"Aýan et..."

Söýýäňmi ?
Söýgiňi oňa beýan et,
Şuwagt aýtmasaň ertir giç bolar.
Ýüregiňden geçenleri aýan et,
Aýdybilmän galsaň bary puç bolar.
Ol bolmasa demiň gelmeýänligni,
Onsuz bagtly bolup bilmeýänligňi.
Oň yşkynda nähili köýýäniňi,
Şuwagt aýtmasaň ertir giç bolar,
Seniň ony näçeler söýýäniňi,
Aýdybilmän galsaň bary puç bolar.


Söýmeýäňmi ?
Onda oňa aýan et,
Ýörmesin yzyňda sergezdan bolup.
Ýüregiňden geçenleri beýan et,
Ýörmesin yşkyňda saralyp-solup.
Biçäräniň söýgisini har etme,
Günädir bir bendäň ahyny alsaň.
Mähriňe,bir hoş sözüňe zar etme,
Seni söýşi ýaly söýmejek bolsaň.
Söýýäňmi-söýeňok,şony beýan et,
Aýan et...
7 лайков 310 просмотров
27комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Meryem
27 июн 2022, 16:00
Gyz oglany søyse. Nädip beyan etmeli hä oğlan bolsaň aytmak kyn däl gyz søyse nädip aytmaly
Ejegyz.
Автор 27 июн 2022, 16:02
Goşgyň awtory özüm.
Ejegyz.
Автор 27 июн 2022, 16:02
Meryem,
Salam, gowumy ýagdaýlaryňyz ?
Bilmedim, hereketleriňiz , sözleriňiz bilen düşündirip bilersiňiz ?
Meryem
27 июн 2022, 16:09
Ay ol seni islemese sen ynayaň ekeniň
Meryem
27 июн 2022, 16:09
Salam oňatmy yagdaylaň sagaman gezip yörmisiňizmi
Meryem
27 июн 2022, 16:10
Gowy düzilipdir gowy gørdim galamyň batly olsyn
Ejegyz.
Автор 27 июн 2022, 16:11
Meryem,
Ay ol seni islemese sen ynayaň ekeniň


Düşünmedim.
Ejegyz.
Автор 27 июн 2022, 16:11
Meryem,
Şükür Hudaýa,men-ä gowy. A siz nahili ?
Meryem
27 июн 2022, 16:13
Oňat hudayaşükir sizem oňatmy
Ejegyz.
Автор 27 июн 2022, 16:18
Meryem,
oňat ?
Ejegyz.
Автор 27 июн 2022, 16:21
Rigel,
??
Öwreniji
27 июн 2022, 16:51
Rigel,
Ylalaşýan, ýöne kimdir bir gyz joraň üsti bilen duýduryp bilersiň, oňada şu oglany gaty gowy görýän, gylyk häsiýetini haladym diýmek bilen, ýagny özüňe geljek gepden uzakda saklamak bilen. Gönüden göni söýýän diýip aýtsaň Rigeliň aýdyşy ýaly bolup biler. Esasy zat çekinmezlik. eden işiňide ökünmejek bol. Göni ýanyna baryp, oýundan aýdybam bilersiň.
Öwreniji
27 июн 2022, 16:56
Ýene bir zady aýdaýyn. Peýdasy degermi, ýa ýok. Şeýle diýip bilersiň, olam sözüň arasynda, Eger men oglan bolup, sen gyz bolan bolsaň, onda seni göni yrardym diýseň bolar
Ejegyz.
Автор 27 июн 2022, 16:58
Remezan,
?
Belki
27 июн 2022, 17:13
Ejegyz jan,gowmyñ? Ýitdiñ,kûýsetdiñ!
Galamyñ ýiti bolsun!Kämilleşibermeli.
Maña "Karanlık aşkın" 2-njisini ugratda gyz.Imodanam ýazdym öñ saña.
Şu gyzyñ oglana söz aýtmak meselesine garşy men.Hereketinde,sözünde söýýänligini bildirsin ýöne gönüläp aýtmasyn.Biriniñ üsti bilenem aýtmasyn.Remezan agamyñky ýaly "Oglan bolsam seni yrardym" dagy asla diýmesin.Toba :))
Eger oglanyñ gyza söýgüsi bar bolsa gyz hereketinde,sözlerinde duýduran wagty hökman söz aýdar.Söz aýtmadyk bolsa ýoklugydyr.Birem menä durmuş gurjak kişiñ mañlaýa ýazylýandygyna ynanýan.Eger ol mañlaýyñda bar bolsa ir-u giç söýgi başlar.Mañlaýyñda ýok bolsa söýşäýeñde-de ahmyrly galarsyñ.Durmuş gurmajak adamyñ bilen söýüşmek bolsa gerek däl.
Öwreniji
27 июн 2022, 17:21
Belki,
Dogry, ýöne kösenip arman galmasyn diýýän ???. Hakyky söýgi toýdan soň başlaýar, tanasaň, ýa tanamasaňda bir biriňe üýtgeşik täsir döreýär. men öňem toýdan soň söýgi diýýädim
Maksat
27 июн 2022, 17:22
Belki,
Eger oglan has çekinjeň, utanjaň bolsa, ýa-da doly karara gelmedik bolsa näme?!
Belki
27 июн 2022, 17:33
Keaip begcon,
Utanjañ,ýygra we aýgytsyz oglanlar bilen men-ä ykbalymy birikdirmek islemen.Sebäbi geljekde-de men onuñ ýerine dillenip ýörmeli bolaryn.Bu bolsa maşgaladaky deñagramlylygy üýtgeder.Maşgalanyñ baş sütüni (agramly tarapy) erkek bolsa gowy.
Maksat
27 июн 2022, 17:39
Belki,
Seniň şeýle islemezligiň oglanyň hökman söz aýtmalydygyny aňlatmaýar, şeýle dälmi?!
Belki
27 июн 2022, 18:31
Keaip begcon,
Diýjek bolýanym,şonuñ ýaly oglan söz aýtmaýanda-da bu meñ üçin ýitgi bolmaz.
Telwas
27 июн 2022, 18:44
Ejegyz, goşgyň ideýasy gowy. Ýazyber jigim kämilleşersiň, ÜSTÜNLIK!
Aýnur
27 июн 2022, 19:44
Beýan we aýan edermikä?! ... ))
OrazMuhammet Aşyrow
27 июн 2022, 20:44
Käte il ulus ýok ýere baryp ýüregiňdäki bar derdiňi sesiňe goşup gygyryp çykarasyň gelişi ýaly, awtor hem bar aýdasy gelýän sözlerini goşgy bilen beýan etmäge çalşypdyr öýüdýän. "Men aýtmaryn, aňmarsyň senem" diýip durmuşy kynlaşdyrýarlar...
Meryem
27 июн 2022, 21:04
Siziňkiler doğru hemmäňiziňki yøne menem yürekdäki zady aydayn diydim käte gyzlar søygide søyse yanaya .beyan edip bilmez gyz søyse näçe oğlan akmak bolubersin aydyp bilmez çünki gyz namus edyär
Ejegyz.
Автор 29 июн 2022, 18:52
Belki,
Ejegyz jan,gowmyñ? Ýitdiñ,kûýsetdiñ!
Galamyñ ýiti bolsun!Kämilleşibermeli.
Maña "Karanlık aşkın" 2-njisini ugratda gyz.Imodanam ýazdym öñ saña.

Salam bibi. Gowumy ýagdaýlaryňyz ? Şükür Hudaýa gowy-la menem. Wah nädeýin Wi-fi ýok.aglaya
Köp sagboluň !
Şahsy hatdan maňa nomeriňizi ugradyň ,indiki gelenimde ugradaýyn kitaby.
Ejegyz.
Автор 29 июн 2022, 18:53
Nirvana,
Minnetdar,köp köp sagboluň posa
Ejegyz.
Автор 29 июн 2022, 18:55
mrokas,
Käte il ulus ýok ýere baryp ýüregiňdäki bar derdiňi sesiňe goşup gygyryp çykarasyň gelişi ýaly, awtor hem bar aýdasy gelýän sözlerini goşgy bilen beýan etmäge çalşypdyr öýüdýän. "Men aýtmaryn, aňmarsyň senem" diýip durmuşy kynlaşdyrýarlar...


Ýok, ýalňyş düşünje.