…✍?


Biri siziň göwnüňize degende, gynandyranda, gaharyňyzy getirende ýada ýarty ýolda ýeke taşlanda ýa bolmasa aldanda belki, arzuwlaryňyzy puja çykaranda ol adama edil şolaryň öz başyna gelmesini dilemän gahar bilen oňa garşy durup bilmek gör nähili kyn. Şeýle dälmi?
Edil şol pursat iň esasy duýjak duýgularyňyzdan biri siziň janyňyz ýanyşy ýaly onuňam janynyň ýanmagy, siziň başdan geçirýän duýguňyzy başdan geçirip jezasyny çekmegi.
Ýeri, bu duýgularyň içinde wagtyňyz özüňizi nähili kontrol edersiňiz ýa-da erbet duýgulardan nädip uzaklaşarsyňyz?
Ar almak. Örän gowy pikir ýaly bolup görünse-de erbetlik etmezlik, janyňyzy ýakan adama meňzemezlik üçin bu duýgudan geçiň. Ar sizi kiçelder, janyňyzy ýakan adama meňzeder we puşman etdirer. Şeýlelikde, erbet adama öwrülersiňiz. Şol pursat mert bolup, şol durşynyza duruň. Beýle sessiz durup araçägiňizi goramak siziň gorkak ýa-da sam’sykdygyňyzy aňlatmaýar. Diňe siziň herekediňiziň dogry, sylagly we mertdigiňizi aňladýar. Siz sessiz galyp, garşyňyzdakyň gazanmagyna däl, eýsem onuň derejesine düşmän uly bir jeza berdigiňiz bolar.
Pikirlenip görüň, gaharyňyza ar almak size näme gazandyrýar we sizden näme ýitirýär?
Ynanyň, ar almagyň netijesinde ýitirjekleriňiz gazanjaklaryňyzdan kän bolar. Bilýän, ar alman sesiňi çykarman durmak aňsat däl. Her nähili derejede kyn hem bolsa we näçe öjükdirseler öjükdirsinler, asla pikirlenmän hereket etmäň, ar almaga synanyşmaň. Başarsaňyz ol adamy ondan soňra durmuşyňyzdan çykaryň. Ýöne gaharyňyza erk edip araçägiňizi goraň. Ynanyň araçägi goramagyň lezzeti ar almagyň lezzedinden has gowudyr. Unutmaň, her kim özüne gelişýän herekedi eder.
Ynjydylyp nä derejede gaharly bolup erbet daramak, sögüşmek, ar almak durmuşda ýitirýänlere degişlidir. Gazanýanlar bolsa, batyrgaý mert bolup diňe uzaklaşýarlar.

13 лайков 502 просмотров
51комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Suleyman
30 июн 2022, 21:35
Ten ýarasy biter. Dil ýarasy bitmez.
Harmony
30 июн 2022, 21:41
Ignor iň gowusy.
#B.S
30 июн 2022, 21:45
Granger
Ignor iň gowusy.

Blok bolanokmy? ;)
Harmony
30 июн 2022, 21:47
Khanture
Granger
Ignor iň gowusy.

Blok bolanokmy? ;)

Realda ýog-a ol. :)
ajy
30 июн 2022, 22:02
Men-ä zeýrenip kõp gepläp özümi kõşeşdirýän gaharym gelse. soñ dury kelle bilen täzeden pikirlenýän
Harmony
30 июн 2022, 22:13
Hemedany
Sabyr etmek iň ajysy welin, sabyr edýäkäň şükir etmek hasam ajydyr.

Şükür etmegiň nämesi ajy?
Jeni
30 июн 2022, 22:18
Mende kop bolya shu yagday.Kyn yeri ol men durmushudan cykaryp bilmejek adamym.nache sylashygy yitirman saklajak bolyan bolanok.koplench yeke ozim aglayan hyyalymda ozinden beterrak bolup janyna batayjak zatlary jemlap indikide aydaryn diyip indikide yenede gownune degmekden gorkyan.
Ol sen gownune degmekden gorkanoga ? Diymeginiz mumkin.
Men oz yakynlam bn kineli yagdayda gezip bilemok guna mende bolmasada yene ejiri ozim chekyan.
ajy
30 июн 2022, 22:20
Bu mowzugy birzada esaslanyp açdyñmy?
Harmony
30 июн 2022, 22:23
garaburc
Bu mowzugy birzada esaslanyp açdyñmy?

"Mowzuklamda her kim özüni tapsyn" diýerdi.
Telwas
Автор 30 июн 2022, 22:25
garaburc
Men-ä zeýrenip kõp gepläp özümi kõşeşdirýän gaharym gelse. soñ dury kelle bilen täzeden pikirlenýän


Zeýrenip nähili köşeşilýär?
Telwas
Автор 30 июн 2022, 22:26
Jeni
Mende kop bolya shu yagday.Kyn yeri ol men durmushudan cykaryp bilmejek adamym.nache sylashygy yitirman saklajak bolyan bolanok.koplench yeke ozim aglayan hyyalymda ozinden beterrak bolup janyna batayjak zatlary jemlap indikide aydaryn diyip indikide yenede gownune degmekden gorkyan.
Ol sen gownune degmekden gorkanoga ? Diymeginiz mumkin.
Men oz yakynlam bn kineli yagdayda gezip bilemok guna mende bolmasada yene ejiri ozim chekyan.


Ejir çeker ýörersiňiz bu bolşuňyz bilen…
Telwas
Автор 30 июн 2022, 22:26
garaburc,
Granger
garaburc
Bu mowzugy birzada esaslanyp açdyñmy?

"Mowzuklamda her kim özüni tapsyn" diýerdi.



Ine jogabym şu.
Açmaýynmy? :)
ajy
30 июн 2022, 22:26
Granger,
kim diýerdi?
ajy
30 июн 2022, 22:27
Nirvana,
Aý şo öz özüme zeýrenýän men-ä.. :)
Hiayress
30 июн 2022, 22:28
Şu miflerdenem adam gutulsa bir gün.))
Telwas
Автор 30 июн 2022, 22:28
Öz etiňi özüň iýmegiňe gerek ýok. Uludan dem alyp ber, köşeşersiň.
ajy
30 июн 2022, 22:29
Nirvana,
islän mowzugyñy aç joram :)
ýok, ýöne sorag boldydeý meñkä
Telwas
Автор 30 июн 2022, 22:29
Dark_Wolf
Ten ýarasy biter. Dil ýarasy bitmez.

Şeý diýilýär welin, ten ýarasam bitäýenok, şoňam yzy galýar.
Telwas
Автор 30 июн 2022, 22:30
Granger
Ignor iň gowusy.

Hawa.
Harmony
30 июн 2022, 22:30
Hiayress
Şu miflerdenem adam gutulsa bir gün.))

Ine sen gutuldyňam-da, hiý bir üýtgeşme barmy ýa jübiňde puluň köpeldimi?
Telwas
Автор 30 июн 2022, 22:31
Hiayress
Şu miflerdenem adam gutulsa bir gün.))


Bar sen mif bolmadyk ýazgylaryňa güýmen :)
Telwas
Автор 30 июн 2022, 22:33
Granger
Hiayress
Şu miflerdenem adam gutulsa bir gün.))

Ine sen gutuldyňam-da, hiý bir üýtgeşme barmy ýa jübiňde puluň köpeldimi?


Şu Hiayress bilen men bir gün gowy çekeleşesim gelýär şu psihologiki temalarda. Özem gürletseň psihologiýa düşünýän diýýär welin, käbir psihologiki temalarda “mif” sözüni aýdym edip aýdýar.
...
30 июн 2022, 22:33
Nirvana
Öz etiňi özüň iýmegiňe gerek ýok. Uludan dem alyp ber, köşeşersiň.

Kelläni şoña öwrenişdirmeli özä..
...
30 июн 2022, 22:34
mif näme diýmek ol?
Harmony
30 июн 2022, 22:37
Nirvana
Granger
Hiayress
Şu miflerdenem adam gutulsa bir gün.))

Ine sen gutuldyňam-da, hiý bir üýtgeşme barmy ýa jübiňde puluň köpeldimi?


Şu Hiayress bilen men bir gün gowy çekeleşesim gelýär şu psihologiki temalarda. Özem gürletseň psihologiýa düşünýän diýýär welin, käbir psihologiki temalarda “mif” sözüni aýdym edip aýdýar.

Maslahat beremok))
Hiayress
30 июн 2022, 22:39
Granger,
"Her kim özüne mätäç zadyň aladasyny eder" diýýär.))
Harmony
30 июн 2022, 22:42
Hiayress
Granger,
"Her kim özüne mätäç zadyň aladasyny eder" diýýär.))

Hak aýdýaň. Freýdiň ilkinji we iň esasy pasiýenti onuň özümiş))
Maksat
30 июн 2022, 22:44
Umuman bütinleý tema: Ar almaň, mert boluň.
Harmony
30 июн 2022, 22:45
Hemedany
Granger
Hemedany
Sabyr etmek iň ajysy welin, sabyr edýäkäň şükir etmek hasam ajydyr.

Şükür etmegiň nämesi ajy?

Diýjek bolýanym. Kynçylygy başdan geçirip durkaň ajy beriji bolýa. Şonda nebsiňe haý diýip şükür edip başarsaň hasam ajydyr.

Düşündim. Emma şükür etmek meni rahatladýar.
Telwas
Автор 30 июн 2022, 22:49
Nirvana
Şükür etmek nähili ajy bolýara? Ajy bolanda nähili duýgyny başdan geçirýäň, şükür edýän wagtyň?
Taryp edäý, düşündiräý.