YLMY

Tema: DURMUŞYŇ (ÝAŞAÝYŞYŇ) MANYSY.

Ylmy dilde ýazmaly.
4 лайков 564 просмотров
41комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Harmony
18 июн 2022, 12:25
Ýaşaýşyň manysyna akyl ýetirmek adamzat jemgyýetiniň has irki döwürlerinden gözbaş alyp gaýdýar. Ýaşaýşyň manysyny köplenç hakykylyga akyl ýetirmekde tapýarlar. Akyl ýetirmegiň we hakykylygyň gözlegini öwrenýän ylma bolsa, "Filosofiýa" diýilýär. Filosofiýa sözi grekçeden terjime edileninde, "paýhasa söýgi" diýen manyny berýär.
Hiayress
18 июн 2022, 12:28
Granger,
Tüweleme jora, bissimillasyna etdiňaý, indi biri Allahu ekberinem etse mowzugy ýapsagam bolýar. :))
Harmony
18 июн 2022, 12:32
Ynsanlaryň sanynyň älemdäki ýyldyzlardan pes däldigini gözöňüne tutsak, şonça-da pikir bardyr diýip bileris. Hat-da ondan-da köp. Sebäbi ynsan beýnisi şeýle bir çylşyrymly gurlan weli, bir pursatda hem birnäçe pikirler aýlanyp geçip dur. Şu aýdylanlary gözöňüne tutsak we "her bir filosofiýa dünýägaraýyşdyr" diýlenine seretsek, onda ýer ýüzünde häli-häzire çenli müňlerçe dünýägaraýyşlar, taglymatlar ýüze çykan we ýüze çykmagyny dowam edýär.
Harmony
18 июн 2022, 12:34
Hiayress
Granger,
Tüweleme jora, bissimillasyna etdiňaý, indi biri Allahu ekberinem etse mowzugy ýapsagam bolýar. :))

Eger çynym, siz näme üçin ylmy dilde ýazmaýarsyňyz öz nukdaýnazaryňyzy?!
Bilýäňizmi bu babatda Haýdegger näme diýýär?
Hiayress
18 июн 2022, 12:37
Granger,
Beh jora, filosofiýa beter köpelipdiraý. :))
Harmony
18 июн 2022, 12:37
Arman, men şu wagt personal elektron hasaplaýyş maşynymdan islenen saýtyna girip bilmeýärin. Näme üçindir parol we elektron adres ýazylýan meýdança doňýar.
Hiayress
18 июн 2022, 12:38
Granger,
Haýdegger kim diýip sorasana, näme diýýä diýmede. :))
Hiayress
18 июн 2022, 12:40
Granger,
"Personal elektron hasaplaýyş maşyn" bu kalkulýator bolýamy?! :)
Harmony
18 июн 2022, 12:40
Hiayress
Granger,
Beh jora, filosofiýa beter köpelipdiraý. :))

Bilýäňizmi näme, Pifagorçylar ähli zadyň başynda sanlaryň bardygyny aýdýarlar we biz şu ýerde filosofiýadan matematika ylmyna geçip bileris, eger isleseňiz, professor.
Harmony
18 июн 2022, 12:42
Hiayress
Granger,
"Personal elektron hasaplaýyş maşyn" bu kalkulýator bolýamy?! :)

Bilgeşleýin düşdüňmäý bu topara ?
Häzir öz dilimizde geplemänimiz üçin utulýas. Gülkünjem bolsa beýtme-dä indi. :))
Hiayress
18 июн 2022, 12:45
Granger,
Biz özara maslahatlaşma arkaly "durmuşy manysy" hakda täze ideýa ýaradýarys jora. Proses başlydy. Şu ýöne ilki kalkulýatorly meselämizi çözeli. :))
Harmony
18 июн 2022, 12:48
Hiayress
Granger,
Biz özara maslahatlaşma arkaly "durmuşy manysy" hakda täze ideýa ýaradýarys jora. Proses başlydy. Şu ýöne ilki kalkulýatorly meselämizi çözeli. :))

Ilkinji çykan kompýuterler EHM, ýagny elektron hasaplaýyş maşynkasy diýlip atlandyrylýardy, partnýor po nauçeskoý ewriki :)
Owrenyan
18 июн 2022, 13:14
Maglumat üçin maglumatjyk :-):
Älemde takmynan 200 sekstillion
(200 000 000 000 000 000 000 000) ýyldyz bamyşdyk diýip käbir alymlar çaklaýa-

Edil şu güne çenli Zemin saýýarasynda 7 993 755 132 adam ýaşaýamyşdyk -
Ýyzzyllar adamlardan takmynan 250 195, 3 esse kän bolýamyş.

Elbetde, Älemde Zeminden başga-da saýýaralarda "adamlaň" ýaşaýan bolmagynyň mümkindigini göz öňünde tutmasak.

Во Вселенной примерно 200 миллиардов триллионов звезд. Иными словами, во Вселенной всего 200 секстиллионов звезд, это число ", – подытожил астроном. Он добавляет, что число примерно в 10 раз превышает количество чашек воды во всех океанах Земли.
Harmony
18 июн 2022, 13:23
Owrenyan
Maglumat üçin maglumatjyk :-):
Älemde takmynan 200 sekstillion (200 000 000 000 000 000 000 000) ýyldyz bamyşdyk diýip käbir alymlar çaklaýa- çeşmesi: https://azertag.az/ru/xeber/Uchenye_nazvali_kolichestvo_zvezd_vo_Vselennoi-2000105.

Edil şu güne çenli Zemin saýýarasynda 7 993 755 132 adam ýaşaýamyşdyk - çeşmesi: https://countrymeters.info/ru/World.

Olaryň hem barmak büküp sanap gormändigine we çaklama diýilşine görä, biziňki dagy ýönekeýje bir çaklama. :)
Sahypamyzy süýndiräýdi bu ýazgylar...
Harmony
18 июн 2022, 13:24
Owrenyan
Maglumat üçin maglumatjyk :-):
Älemde takmynan 200 sekstillion (200 000 000 000 000 000 000 000) ýyldyz bamyşdyk diýip käbir alymlar çaklaýa- çeşmesi: https://azertag.az/ru/xeber/Uchenye_nazvali_kolichestvo_zvezd_vo_Vselennoi-2000105.

Edil şu güne çenli Zemin saýýarasynda 7 993 755 132 adam ýaşaýamyşdyk - çeşmesi: https://countrymeters.info/ru/World.

Ýyzzyllar adamlardan takmynan 250 195, 3 esse kän bolýamyş.

Elbetde, Älemde Zeminden başga-da saýýaralarda "adamlaň" ýaşaýan bolmagynyň mümkindigini göz öňünde tutmasak.

Во Вселенной примерно 200 миллиардов триллионов звезд. Иными словами, во Вселенной всего 200 секстиллионов звезд, это число ", – подытожил астроном. Он добавляет, что число примерно в 10 раз превышает количество чашек воды во всех океанах Земли.

Kyn görmeseňiz probel ýa-da enter goýaýyň salgylar şeýdýä öýdýän sahypany.
Hiayress
18 июн 2022, 13:34
Owrenyan,
Agam, şu wagta çenli alymlar tarapyndan hasaba alynan ýyldyzlaryň sanyndan habarymyz barda, durmuşyň manysyndan habarymyz ýok. Belki, sizem öz diliňizde iküç sanysy barada ýazarsyňyz?!
Harmony
18 июн 2022, 13:36
Dünýägaraýyşlaryň bir tema ýa-da kitaba sygdyrardan has köpdügini nazarda tutup, käbirlerini gysgaça beýan etmegi makul bildim.

Sokrat we sokratçylar ynsan aňynyň "asmandaky ýa ýeriň astyndaky" zatlary yzarlamaga däl-de, ruhy taýdan we etiki ýaşaýyş kadalarynyň ýokarlandyrylmagy üçin ýagşylygyň, päk ahlagyň tebigatyny öwrenmäge niýetlenendigini aýdýarlar.

Aristotel bolsa, ähli adamzat hereketleriniň özeninde ynsanyň barlygyny ykrar edýän bagtyň ýatandygyny aýdýar.

Platon pikirler dünýäsine aýratyn üns berýär we ýagşylyk atly pikirler dünýäsini öňe sürýär.

Epikur we oňa eýerijiler ynsan durmuşynyň manysyny lezzet alyp bilmekde tapypdyrlar. Olar muňa fiziki we psihiki birahatlyklardan, agyrylardan, gaýgy-gamlardan, ölüm gorkusyndan saplanmak diýip düşünipdirler. Ideal durmuş obrazy - bu döwletiň işine goşulmazdan, öz dostlaryň arasynda şady-horramlykda ýaşamak diýip hasap edipdirler.
Harmony
18 июн 2022, 13:37
Indi ýuwaş-ýuwaş şu günki günlere geçip, iň soňunda hem öz pikirimi beýan etmekçi.
Owrenyan
18 июн 2022, 13:56
Taglymatlaryň we akymlaryň gysgaça düşündirişi ☻

1. Platonizm – Ýadyma düşdi! Meniň barmaklarym bar!
2. Neoplatonizm – Meniň barmaklarym bar! Ýöne, bu meniň ýadyma düşmedi...
3. Atomizm – Barmaklar bar, ýöne olar örän kiçijek we olar juda köp...
4. Kinikizm – Barmaklar bar. Ýöne näme üçin?...
5. Stoisizm – Barmaklar gutulgysyzdyr.
6. Zoroastrizm – Çep barmaklar bar, sag barmaklar bar, özem olar deň-dermandyr.
7. Induizm – Her barmaga bir dharma (ýazgyt)!
8. Buddizm – Barmaklar panydyr – onda olar nämäňe gerek?!
9. Konfusianizm – Barmaklar. Olar diňe barmaklardyr.
10. Daosizm – Barmaklardan hiç ýere sypyp bilmersiň.
11. Hristiançylyk – Barmaklar bäş sany, ýöne eliň aýasy ýekeje ahyry!...
12. Hristiançylyk ýeresler (akymlar) – Barmaklar bäş sany däl eken-ä!...
13. Orta asyr pelsepesi – Barmaklar aň ýetirerden uç-gyraksyzdyr;
14. Renessans döwrüniň pelsepesi – Barmaklaram bar eken-ä!...
15. Sensualizm – Eger-de barmaklara ursaň we olar agyrsa, onda olar bardyr, eger-de agyrmasa, onda olar ýokdur.
16. Idealizm – Barmaklar bardyr, sebäbi men olar bar diýip pikir edýärin.
17. Subýektiw idealizm – Ine häzir men barmaklar barada oýlanmagymy bes ederin welin, olar gürüm-jürüm bolar!
18. Agnostisizm – Barmaklar-a barlygyna bardyr welin, ýöne muny subut edip bilseň et bakaly...
19. Materializm – Barmaklar bar, hut şonuň üçinem men olar barada pikirlenýärin.
20. Dialektiki materializm – Sag we çep barmaklaryň bütewiligi we göreşi.
21. Rasionalizm – Barmaklar bar. Sebäbi olaryň bolmazlygy mümkin däl.
22. Skeptisizm – Bu barmaklara düşünip bilseň düşün bakaly!
23. Determinizm – Hemme zat ilki bilen barmaklaryň nähili barmaklardygyna bagly...
24. Magaryfyýet taglymaty – A sen öz barmaklaryň üçin näme etdiň?
25. Gegele eýerijilik taglymaty – Barmaklar bar-r-r!!! Ýöne nädipdigi düşnüksiz?!
26. Nişse eýerijilik taglymaty – Öz barmaklaryňa uzak wagtlap seretmek gerek däl, ýogsa günlerde bir gün barmaklaryň saňa sereder...
27. Marksizm – Bu edil iki barmak ýalydyr.
28. Marksizm-Leninizm – bu iki barmak bilen asfalta uran ýalydyr.
29. Irrasionalizm – Asla şu barmaklar barmy bir?
30. Pozitiwizm – Barmaklar-a barmaklardyr-la welin, ýöne...
31. Ekzistensializm – Meniň bir ýerlerimd-ä barmaklaram bolmalydy...

Çeşmesi: https://www.anekdot.ru/id/21002. 07.05.2020ý.
Hiayress
18 июн 2022, 14:37
Matematika mugallymynyň durmuşy düşünjesi:
Durmuşda iki zat aýan. Başlangyç we pellehana. Başlangyjy "A" nokat, soňky pelläni "B" nokat diýip belgilesek, bize diňe iki nokadyň arasyndaky geçilen ýoly, wagty we tizligi anyklaýmak galýar. "A" nokat bu - adamyň dogulan ýeri, obasy, "B" nokat bolsa bu - obasynyň aýaketegindäki öwlüýä. Diýmek oba bilen öwlüýäniň arasyndaky araçäk orta hasap bilen 10km bolsa, adamyň adaty ýagdaýdaky ortaça tizligem 5km/sag. Onda durmuş 5km/sag tizlikde geçilen 2 sagatlyk ýol bolýar. Ýöne gynansakda durmuş matematika däl, geçilýän ýolam oba bilen öwlüýä arasyndaky asfalt ýol däl. Ol ululy-kiçili, beýikli-pesli, adaty hem adaty däl, galmadan we düşmeden ybarat bolan çarkandakly ýol. Kim ol ýoly asfaltyň üstünde ýörän ýaly geçip gitse, kimse-de buzda ýörän ýaly ýykylyp-çürşüp geçip gidýär. Kim ol ýoly ýokary dyrmyşyp, beýilikden syn edip ötürse, kimse-de aşak düşüp, çukuryň içinde ötürýär. Herkimde her hili bolýar. Şonuň üçinem durmuşyň manysy barada absolýut bir zat aýdyp bolmaz. (Soňy oýlanma ýazyp gitdi :))
Harmony
18 июн 2022, 15:05

Oýlanma öwürmeris ony :)
Matematikanyň düşünjeleriniň içine AB kesimiň uzynlygynyň girişi dek, üçburçluklaryň, gönüburçluklaryň, dörtburçluklaryň, köpbürçlukleryň her dürli ölçegdäkisi, tegelekler, togalaklar... geçýän ýolumyzdaky çarkandaklyklary ýaňky güberçekler bilen aňlatsa bolar.
Muňa mysal edip, söýgi üçburçlugyny aljak menä öz fantaziýamda. :)
Düşünýän gabat däl logika we maňa görä-de däl. Ýöne haýsy bir çaklama logika gabat gelýä. :)
Hiayress
18 июн 2022, 15:08
Psihologlaryň pikirine görä, durmuşyň manysy özüňden özüňi tapmak we ony siňe öwrenmek.
Harmony
18 июн 2022, 15:49
Granger

Belki men durmuşyň manysyny parallel kesimlerde taparyn, belki-de üçburçlukda, trapesiýada. Her kimiňki her hili. Adamynyň indiwiduallygyny nazarda tutsak, durmuşyndan many tapmasy hem şo zeýillimikä diýýän.

Sen isle ony din ýolunda tap, isle ylym ýolunda, isle-de ikisini parallel edip alyp git. Haýsy hem bolsa bir dünýägaraýşa ýalňyş diýmegiň özi meniň pikirimçe dogry däl. Ýa bolmasa, öz ýolunda "Ine, men şulary şeýdýärin - men bagtly duýýan özümi" diýýän bolsa adam, onda onuň şol barýan ugruny öz ýoluňa (bar şol, aňsat ýolam eken-dä) zor bilen süýremeklik, pikirini özgertjek bolmaklygyň tarapdary däl. Sen öz toçka zreniýaňy aýdyp galaý, owarram, halys içiňdäki gymmatly pikirleriň seni gününe goýmaýan bolsa.
Eger adam özüni bagtly, "çyndanam bar" duýýan bolsa, onda ol ýalňyş ýolda däl. Iň bolmanda özi üçin.
Telwas
Автор 18 июн 2022, 16:14
Adamlaram biri-birine diňe bagtly durmuşyň nesip etmegini dileýärler. Eýsem, durmuşyň manysy bagtdamy?! Eger şeýle bolsa, onda bagtyňam belli bir kesgitlemesi ýok. Bagt hem adamdan-adama üýtgeýän düşünje. Bagtly bolmak üçin ýaşaman, ýaşanyň üçin bagtly bolsaň bolmaýarmy?
Durmuşyň manysyna psihologiki taýdan seretsek, agyrylardan uzakda durup bagtly pursatlar jemlemek, durmuşdan özüňi tapmak. Biýologiki taýdan bolsa, ýaşamak, köpelmek, yz galdyrmak…
Umuman manyny her kim bir zatdan gözlerýär. Käbirleri dinde, käbirleri hünärde, a käbirleri bolsa pulda, maşgalada we hyýallar dünýäsinde gözleýärler. Gözlän ýerlerinden özlerini kanagatlandyrjak derejede jogaplar tapyp, şony hem durmuşyň manysy hasaplaýarlar.
“Size görä durmuşyň manysy näme?” soragy maňa görä ýalňyş sorag. Asyl sorag şeýle berilmeli. “Siziň öz durmuşyňyzyň manysy näme?”
Ylymda durmuşyň manysy lezzet almak, bagtly bolmak, yz galdyrmak diýip aňladylýar. Garaz, bu soragyň soňy ölüm bilen tamamlanýar.
Menä şu durmuşdan many gözleýärkäm, näme üçin many gözleýänime-de many gözläp başlap başlaýan…
Harmony
18 июн 2022, 16:17
Soňky aýtjaklarymyň agzalaryň aýdanlarynyň içinde barlygyna görä (men çylşyrymly dilde ýazmaga endik edinipdirin), başardygymdan gysgarak netijämi beýan etmekçi. Ýogsa, dünýä döräli ummasyz milletiň tom-tom kitaplarda zordan beýan edip, belli bir umumy netijä gelip bilmedik zatlaryny kiçiräjik mowzukda beýan etmek aňsat däl maňa-ha. Üstesine, tupige diremekden gorkmanam duramok.
#B.S
18 июн 2022, 16:23
Alymlar açyş edýäňizmaý? namee
Gauzen
18 июн 2022, 16:28
Muny okap soňyna çykynçaň temaň başy ýatdan çykyp gidýärä :-D
Harmony
18 июн 2022, 16:31
Gauzen
Muny okap soňyna çykynçaň temaň başy ýatdan çykyp gidýärä :-D

Gysgaldylanda şü :D
Gauzen
18 июн 2022, 16:32
Granger,
Aý şonda-da içinde ýitip gitdim menä :))
Gauzen
18 июн 2022, 16:34
Üçburçlukmy, konusmy, piramidamy garaz kellärä geýipsiňiz :-D