Näme üçin duýgularymyzy beýan etmekden çekinýäris?
Kiçi ýaşlardan başlap güýçsiz görünmezlik üçin ýa-da aýyp bolar diýip duýgularymyzy saklamagy öwrenýäs. Emma duýgularymyzy beýan etmesek, olar ýok bolmaz tersine, içimizde birigip negatiw düşünjelere öwrülýärler. Ruhy erkinlik üçin duýgularyňyzy beýan ediň.
Duýgularymyzy beýan etmek üçin biz näderejede erkinkäk?
Güýçli bolmak diýmek duýgusyz ýaly hereket etmek diýmek däldir. Duýgylary beýan etmegi bize hiç kim öwredenok, tersine duýgulary ýüze çylarmadygyňça, olary gizledigiňçe güýçli bolýandygymyz öwredilýär. Wagtyň geçdigiçe ol duýgulary gizlemegi şeýle bir öwrenýäs welin, aňymyzyň astynda bir ýerlere gömülip galýar we biziň hakyky menligimiz körleşýär. Şeýdip bizi hakyky menligimiz birahat we bagtsyz edip başlaýar. Beýan edilmedik duýgular bilen bilelikde öz öňümize diwarlar örýäs.
Duýgularyňyzy tanap we olary beýan etmegi öwreneniňizde gatnaşyklarda ynam döredip, başgalar bilen hakyky aragatnaşyk saklap bilersiňiz.
Erkekler hemmeleriň arasynda seýrek aglarlar, çünki aglamagy hem jynsyýete baglaýarlar ynsanlar. Erkek oglanlar köplenç “Erkek adam aglamaz!” ýörelgesi bilen ulaldylýar. Erkekler ýetginjeklik çaglaryna gelenlerinde bir zenany aglaýan wagty görenlerinde, olara kän belli bolmadyk nätanyş duýgy dörär içlerinde. Ýa aglaýan zenany köşeşdirmäge çalyşarlar ýa ejizlik saýarlar ýa gorkup gaçarlar. Käbir erkekler üçin bolsa, bir zenany aglatmak şowsuzlyk bilen deňdir we onuň bilen ýüzleşmek kyndyr.
Eger erkeklere aglamagyň normal zatdygy öwredilen bolsady?
Onda bir zenan bilen bile aglamagyň, oňa goldaw bermegiň, aglamagyň agyry we gynanjyň alamatydygyny bilip, zenanlara bolan garaýyşlary üýtgärmidi?
Ählimiz ynsan. Jynsyýet tapawudy bolman, hemmämiz şol bir duýgular bilen doguldyk. Diňeje sosýal jemgyýetimiz, medeniýetimiz bizi tapawutlaşdyrýar.
Çekinjeňlik ýa-da sosýal fobiýa görä köpçülikde özümizi beýan etmekde kynçylyk çekip bileris. Kiçeldilme gorkusy, tankytlanma gorkusy, ret edilme gorkusy, masgara bolaryn düşünjesi, hemmeler tarapyndan synlanýan düşünjesi… we ş.m ýagdaýlar gaýgy döreder we esasda ýer alan özüne ynamsyzlyk problemalary bilen birigip sessiz galmaga, duýgulary içiňde ýaşamaga, ýok diýip bilmezlige sebäp bolup biler. Bu şekilli adamlaryň aňynda bir söweş bar ýaly bolýar. Özüni blokirlemek we dymmak uruşy dowam edip biler. Bu uruşda käte gaharjaňlyk ýer alýar. Gowy aragatnaşygyň esasy şerti özüňi dogry we dürs beýan etmekdir. Aňladylmaýan duýgularyň, dertleriňiziň, problemalaryňyzyň netijesinde depressiýa sezewar bolarsyňyz. Gaýgyly bolsaňyz gaýgylydygyňyzy, bagtly bolsaňyz bagtlydygyňyzy, bir zat etmek, bir ýere gitmek, garaz göwnüňiz näme isleýän bolsa, dymman beýan ediň. Bu siziň öz gadyryňyzyň artmagyna-da kömek eder hem-de rahat duýarsyňyz özüňizi.
Kim näme diýse diýsin…
54комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.