Pikirler
durmuşda saýlamak biziň elimizdedir. emma hemme zat biziň barlagymyzda däldir. bir zatdan başga: pikirlerimiz. adamlar bize her dürli zyýan berip bilerler, emma biziň rugsadymyz bolmasa biziň pikirlerimizi asla üýtgedip bilmezler. näme zat hakynda oýlanjagymyza diňe biz karar berýäris. netiejede, pikirlerimizin hilini gowulandyrmak üçin etjek her bir işimiz biziň durmuşymyzyň hem hilinni gowulandyrar. ynanmak, bir zadyn nähilidigi barada belli bir netijä barmakdyr we doly şekilde bizin dünýägaraýşymyza baglydyr. käwagtlar oýlanýan zatlarmyzy hiç soraga tutmany yzly-yzyna üç-dört sapar oýlasak, o pikire ynanmaga başlaýarys we ony hakykat diýip kabul edýäris. hemme geljegimiz, kellämizde meýdana getiren ynançlarymyza baglydyr. näme zada ýürekden ynansak, ony durmuşa çekmäge başlarys. ynanýan zadymyzyň hakykat bolmagy ýa-da bir arzuw hyýaldygy bizi gyzyklandyrmaýar. biziň pikirlerimiz we oýlanýan zatlarymyz bizi bugünki derejämize getiren bolsa, biz başga derejelere çykmak üçin pikirlerimiz üýtgetmeli däl. şol bir pikirlerimizi gorap saklasak, onda biz arzuw edýän zadymyza gowuşyp bileris. biz näme zat hakynda oýlasak şol tarapa dogry durmuşda ýöremäge başlaýarys. pikirlerimiz birden başga tarapa öwürsek, durmuşymyz hem şol tarapa öwrüler. sebäbi pikirlerimiziň tebigy bir güýji bardyr. eger öýüňizde gezip ýören syçan görseniz, ‘aý çaýymy içip bolaýyn’ ýa-da ‘bugün gaty ýadaw, ertir şugullanaryn’ diýmän, derrew ýeriňizden turup, ol syçany ýok etmegiň ugruna çykarsynyz. özüňizi hiç zat ýok ýaly edip alyp baryp bilmersiňiz. ine hut şeýle-de biz özümiziň ters ýa-da erbet pikirlerimiz barada herekede geçip, olary düzeltmäge synanyşmasak, onda ertirki gün: ‘meň gelejgim, hiç hili mümkinçiligim galmady’ diýmäge başlamagymyz gaty ähtimal. şuwagt kelläňden näme geçýär? özüň we geljegiň barada biderek zatlarmy? näme üçin maňa bagt gülüp bakmaýar diýip oýlanýaňyzmy? dereksiz pikileriň ýerine, peýdaly zatar hakynda oýlamaga başlaň. geçmişiň garaňkylykdan ybarat bolsa-da, geljege ýagty göz bilen bakmaga başlaň. eger ýeňilýän bolsaňyz, ‘ýeňiş meniňki!’ diýiň. ertir irden turanyňyzda hemme dereksiz pikirleri kelläňizden öçürip taşlaň. içiňiz siziň bilen däl, siz içiňiz bilen gürleşiň. ýagdaý näme bolsa bolsun, nä dereje erbetlik duysaňyz-da, hemişe gowy zatlar hakynda oýlanmaly we gowy zatlary hakynda gürlemeli. meseleleriň hötdesinden gelip bilmejegiňizi oýlaýarmysyňyz? 5 ýyl erbet geçen bolsa, ol erbetlikleri gürläp ýörmegiň ýerine oňat zatlary gürlemäge başlaň. hizhaçan meseleleri we päsgelçilikleri däl-de, çözgütleri we pursatlary gürlejek boluň. her sapar öýden çykanyňyzda pursatlar gözläň we şoňa-da ynanjyňyz bolsun. biri bilen tanyşmagyňyz, siziň durmuşyňyzy doly üýtgedip biler. duygularymyz hem oýlanýan zatlarymyza görä şekil alýar. siz göwnüňize degen adamy ýa-da dereksiz waklary oýlap bagtly bolup, begenip, durmuşdan lezzet alyp bilmersiňiz ahyry. şonuň üçin irden turanyňyzda diňe gowy zatlary oýlamaly we bolup geçýän oňat zatlara monça bolmaly. pikirleriňizi dogry ýola gönükdirmeli. eger adamyň kellei garma-garyşyk bolsa, onda onuň durmuşy hem garma-garyşykdyr. siz dünýädaki iň gowy ulagyna eýesi bolup bilersiňiz. emma ol ulagy perwasyz ulansaňyz, ol ulag heläkçilige ugrap biler. ulagyň heläkçlige ugramagynyň sebäbi, ulagyň erbetliginden däl-de, siziň ony perwasyz ulanmagyňyzdyr. ana şonda men perwasyz adam we bu ömrümiň ahyryna çenli dowam eder diýip oýlamaly däl. adam islän zadyny öwrenip, öz durmuşyny öz isleýän ýoluna sokup biler. adam öz pikirleri bilen ýaşaýar. başgalar ony näme zada zorlasar-da, ol öz bileni bilen bolýar. şonuň üçin, gowy ýaşamagyň esasy şerti gowy zatlary oýlap, gowy zatlar hakynda gürlemek boluup durýar. eger sen gowy adam bolsaň, gowy adamlardan hözir taparsyň we olaryn köpelmegi üçin eliňden gelenini gaýgyrmarsyň. eger dünýani halas edip biljek bir adam bolsa, ol hem özünden köprak başgalary oýlaýan, başgalaryň gowulygyny isleýän adamdyr.
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.