❗️
Salam OKYJYLARYM! :)
Gowumy ýagdaýlaryňyz, arman-ýadaman, sag-amanja işläp, okap, gezip ýörsüňizmi?! Siz bir ýadamaň. Garaz, şu gün siz bilen bir tema kelle agyrtmak isledik. (Gorkmaň, agyrtmasaňyz agyrmaz) Men size 2 sany tema hödürlemekçi. Şol iki temadan birini saýlap, şoň esasynda teswirler ýazmagyňyzy isleýäs. Şol sanda iki sany topara bölünmeli. Bir toparyň ady Ylmy, beýleki toparyň ady Çeper. Ylmy topar biraz ylym bilen baglanyşdyrmaly pikirlerini. Çeper topar bolsa, erkin görnüşde öz pikirlerini çeperçilikli beýan etmeli. Haýsy topardan göwnejaý pikirler çykjagyny bilmek maksady bilen iki topara bölünýär.
Toparyňyzy özüňiz saýlarsyňyz. Temany bolsa üýşip saýlalyň.
1. Durmuşyň (ýaşaýyşyň) manysy.
2. Bagt.
Haýsyny saýlasaňyz, şol temadan ýazyp başlaýas. Toparlar üçin täze iki sany blog açmakçy. Bu blogda temaňyzy saýlaň. Haýsy tema köp ses berilse, pikir alyşjak temamyz şol bolar. Pikirlerde her agza erkin görnüşde jogap bermäge haky bar. Hiç kim hiç kimi pikiri bilen ýazgarmaly däl. Umuman bir meselä dürli penjirelerden bakmagy öwreneliň.
56комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.