Alternatiw Taryh teoriýalary
Aşakdaky aýtjak zatlarymyň barsy diňe ýöne bir çaklama we hiç bir ýagdaýda hakykat bolmaga dalaşgärlik edenok.
I. Taryha müň ýyl goşuldymy? Häzir 1022-nji ýylmy?
Alternatiw taryh teoriýalarnyň käbirine görä taryha goşmaça müň ýyl goşulan eken. Häzirki wagtda biz Gregorian kalendaryny ulanýarys. Ol Kalendar Isa alaýhyssalamyň doglan wagtyndan gaýdýar. Häzir bize şol kalendar boýunça 2022-nji ýyldygy aýdylýar.
Taryha müň ýyl artdyrylmazyndan ozal taryhy materriallarda ýyllary bellik edenlerinde ýylyň öňünden I ýa-da J harpyny ýazypdyrlar. Munuň manysy Isa ýagny iňlisçe Jesus atlarnyň baş harplary. Meselem: I675 bu Isa pygamberden 675 ýyl geçdi diýen manyny berýär. Resmi taryhçylar bolsa myny bize 675-nji ýyl dälde 1675-nji ýyl diýip düşündirýärler we bar zady bulaşdyrýarlar.
II. Hijri kalendaryna hem müň ýyl goşuldymy? Siwilizasiýamyzyň taryhy çyndanam 300 ýylmy?
Meniň pikirimçe hawa goşulan. Resmi taýdan häzirki wagtda hijri kalendarynda 1444-nji ýyl. Ondan hem müň ýyly aýyrsak 444-nji ýyl bolýar. Resmi taryhyň berýän maglumatyna görä hijri kalendary 622-nji ýyldan gaýdýar. Biz muny dogry diýip hasaplaly.
Men ateizm barada biraz öwrenmek üçin ateizm barada bir ýutub kanalyny yzarladym. Şondaky wideolaryň birinde aýdýa Muhammet pygamberiň bir hadysy bar diýdi. Ol hadysda Muhammet pygamber (s.a.w) aýdanmyşyn "ýüz ýyldan soň ýer ýüzünde hiç zat galmaz" we şol hadysy ýalan eýle beýle tankytlaýady... (Googledan gözläp görüň: Hiçbir nefis sahibi canlı yoktur ki, üzerinden yüz yıl geçsin veya yüz sene sonra yeryüzünde kimse kalmayacak)
Egerde bu hadys bar bolup, olam dogry bolsa Muhammet pygamberden ýüz ýyl soň bäşinji siwilizasiýa tamamlanyp altynjy siwilizasiýa geçilen bolmaly we ondan bärem Rahman Zulfikarowyň aýdyşy ýaly 300 ýyl geçendir. Diýmek Muhammet pygamber (s.a.w) bizden 400 ýyl ozal ýaşan bolsa Hijri kalendaryna hem müň ýyl goşulan diýen netijä gelmek mümkin.
III. Artdyrlan we aslynda bolmadyk taryhy wakalar.
Taryha müň ýyl goşmaça goşulany dogry bolsa onda taryha resmi taryhçylarmyz tarapyndan aslynda bolup geçmedik wakalar we şahslar goşulan bolmaly. Meselem Çingiz Han. Saha dilinden Çigis ýa-da Çys sözleri sowuk we aýaz diýen manyny berýär. Olar Aýaz baba Çys han diýýär. Käbir teoriýalara görä 5-nji siwilizasiýa döwründe gyş bolmadyk. Meselem Gurhany Kerimde "gar" barada hiç hili gürrüň ýok ýa-da XVIII asyrdan ozalky çekilen suratlarda gyşy ýada gary görmek mümkin däl hemem adamlar ýuka eşikler geýendigi şekillendirlen.
Ýadro ýaragy bilen bäşinji siwilizasiýa tamamlanandan soň howa kem-kemden sowap ugran bolmaly we demirgazykdan günorta göçüş başlan bolmaly. Olar ýagny göçmençi tireler özlerniň "Çys han"-dan (ýagny sowukdan) gaçyp gelýändiklerni aýdandyr. Soňam şonuň esasynda Çingiz han diýen taryhy şahs oýlanyp tapylandyr. Onsoňam Çingiz hanyň ölüm sebäbi barada dürli çaklamalaryň bolmagy onuň real şahs bolandygy hakynda şübhelerimi artdyrýar.
Ýuliý Sezar Isa alaýhyssalam esasynda oýlanyp tapylan toslama şahsmy?
Ýuliý Sezaryň ady ýewropa dillerinde Julius Ceasarus şekilinde ýazylýar. Isa alaýhyssalamyň ady bolsa Jesus Christ şekilinde ýazylýar. Ýagny ikisihem J. C.
Ýyliý Sezar resmi maglumatlara görä Isa alaýhyssalam bilen arasy onçakly uzak däl. Onuň hem Gregoriýan kalendaryna meňzeş Ýulian kalendary bolupdyr. (Şu ýerde bir bir multfilm ýada düşdi :) şol multfilmde Julian atly biri Ýanwar aýyny Julianwar (Ýulianwar) diýip üýtgetdim diýýä :))
Ýuliý Sezar:
1. Galliýa hüjüm etdi
2. Rubicon derýasyndan geçdi
3. Garşydaşy Pompeýdi
4. Antoni we Kuiro ilkinji öwrenjileri
5. Gije Nikodemes bilen görüşdi
6. Rim senaty bilen gidişýädi
7. Brutus oňa haýynlyk etdi
8. Özüni Rim hökümdary yglan etdi
9. Sezar ýyldyzy bilen mukaddesleşdirildi
10. Tagtynda pyçaklanyp öldirildi
Isa Alaýhyssalam (hristian dinine görä):
1. Jelilä (Galile) gitdi
2. Iordan derýasyndan geçdi
3. Garşydaşy çümdüriji Ýahýady
4. Piter we Endrýu (Andreus) ilkinji hawarylarydy
5. Gije Nikodemus bilen görüşdi
6. Ýahudy senaty (Saddukeýler we ş.m) bilen gidişýärdi
7. Ýahuda Iskariot oňa haýynlyk etdi
8. Özüni ýahudylaryň hökümdary yglan etdi
9. Beýtullaham ýyldyzy bilen mukaddesleşdirildi
10. Haça çüýlenip öldürildi
Bulardan başgada häzirki wagtda hristian dininiņ merkeziniň Rimde bolmagy we Ýuliý Sezaryň Rimde doglanyny hem goşmak mümkin.
Mundan başgada Anatoliý Fomenkonyň täze hronologiýa teoriýasynyň garaýşlarna ser salaly.
1. Kanuny Soltan Süleýman bilen Süleýman pygamber aslynda bir adam (Garynja bilen Süleýman alaýhyssalam) (Kanuny we garynja "Kanuni şöyle diyordu hocasina: Meyve ağaçlarini sarinca karinca Günah varmi karincayi kirinca? Hocasi Ebussuud cevap verdi: Yarin Hakk'in diyarina varinca Süleymandan hakkin alir karinca")
2. Ierusalim aslynda Istanbul şäheri
3. Isa alaýhyssalam aslynda Wizantiýa Imperatory Andronikos I bolup ol 1183-1185-nji ýyllarda Ýoros galasynda hökümdarlyk edipdir
4. Troýa söweşi we hrustian haçly ýörişleri aslynda bir taryhy wakadyr we ikiside Ýoros galasynda bolup geçipdir
5. Fatih Soltan Mehmed (Mhmd) aslynda Muhammet (Mhmd) pygamberdir
6. Musa pygamber osmanlylaryň hany bolupdyr
7. Müsürdäki piramidalary aslynda türkler gurupdur (Mundan daşary Hytaýdaky Hytaý hökümeti tarapynda gizlenýän piramidalary hem türkleriň gurandygy barada maglumatlar bar Googledan gözle: Çin'deki Türk piramitleri)

23комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.