan edeniňize haýran galdym.

Bize-de bolsyn-da ;)
ajy
18 июн 2022, 16:59
hachàn gutoryà
ajy
18 июн 2022, 17:00
pikirlenip otykam uklap galypdyryn :(
Resul
18 июн 2022, 17:03
ResulT
Durmuş-bu meniň gözümde giden bir umman. Men bolsa ummanyň merkezindäki gaýyklyja adam.

Her bir adamyň durmuşy hem olar üçin tükenmez bir umman. Olar hem öz durmuşlarynyň merkezinde ýerleşýärler.
ajy
18 июн 2022, 17:07
ResulT,
aslynda hemme kishiñ bu durmushdàky manysynyñ bash maksady söýgi mähir. adam söýülmese, mähir görmese durmushynyñ manysyny ýitirýä. bagtsyz bolýa. ruhy çökýä. Durmushyñ manysy herbir adama görä üýtgeýä, herkimde herhili düşünje bar, hemmänem sylamaly. Ýöne şolaryñ hemmesem mähir bilen søÿgiden başlar gaýtýar...
ajy
18 июн 2022, 17:09
biriniñ mashgala bolan soygisi, pula bolan soygisi yaryna bolan soygisi, arzuwlar bu durmushda bir şaha tutunup yashamaga biraz howes doretya...
Suleyman
18 июн 2022, 17:44
Durmuşyň manysy bu - Ýaradylyş. Durmuşam ýaradylyşdan başlanýar. Şonuň üçin 'ýaradylyşyň manysy näme' diýseň dogry bolaýjak ýaly.

Mukaddes Kurany Kerimde şeýleräk aýat bar (sözme-söz bilemok) "Ýaradanlarymyň içinde iň kämili ynsandyr" (ýagny, ynsany iň kämil derejede ýaratdym)...
Şükranalygyň iň ulusy Allatagala bolsun, äleme ynsan edip iberildik.
Ýagny ynsan kim?! Arşda perişdeleriň sežde eden mahlugy. Diňe lagnaty şeýtan baş egmekden ýüz öwürdi we Allaň rehmetinden kowulyp, häli häzire çenli kowulanyny ynsandan görüp ýör.

Biziň fundamentimizde jennetilik bar. Çünki, atamyz adam jennetden çykdy. Ýene şol ýere ymtylmagymyz gerek.

Ynsanyň ýaradylşyndan maksat bolsa, ýene Kurany Kerime ýüzlensek "Men ynsanlary we jynlary özüme ybadat etmek üçin ýaratdym" diýen aýat bilen belli bolýar, biz ybadat üçin ýaradyldyk. Ybadat kelemesi birnäçe manylary öz içine alýar: Öz Rebbiňi tanap, Oňa boýun synyş we gulluk ediş...

Maksadym: şujagaz ömrümde (Alla berse 60-70 ýyl ömrüň bar, ýogsa ondanam az) öz "bendeligimi" berjaý edip, ruhym bu älemden üzülip, arşa baranda Allahyň "bendäm" diýip garşy almagy. Ulamalaryň şeýle sözleri bar "Allanyň iň rehmet eden adamsyna jennetden hem ýokary bolan buşlugy oňa "bendäm" diýip ýüzlenmesidir" diýýäler.

Galan hemme söýýän zatlarymyzdan bir gün aýrylmaly. Bir gün taşlap gitmeli. Şojagaz gysga ömrümizde "bendeligimizi" berjaý edip bilsek, inşaAllah bir güni Allaň huzurynda hemme söýýänlerimiz bilen bile bolarys.

Gysgaça şul.
Izma
18 июн 2022, 18:14
Pul
ajy
18 июн 2022, 18:30
iKONic,
ana bir söz bilen durmushyñ manysy ))