K.GURBANNEPESOW/GIDERIN

Seniň gözleriňden ganyp bilemok
Megerem, bu dertden eräp giderin
Gijeler gözüme uky gelenok,
Göz ýaşym gutaryp gurap giderin

Öwlüýä sen. Daşyňdan pyrlanyp ýörün.
Kowsaň-da, maslygmy süýräp giderin
Ähdi-peýman diýmek – iman diýmekdir,
Ähdiňden dänäýseň niräk giderin?

Adyň dilde bolsa – bahylyň-da köp,
Dilde men, niçiksi gaýrak giderin?
Ýok, ýok, maňa ýatdyr gaýra diýen zat
Gitse-de ilerik köräp giderin.

Seni iki dünýä çalyşmaryn men,
Egnimi egniňe diräp giderin.
Birden öläýsem-de, Seň ysyň alsam –
Ýene-de direlip, ýöräp giderin.

Adam iki gezek inermiş dünýä.
Çynmyka! Jogabyn durlap giderin.
Ýeke gezek bolsa, menem boş gitsem –
Dünýäden çaga dek çyrlap giderin.

Sen ähdiňde dursaň şahyram durar.
Seni müň beladan gorap giderin.
Bürgüde duşduňmy – bürgüt hem bolgun!
Serçä dönäýdigiň – pyrlap giderin!
3 лайков 115 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Lale
18 июн 2022, 06:43
+++