…✍?
Biri siziň göwnüňize degende, gynandyranda, gaharyňyzy getirende ýada ýarty ýolda ýeke taşlanda ýa bolmasa aldanda belki, arzuwlaryňyzy puja çykaranda ol adama edil şolaryň öz başyna gelmesini dilemän gahar bilen oňa garşy durup bilmek gör nähili kyn. Şeýle dälmi?
Edil şol pursat iň esasy duýjak duýgularyňyzdan biri siziň janyňyz ýanyşy ýaly onuňam janynyň ýanmagy, siziň başdan geçirýän duýguňyzy başdan geçirip jezasyny çekmegi.
Ýeri, bu duýgularyň içinde wagtyňyz özüňizi nähili kontrol edersiňiz ýa-da erbet duýgulardan nädip uzaklaşarsyňyz?
Ar almak. Örän gowy pikir ýaly bolup görünse-de erbetlik etmezlik, janyňyzy ýakan adama meňzemezlik üçin bu duýgudan geçiň. Ar sizi kiçelder, janyňyzy ýakan adama meňzeder we puşman etdirer. Şeýlelikde, erbet adama öwrülersiňiz. Şol pursat mert bolup, şol durşynyza duruň. Beýle sessiz durup araçägiňizi goramak siziň gorkak ýa-da sam’sykdygyňyzy aňlatmaýar. Diňe siziň herekediňiziň dogry, sylagly we mertdigiňizi aňladýar. Siz sessiz galyp, garşyňyzdakyň gazanmagyna däl, eýsem onuň derejesine düşmän uly bir jeza berdigiňiz bolar.
Pikirlenip görüň, gaharyňyza ar almak size näme gazandyrýar we sizden näme ýitirýär?
Ynanyň, ar almagyň netijesinde ýitirjekleriňiz gazanjaklaryňyzdan kän bolar. Bilýän, ar alman sesiňi çykarman durmak aňsat däl. Her nähili derejede kyn hem bolsa we näçe öjükdirseler öjükdirsinler, asla pikirlenmän hereket etmäň, ar almaga synanyşmaň. Başarsaňyz ol adamy ondan soňra durmuşyňyzdan çykaryň. Ýöne gaharyňyza erk edip araçägiňizi goraň. Ynanyň araçägi goramagyň lezzeti ar almagyň lezzedinden has gowudyr. Unutmaň, her kim özüne gelişýän herekedi eder.
Ynjydylyp nä derejede gaharly bolup erbet daramak, sögüşmek, ar almak durmuşda ýitirýänlere degişlidir. Gazanýanlar bolsa, batyrgaý mert bolup diňe uzaklaşýarlar.
51комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.