MÜSÜRE SYÝAHAT-2

3-nji nota
Ine-de, Giza. Şol adybelli, köpleriň erkini alan, heniz hem syrly Giza. Aýdyşlaryna görä, Gizadaky piramidalary b.e. öňki V-IV asyrlarda parslar açypdyr. Olardan ilki rimlileriň hem giren bolmagynyň ähtimaldygy aýdylýar. Sebäp, Halyf Mamun Beýik piramida, ýagny Heopsyň piramidasyna gireninde, onuň özündenem öň kimdir birileriniň ol ýerde bolandygyny aýdypdyr.
Garagöz türkmenlerimiziň – saýtymyzyň agzalarynyň – nirede gören zady Heops. Aýratynam gyzlaryň. Kimsi selfi çekip başagaý, kimsi tiktoga düşüp. Gumly gelin gelneje bolsa, köne döwrüň adamsy-da, barsyny üýşüripjik, @geçip barýarka sowlandan haýyş edip, ýekeje ýadygärlik surata düşjekden. Bular bu ýerde keýp-solpudan çyksynlar. Çagalar onsuzam yssydan gaçyp yssa düşdüler ahbetin. Zat diýmeseň şü garaburç bilen wordless, Talyp gyz, Prenses04, Ogulşirin Baýramowa, Miss minnoş, Mona Songz, Enegül, Senýorita dagylar çägede heýgenek hem ýasanjak. Nairobyň bolsa, bularyň hiçisine pisindi oturanokmyş, “ýeke gezýä, zato çözýämiş”, betmiş, krutoýmyş. Granger şunça töwella edipdi, “Maňa gatna, çagam” diýip, ýöne Nairoby etmedi.
Aňyrda Oksimiron, Aksary, Döwsypat, Pocahontas, Bilgirje, Ejegyz, Esma dagylar piramidanyň içine girmek üçin terjimeçidir ýolbelet gözläp ýörler. Massimus olaryň ýanyna bardy-da:
– Agalar we uýalar, ine bu Hasan Abdul Latif Abdulmuhammadi. Ol biziň ýolbeledimiz we köp işlerimizde kömekçimiz bolar. Ýöne bir mesele ýüze çykdy. Hasan Abdul Latif Abdulmuhammadi dostumyz diňe müsürçe gepläp bilýän ekeni – diýdi. Aksary:
– Arap dilidir-ä bularyňkam. Biljek tapylmazmy bizde heý?
the_end:
– Сайтда современный моллаларымыз кёпди ахбетин.
Oksimiron:
– Bularyň dialekti tapawutly arapçadan. Arapça diýlen bolunsa-da, düýbünden iki dile bölübermeli arkaýyn.
Nirwana:
– Dogry aýdýaňyz, Oksimiron. Ine, Greýnjer bir zad-a diýýä.
Granger:
– Olag masgi dilinde gepleýägleg. Ýagny, “masgi” diýmek, “müsügçe” diýmek. Men düşünýän ol dile. Başagdygymdan kömek etmekçi.
Nirwana:
– Oksimiron, masri diýdigi öýdýän şul Greýnjeriň. Masri dilini bilýän diýýä.
Oksimiron:
– Çorbaň çorbasy boljak-da onda. Senem Greýnjeriň diýenlerini bize “terjime etjek” bolsaň... Hiç, düşünşeris.

Jeksparro: Hedenşowders şampunyny ulanyň. Nusga:
Do – meň saçym.
Posle – Rapunseliň saçy. Hi-hi.


Bular bir samalýot, ýagny iki awtobus bolup gelenleri üçin, onça adamyny birden salmadylar piramidanyň içine. Ikä bölündiler.

Daşardakylar.

Söýgüde Romeo hem rekord goýduk,
Leýdi Gaga bolsa, biziň fanadymyzmyşyn.
– diýip, gelýä aňyrdan, ine bir iki sany maço. Rigel Remezan aganyň äýnegini aldy-da, dakynyp seretdi:
– Agam, munyňyz-a yrgyldadyp görkezýä.
Remezan:
– Jigim, düşünmedim. Näme diýdiňiz?
– Ýagtylyk dereginden öte güýçli bolsa, görejimiziň tekizliginde amala aşjak fotohimiki reaksiýa has güýçli bolar we netijede 380-760nm aralykdaky göze görünýän ýagtylyk tolkunlaryny hem saýgaryp bilmeris, bu bolsa elbetde körlüge alyp barar. Sesiň gatylygy 130db-dan ýokarlanyp başlasa, ilki iki gulaga täsir edýän binoural effekt gulakda agyry döredip, ahyrynda kerlige alyp barar. Sürtülme güýji ýokarlansa, ýagny galtaşýan üstler has büdür-südürleşse, biz umuman hereket edip bilmeris. Şol sanda ynsan duýgulary hem aňry çäginden geçse, duýgusyzlyga alyp barar. Edil tertip belgisi 81-den ýokary bolan elementleriň öz-özünden radioişjeň şöhleleri goýberişi ýaly, bizem gadyrdanlarymyzyň durmuşyna şöhleler saçalyň. Özi ot bolup ýanyp, 6000K temperaturada bütün älemi ýagtyldýan Gün ýaly özümiz gyzsakda, kakalarymyzyň, ejelerimiziň, doganlarymyzyň, ýan ýoldaşymyzyň, çagalarymyzyň dünýäsini ýagtyldalyň.
Gauzen:
– Hakyky şol-a, Rigel. Dogry aýdýarsyňyz. Goşulýaryn.
Soho:
– Agam, ýaşlaryň diline düşüneniňden gadymy Müsüriň iýerogliflerini öwreneniň aňsat bolar. Ýörüň ho-ol ýere, kölegä geçeliň-de, oturaly ikimiz gowsy. Bularam näme, isleseler maşyn-maşyn oýnasynlar, isleselerem aýterek-günterek.
Ýaňky iki maço Bendtner bilen FanB ekeni. Göwünleri bir ýaly, “ýow” diýşip, aýdyma hiňlenip:
Madly searching for this fine shoddy
In my world the Number one hotiee
Every where she make 'em(them) go crazy
Gosta get me, he has not yet made it.

Gost bolsa, şo-ol gyzlardan gaçyp ýörşi. Bu ýerde-de gyzlar ony gününe goýmadylar. Diňe amerkankalaryň wkusy däl eken diýmek. Tüýs gyzlaň islegi, daýzalaň arzuwy diýilýänlerden.
Birdenem:
– Men, Akon. Men siziň baryňyza nalok salmaga geldim – diýip, Ahmedik_97 çykdy bir ýerden.
– Bol, hawa, hany, haýsyň jedele çykjak meň bilen? Size kysmat ýok diýdimmi? Ýok şol. Nokot. Düşdüň däm baryň. Indem z**bal etmäň, nerwä degip. Göwnüňize degenem bolsam, bagyşlaň. Nerwi ýaman, pul saman.
Khanture:
– Ee, bet ekeniň-ä, bro.
Kysmatyňdan gaçyp gutulyp bilmersiň.
Ahmedik bolup doglup,
Akon bolup ölmersiň.
– diýip, akyl satdy. Ahmedigiň muňa gyrra kakyny tutdy, gözi gyzardy, gygyryp:
– Näme üçin iminno men Ahmedik bolup doglup, Ahmedik bolup ölmeli? Näme üçin Býulent Ersoý, Býulent Erkoç bolup dogulmaly-da Býulent Ersoý bolup ölmeli? – diýdi-de, çäge peşedip ugrady.
Khanture nämäň nämedigine düşünip ýetişdi-de, ökjäni göterdi. Kimler piramidaň içine aýlanyp başagaý, bu ikisi bolsa, daşyna aýlandylar, kowalaşyp.
DonMax:
– Günüň aşagynda köp gezdirmäň diýdim şul ikisini – diýdi-de, 3-nji çilimini otlady.
Ol ikisi piramidanyň daşyna aýlanybersinler gaýdylýança.

Içerdäkiler.
Oksimiron, arkaç, mountain, Baýker, Ötegçi, Roma, the_end, ResulT bilen Resul., Aksary, menembiri, Gürgençli, Eziz, şoşo, Bilgirje, Caspion, MergenA, Tiko, Realist_01, Voyvoda, nurmuhammet, Mekan00 bilen Mekan..., Ejegyz, Elif, Xyiveniya_Babaýewa, Madina, Aýnur, Pocahontas, Nairobi, Esma, Nirwana, Granger, Margarita, My life, Ladybug, Ogulşirin Baýramowa, Senagul, Ulugyz, M-11, Döwsypat, Massimus we onuň täze dosty Hasan Abdul Latif Abdulmuhammadi dagylar hersi topbak-topbak aýlanşyp ýördüler.
Bir ýerlerden Walerýanka geldi:
– Bötmäň-dä meni. AskarBlýat etmäň-dä. Menem ilki girip, ilki gitjeg-eý. Ertirki we soňkularda-da nawrýatli çykaýsam. Dark wolf oňardy, Kair döwlet kitaphanasyna gidip.
Massimus:
– Uýajygym, jadygöý Germiona, mümkin bolsa, Hasan Abdul Latif Abdulmuhammadidan şu däliziň nirä alyp çykýanyny, özüniň bolsa gysgarak adyny sorap beräýiň.
Granger Hasan Abdul Latif Abdulmuhammadidan masriça sorady:
– Jenap Hasan Abdul Latif Abdulmuhammadi, ine buh jenap Mahsimuhs sizden şuh dähliziň nihä eltýänini we sihziň gyhysga ahdyňyzy sohaýah.
Hasan Abdul Latif Abdulmuhammadi öz masriçasynda bir zatlar-a diýdi. Granger:
– Massimus akga, Hasan Abdul Latif Abdulmuhammadi däliz tupige digeýäg diýýä. Adymy bolsa doly tutulsa halaýan diýýä.
Massimus:
– Ýedi arkasy bilen sanamak hökmanmyka her gezek ýüzlenilende. Her ýerde intiresni adamlar bar-aýt.

Bu patok çykdy, soňra ikinji patok girdi. Ilki bilen FanB bilen Bendtner iki ellerini 50 sentiňki ýaly edip, “ýow” diýip girdiler Heopsyň girelgesinden. Ötegçi bilen Gost ellerini bir-biregiň egninde goýup (bu ikisi haçan dogan okaşyp ýetişdiler, men kontužed), SadMan, MerdanGeldiýew; Hemedany, Hiayress we Keaip begcon (gözlerime ynanamok bularam aýrylmaz dost), State, Gizlin666, Seri, Gauzen, Soho, Remezan, Rigel, garaburç, Senýorita, Mona Songz, wordless, Dani, Miss minnoş, Jeni, Xyivenia, Prenses04, Talyp gyz, Kind boy, biohimik, DonMax, Kwadrat kelle, Mähek (geň, poka mundan ses-üýn ýok, apy-tupanyň öň ýany hem howa şeýle bolýa), Gumly gelin gelneje we ýene-de Granger we Massimusyň täze dosty Hasan Abdul Latif Abdulmuhammadi dagylar Heopsyň içine aýlandylar.
Germiona bende aňkasy aşyp gitdi. Gije düýşünde basyrganyp, Hasan Abdul Latif Abdulmuhammadi diýip samrap durmaly boldy (Nirwananyň dat gününe, komnatdaş ikisi, sabyr bersin bendä). Gumly gelin gelneje-de gaýdyp ýaşlara baş bolmajakdygyny öz ýanyndan berk belläp goýdy, toba etdi.

Nurýüpek matalar dükany size öz matalaryny hödürleýär. Millionlyk gülýüpeklere arzanladyş, 2 mitir 2 santysy 1000 manat.
(Ýa sabyr, ady million-lyk bolsa-da, skitkada 4-5 milliona goýlan ýeke-täk mata. Türkmenlerimizi ne güne saldyň sen, gülýüpek. Adyňa döneýin, Gülýüpek)


Birinji patokdakylar daşarda aýlanşyp ýördüler, kimsi bloknodyna ýazgy edýär gören-eşdenlerini, kimsi telzametkasyna, kimsi bolsa kamera düşürýär. Bir haýukdan soň:
– Näil-ow, biderekler. Biderek ýaşap ýörsüňizmi? Ýadamadyňyzmy-aý Ýere agram salmakdan? Mä:ň, Menem 1-2 günlüjek tutup, saklap beräýiňdä, men gaçyp gideýinle – diýip, Nairoby, geçip barýarka sowlan, Jeksparro üçüsi gapdaldan geçip barýardylar. Jeksparro:
– Kantužlar sözünem goşsana.
Nairoby:
– Biderekler, kantužlar diýip owadanlamasanaň dosowlan. Pituh byr topar diýseňizle. Myžžygy çykan tomzoklar. Durmalyň-leý şulaň ýanynda, özüme gelişdiremok-da heýç – diýdi-de, hiç zat bolmadyk ýaljak, müsürlilere öýkünip, leňňeç ýaljak bolup gapdallykgan ýöräp gitdi (Elbetde, müsürliler gapdallykgan ýöränok, suratlar, taryh aňyny alypdyr bendäň).
Elif:
-Haý akylsyz diýsänim…Bular üçüsi kösenşip gapdallygyna ýöräbersinler, göni ýöräňde haýry näme, hol-ha ol ikisine bir serediň.

Ahmedik_97 bilen Khanture bolsa, şo-ol aýlanyp, kowalaşdym oýnap ýördüler. Arasynda Ahmedik:
Khanture dost, biraz dynjymyzy alaly, soň sen meni kowalap başla – diýýär.
Soňra ýene şo-ol aýlandylar durdular, aýlandylar durdular...


Produser: Nirvana Režisýor: Granger Ssenariniň awtory: @näbelli6
8 лайков 583 просмотров
60комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
29 июн 2022, 11:36
Bagyşla welin munyňa juda içgysgyň we manysyz...
Müsürçe däl kybtyça... ;)
#B.S
29 июн 2022, 11:37
Hemedany
Aýrylmaz dost Gaýyp Begjan :D

Hälem adyny türkmençeleşdirenim bolmasa Keaip begcon diýip ýazmak kyn... ;)
Resul
29 июн 2022, 11:38
Hmmm ?
#B.S
29 июн 2022, 11:43
Wiýn akmak özümi gadymy müsürde öýdüpdirinä ;))
Massimus
29 июн 2022, 11:47
Granger ikimiziň täze dostumyz Hasan Abdul Latif Abdulmuhammadi.
Germiona "R" aýtmany öwgedeli :))
#B.S
29 июн 2022, 11:48
Arasynda Ahmedik:
Khanture dost, biraz dynjymyzy alaly, soň sen meni kowalap başla – diýýär.

Toba estagfurillah...
#B.S
29 июн 2022, 11:49
Massimus,
Gegmiona Fgansuz bolsa gegek ;)))
Ötegçi
29 июн 2022, 11:49
Khanture bn Ahmedik=Tom bn Jerry swist
Ötegçi
29 июн 2022, 11:50
Ee, bet ekeniň-ä, bro. 
Kysmatyňdan gaçyp gutulyp bilmersiň. 
Ahmedik bolup doglup, 
Akon bolup ölmersiň.  hehehe
#B.S
29 июн 2022, 11:50
Piramidany bara türkmenler guran özem ol Faraonlaryň mazary däl. Äpet elektr alynýan elektrostansiýa... ;)
Ötegçi
29 июн 2022, 11:51
Germiona bende aňkasy aşyp gitdi. Gije düýşünde basyrganyp, Hasan Abdul Latif Abdulmuhammadi diýip samrap durmaly boldy hitry (Nirwananyň dat gününe, komnatdaş ikisi, sabyr bersin bendä). hihi
#B.S
29 июн 2022, 11:51
Ötegçi
Khanture bn Ahmedik=Tom bn Jerry swist

Gowy meňzetme brawo
Öwreniji
29 июн 2022, 11:52
Ýene bir perewodçik alaý Bilýän bar eken
Ötegçi
29 июн 2022, 11:59
A meñ müsure gitmek üçin bazzyk buzzuklap arap dilini gutaranlar bn oñarsam oñarmasam gurleşjek bolup yorenmi bilen ýok eken eeey
Telwas
Автор 29 июн 2022, 12:00
Khanture
Bagyşla welin munyňa juda içgysgyň we manysyz...
Müsürçe däl kybtyça... ;)

Awtora duýdurarys muny.
Telwas
Автор 29 июн 2022, 12:01
Hemedany
Khanture,
Arapça terjimä meni goşaýmaly. Atdaş imoda görensiňä :)

Indiki bölümlerde sizi terjimeçi ederis.
Telwas
Автор 29 июн 2022, 12:02
Ötegçi
A meñ müsure gitmek üçin bazzyk buzzuklap arap dilini gutaranlar bn oñarsam oñarmasam gurleşjek bolup yorenmi bilen ýok eken eeey

Aýdaýmalyda :)
Maňada öwrediň Arapça.
Ötegçi
29 июн 2022, 12:06
Nirvana, öwrenjeden öwrenen bolarsyñyzda swist
Telwas
Автор 29 июн 2022, 12:07
Hemedany
Nirvana,
Terjimeçilik hökmanam däl aslynda. Ýöne müsüriň şyhlaryny görsem bolýa :)


Görjegiň şyh bolsun, seni bir gün zyýarata alyp gideris ýanlaryna. Dark_Wolf ýaly başyňy çarapjyk gidäýmeli-dä sen dagyn. Illerä ýeke özi kitaphana gidip bela ýaljak. :)
Telwas
Автор 29 июн 2022, 12:09
Ötegçi
Nirvana, öwrenjeden öwrenen bolarsyñyzda swist

Zyýany ýok. Bir zat edip heriňizden bir dil öwrensem bolýar.
Suleyman
29 июн 2022, 12:14
Gowy düzülipdir. Wäşiligi ýeterlik. Dowamy bolar-a?

Iň bolmanda şular ýaly ertekilerde görüp galýas agzalaryň agzybirligini...
Bentner
29 июн 2022, 12:24
Daş bolupdyr klawiaturaň bady yatmasyn
Telwas
Автор 29 июн 2022, 12:25
Hemedany
Nirvana,
Başyma selle sararyn. Iň uly arzuwym şyhlar bilen söhbet edinmek. Kitaphanada soň giderisdä :)

Bu syýahatda ýetersiňiz nesip bolsa şol arzuwyňyza. Başga-da Müsür bilen bagly arzuwlaryňyzy bar bolsa ýazyp goýuň. Olaram ýol ugra amala aşyryp bereliň :)
Telwas
Автор 29 июн 2022, 12:26
Dark_Wolf
Gowy düzülipdir. Wäşiligi ýeterlik. Dowamy bolar-a?

Iň bolmanda şular ýaly ertekilerde görüp galýas agzalaryň agzybirligini...


Siz isleseňiz hökman bolar dowamy.

:) şu hekaýada-da oňuşmaýanlar bar.
Telwas
Автор 29 июн 2022, 12:28
Bendtner
Daş bolupdyr klawiaturaň bady yatmasyn

Hawa şony aýdyň, klawiaturasynyň bady ýatmawersin.
#B.S
29 июн 2022, 12:29
Men müsürde M. Salahy görjek we özem gost bilen bentder agzalardan öňünçä ;))) soňam olaryň içini ýakjak ;)))
Telwas
Автор 29 июн 2022, 12:34
Khanture
Men müsürde M. Salahy görjek we özem gost bilen bentder agzalardan öňünçä ;))) soňam olaryň içini ýakjak ;)))


Şony görmegi menem isleýän. Sizden öň men görüp, siziň içiňizi men ýakaýyn-la :)
Senyorita.
29 июн 2022, 12:35
Bäý-bä, dekimize gezip bilmeýän ekenik hijimiz :))
Telwas
Автор 29 июн 2022, 12:36
Hemedany
Nirvana,
Nesip bolsa bolar şul arzuw. Birileri "No God" diýip çykmasa şyhlar bilen mydar ederin.


Diýjegem dostuňdyr-da.
#B.S
29 июн 2022, 12:36
Nirvana,
Senemä...