HAÝRAN GALAÝMALY…
Köpden bäri meni haýran galdyrýan meseläni gozgamakçy. Men synçyl gyz. Aňsat-aňsat meň gözümden zat sypanok. Şol sanda ýatkeşem özüm. Her agzaň pikirlerini, özüni alyp barşyny uly üns bilen synlaýan. Siz moderligiň üçin synlaýansyňda diýseňiz, ýalňyşýaňyz. Men asylam şeýle. Indi meni haýran galdyrýan zat barada aýdyp bereýin.
Şu saýtda Mountain, Baýker, Arkaç, kwadrat kelle, Remezan, Soho, Massimus, Gumly gelin, Esma, Öwrenýän… we beýleki uly ýaşly agzalarymyz “SIZ” dili bilen gürleýärler. A biz bolsa, näçe ýaş kiçi bolubam “SEN” dili bilen gürleýäs.
Käbir kiçi ýaşly agzalara jigim diýip ýüzlenseň, “Men seň jigiň däl. Jigiňi gitde başga ýerden gözle. Maňa akyl satma, şeýle akylyň kän bolsa, özüň peýdalan” diýýärler. Meň özüm-ä, Baýker, Mountain we Arkaç agamdan “Jigim” sözüni eşdenimde (okanymda) özüme buýsanýaryn. Meni jigisi ýaly gowy görýär diýip pikir edýän. Şony hormat hasaplaýan.
Arada kwadrat kelle bir maslahat soraýar welin, gürleýşine berekella diýdim. Özüniňem men ýaly ogly bar eken. Şonda-da siz diýip ýüzlenip, gara-gadyr. Ýagny medeniýetli gürleýär. Remezan akga bilen Massimus akga-da şeýle. Her teswirlerini okaýan welin, diňe sylanşykly siz dili bilen jogap berýärler. Ýogsa biziň (agzalaryň) özlerinden kiçidigini bilýärlerem.
Şolar şol ýaşda şeýle medeniýeti saklaýarkalar, bize bu ýaşda medeniýetli bolmak şeýle kynmyka? Üns berseňiz, menem talyplarda siz dili bilen gürleýärdim. Soň ýürekden (samimi) bolan agzalaryma sen dili bilen ýüzlenip başladym. Aslynda, “Siz” dili bilen gürlemegi özüm gowy görýän.
Ýaşlardan Dark_wolf agza bilen käte Khanture, Granger we Rigel agza siz diýip gürleýärler. Başga-da ýatlasam ýazaryn kimlere haýrandygymy.
Siz haýsy agzaň, haýsy aýratynlygyna haýran galýaňyz?!

151комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.