HAÝRAN GALAÝMALY…

Köpden bäri meni haýran galdyrýan meseläni gozgamakçy. Men synçyl gyz. Aňsat-aňsat meň gözümden zat sypanok. Şol sanda ýatkeşem özüm. Her agzaň pikirlerini, özüni alyp barşyny uly üns bilen synlaýan. Siz moderligiň üçin synlaýansyňda diýseňiz, ýalňyşýaňyz. Men asylam şeýle. Indi meni haýran galdyrýan zat barada aýdyp bereýin.
Şu saýtda Mountain, Baýker, Arkaç, kwadrat kelle, Remezan, Soho, Massimus, Gumly gelin, Esma, Öwrenýän… we beýleki uly ýaşly agzalarymyz “SIZ” dili bilen gürleýärler. A biz bolsa, näçe ýaş kiçi bolubam “SEN” dili bilen gürleýäs.
Käbir kiçi ýaşly agzalara jigim diýip ýüzlenseň, “Men seň jigiň däl. Jigiňi gitde başga ýerden gözle. Maňa akyl satma, şeýle akylyň kän bolsa, özüň peýdalan” diýýärler. Meň özüm-ä, Baýker, Mountain we Arkaç agamdan “Jigim” sözüni eşdenimde (okanymda) özüme buýsanýaryn. Meni jigisi ýaly gowy görýär diýip pikir edýän. Şony hormat hasaplaýan.
Arada kwadrat kelle bir maslahat soraýar welin, gürleýşine berekella diýdim. Özüniňem men ýaly ogly bar eken. Şonda-da siz diýip ýüzlenip, gara-gadyr. Ýagny medeniýetli gürleýär. Remezan akga bilen Massimus akga-da şeýle. Her teswirlerini okaýan welin, diňe sylanşykly siz dili bilen jogap berýärler. Ýogsa biziň (agzalaryň) özlerinden kiçidigini bilýärlerem.
Şolar şol ýaşda şeýle medeniýeti saklaýarkalar, bize bu ýaşda medeniýetli bolmak şeýle kynmyka? Üns berseňiz, menem talyplarda siz dili bilen gürleýärdim. Soň ýürekden (samimi) bolan agzalaryma sen dili bilen ýüzlenip başladym. Aslynda, “Siz” dili bilen gürlemegi özüm gowy görýän.
Ýaşlardan Dark_wolf agza bilen käte Khanture, Granger we Rigel agza siz diýip gürleýärler. Başga-da ýatlasam ýazaryn kimlere haýrandygymy.

Siz haýsy agzaň, haýsy aýratynlygyna haýran galýaňyz?!
18 лайков 758 просмотров
151комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
18 июн 2022, 00:48
Itime wepam, goýunlaryma guwanjym, täze alan köwşümi sarpam, iýip-içgä bolan söýgi bularyň hemmesi meň Watanym diýen ýaly bolupdyr. :D
Telwas
Автор 18 июн 2022, 00:49
Bu bloga maňa iç dökme ýaly bolup barýar. Haýran galýanlarym we olardaky haýran galýan aýratynlyklarym kän. Olary ertir dowam ederin. Bu gün sizi birahat etme limidim doldy. Aýyplaşmaweriň. Sizem eçileniňizi ýazyberiň, ýüzümize almarys. :)
#B.S
18 июн 2022, 00:49
garaburc
Khanture,
ýer tekiz bolsa name uchin aý togalak gorunya bize?

Aý togalak däl tegelek. Ýerem tegelek we tekiz.
Nazar
18 июн 2022, 00:49
Mmmm bähh gowy tema gozgapsyň
Harmony
18 июн 2022, 00:49
...?
ajy
18 июн 2022, 00:50
Khanture,
Tegelek bolsa talerka ýaly bolýamy?
ajy
18 июн 2022, 00:51
Nirvana,
gitmedä :(
Nazar
18 июн 2022, 00:52
garaburc,
Garaburç seniñem gowy adamsyna wepaly hojalykçy öý bikesi bolup ýetişjegiñe ynanyan :)
Hiayress
18 июн 2022, 00:52
garaburc,
Tegelek bolsa geometriýa mugallymyz çörek ýaly, togalak bolsa-da şar ýaly bolýar diýerdi. :))
Telwas
Автор 18 июн 2022, 00:53
Siz gidensiňiz öýdüp goýbolsun etdim. Siz ýatmasaňyz dowam etmekçi.
Garabasanlar şol bir agzalar gyz :))
Nazar
18 июн 2022, 00:54
Nirvana,
Men-de ba
Telwas
Автор 18 июн 2022, 00:54
Granger
...?

Gülmek bilen çäklenmän, haýranlyklaryňyzam beýan edäýseňiz. :)
ajy
18 июн 2022, 00:54
FanB,
O_o hojalyk barada gürrüñ ýok bulary nirdençykardyñgy?
Telwas
Автор 18 июн 2022, 00:55
FanB
Nirvana,
Men-de ba

Aýtmak üçin sähet isleýäňmi palawçy ýigit?!
ajy
18 июн 2022, 00:55
Hiayress,
Ýer büdür südur dämi onda? daglarama tekizlemeli bolar tekiz diýjek bolsak
ajy
18 июн 2022, 00:56
Hiayress,
geometriya mugallymyn akylly eken))
Telwas
Автор 18 июн 2022, 00:56
garaburc
Hiayress,
Ýer büdür südur dämi onda? daglarama tekizlemeli bolar tekiz diýjek bolsak

Goýaýyňa şu meseläni. Khanture säginen wagty siz başlamaň-da.
Nazar
18 июн 2022, 00:57
Nirvana,
Ýoklagy :) ýöne geläýdimlegy yatyp bilmän artypgalan ukym tutanoga :))
#B.S
18 июн 2022, 00:57
Men tegelek bilen togalagy taapwutlandyryp bilmeýänlere haýran galýan. Geografiýa bln Astronomiýadan fundamental bilimi ýok agzalaryň meniň bilen çekeleşjek bolýanynada wapşe haýran galýan...
Nazar
18 июн 2022, 00:58
garaburc,
Aý ýöne sen barada pikirlemi beýan edaýin diýdim.
Senem bloglarñy okaýadym. Keks bişirýän mowzuklarñy :)
Telwas
Автор 18 июн 2022, 00:58
FanB
Nirvana,
Ýoklagy :) ýöne geläýdimlegy yatyp bilmän artypgalan ukym tutanoga :))

Obediň jokrama yssysynda öýden çykman ýatsaňyz, gije ukyňyz tutmaz-da. :)
#B.S
18 июн 2022, 00:59
garaburc
Hiayress,
Ýer büdür südur dämi onda? daglarama tekizlemeli bolar tekiz diýjek bolsak

hehehe
ajy
18 июн 2022, 00:59
Nirvana,
şugün ukymy uçurdylar gaharym gelip dur.ýene ýarym sagatjyk otyralyda biraz ünsümi sowmasam bolanak :(
Hiayress
18 июн 2022, 01:00
garaburc,
Akyllymy däldiginä biljek däl weli, çörek diýende açygýanyna bilýän. Sebäp ýaman süýjedip, soňam dili dodagyny ýalaýady.))
Harmony
18 июн 2022, 01:00
Nirvana
Granger
...?

Gülmek bilen çäklenmän, haýranlyklaryňyzam beýan edäýseňiz. :)

Kommentlere gülüp hezil etdim :)
Şular ýaly mowzuklary köpräk açyň. Artyp galan saýta baglap goýaýýaňyz, internet baglylygyma ýokdy welin :)
Men umuman siziň haýran galyşyňyza haýran galyp otyryn. Bir erbedräk anekdot ýadyma düşdä, masgara ?
Aslynda men bular ýaly zatlary gündeligme-de ýazmaga nemedip, bir kagyza ýazyşdyryp, üstüni isleýşimçe garalap, soňundanam ony gaýçy bilen ýa elim bilen dogram-dogram edip heziller edinýän :))
Bentner
18 июн 2022, 01:00
Nirvana
Bendtner agzaň käbir gyzlara käbir temalardan gönümel ýüzlenip bilýändigine haýran galýan.

Meselem? cilimkesh
ajy
18 июн 2022, 01:00
Khanture,
Bole bole ?
Bentner
18 июн 2022, 01:02
Nerwini oynasalar menem nerwilerni dwajdy oynayan hitry
ajy
18 июн 2022, 01:02
FanB,
ýatlatma šo kekisi şugünem janym ýakyp öldürdiler." ulyny diñlemedik ular" diyen ada eýerip ne gozel etjek kekisimi weyran etdi ýerçeken ? nervim dagy oynandyr
Telwas
Автор 18 июн 2022, 01:02
Khanture agzaň “Men Iýunyň 1-na boşaýan. Ikimiz fantastiki hekaýa ýazaly” diýibem, sesini çykarman Iýulyň 1-na garaşjak bolýanyna haýran galýan. Hemem şoň özüne sögselerem, üstünden gülselerem sowukganlylygy saklaýandygyna haýran galýan.