Türkmenistanyň taryhynda ösen lukmançylyk.
Orta asyr çeşmelerinden belli bolşy ýaly, Türkmenistanyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň boýundaky şäherleri özleriniň hassahanalary – maristanlary bilen meşhur bolupdyrlar. Olar diňe bir bejeriş jaýlary bolman, lukmançylyk mekdepleriniň sahawat edaralarynyň işlerini hem özlerinde utgaşypdyrlar. Olar daşky görnüşleri we ýerleşişleri boýunça merkezinde, adatça, suw howdany bolan uly içki howluly orta asyr medresesini ýatladýarlar. Maristanlara diňe bir ýerli ýaşaýjylar däl, eýsem, ýolda näsaglan ýolagçylar üçin ýüz tutupdyrlar. Haýsydyr bir meşhur lukman ýaşan ol ýa-da beýleki şäherlere adamlar uzakdaky künjeklerden ýörite kerwenler bilen gelipdirler. Biruni we Awisenna (Ibn Sina) ýaly bütin dünýä belli lukmanlar we alymlar hem hut şu maristanlarda öz amaly işlerini alyp barypdyrlar.
Gadymy türkmen şäheri Köneürgençde deň-duş bolan bu alymlaryň ikisi hem Horezm şasy Mamun II köşgünde işläpdirler, bu şäherde XI asyryň ähli gündogar ylmynyň meşhur alymlary ýygnanan köşk akademiýasy 1017-nji ýyla çenli işläpdir. Ondan bäri tutuş müň ýyl geçen hem bolsa, olaryň işleri häzire çenli gaýta-gaýtadan neşir edilýär. Meselem, “Farmakognoziýa” ylmy işi özünde dermanlyk ösümlikleriň sanawyny saklaýar. Bu işiň çeşmeleri iki ýarym müňe golaý pars, grek, siriýa we hindi golýazmalary boldular. Beýik ensiklopedik alym Ibn Sinanyň Köneürgençde ýaşan döwürleri ýazan “Lukmançylyk ylymlarynyň kanunlary” atly bäş tomluk zähmeti dünýäde aýratyn bellidir. Bu ylmy işde lukmançylygyň arassaçylygy hem öz içine alýan ähli bölümleri bar. Ol bu eserinde çagalary kesellerden nähili goramak hakda ýazypdyr, häzire çenli gyzyklanma döredýän agyr keselleriň ençemesini bejermek boýunça anyk düşündirişler beripdir. Ol özüniň tejribesini we lukmançylyk hünäriniň mazmunyny “Lukmanda üç ýarag: söz, ösümlik, pyçak bardyr” diýip, gysga kesgitlemede beýan edipdir.
Orta asyrlarda ähli musulman dünýäsinde bolşy ýaly, Türkmenistanyň çägindäki şäherlerde hem lukmançylyk teologiýa, tebigat, matematika, taryh, geografiýa we edebiýat bilen bir hatarda umumy bilimiň möhüm bölegi bolupdyr. Köneürgençde, Merwde we Nusaýda XII asyra çenli bu ugurdaky gadymy bilimleri saklaýan we ösdürýän lukmançylyk mekdepleri we hassahanalary bolupdyr. Olar Ispaniýada, Italiýada, Germaniýada we Fransiýada lukmançylygyň ösdürilmegine düýpli täsir edipdir. Orta asyr Ýewropasynda lukmançylyk ylmynyň kemala gelmegine IX — XI asyrlardaky gündogar awtorlarynyň latyn diline geçirilen ylmy işleri aýratyn gymmatly çeşmeler bolupdyr.
Merwde lukmançylyk ensiklopediýasynyň awtory Ali ibn Sahl Rabban (XI asyr) we onuň döwürdeşi Ibn Musa ýaly görnükli lukmanlar ýaşapdyr. Ibn Musa özünden soň iýmitlenmegiň, suw bilen bejermegiň düzgünlerine, gan goýbermegiň ýörelgelerine, farmokognostika hem-de birnäçe dermanlyk ösümliklere häsiýetnama berýän botanika işleri galdyrypdyr. Lukmançylyk sungatynyň ösmegine milli lukmançylygyň esasyny goýujy, Gündogar lukmançylygynda düýpli yz galdyran Seýit Ysmaýyl Gürgenli (1057 — 1137) uly täsir edipdir. Ol ömrüniň soňky ýyllaryny Merwde Soltan Sanjaryň köşgünde geçiripdir.
Olar hirurgiýa, oftalmologiýa, farmakologiýa, weterinariýa degişli işleri ýazypdyrlar, himiýany we botanikany öwrenipdirler, terapewtika, psihiatriýa lukmançylygyň taryhyna degişli birnäçe ylmy işleri düzüpdirler, şeýle hem amaly lukmançylyk bilen meşgullanypdyrlar. Olar özleriniň beýleki kärdeşleri we döwürdeşleri ýaly, epidemiýanyň öňüni almak maksady bilen, tejribäniň esasynda ýokanç keselleriniň ýaýramagynyň ýollaryny tapmaga synanyşypdyrlar.
Merwiň tebigaty öwrenijileri gerbarileri we minerallary ýygnamak, olara häsiýetnama bermek we ulgamlaşdyrmak bilen meşgullanypdyrlar. Al-Andalusdan (Ispaniýa) bolan meşhur arap alymy-botanigi, farmasewti we lukmany Ibn al-Baýtar XIII asyryň birinji ýarymynda mongollaryň çozuşynyň öň ýanynda Merwiň kitaphanalaryndan äkidilen golýazma kitaplaryndan peýdalanypdyr. Ol bularyň esasynda “Lukmançylyk we berhizçilik adalgalary hakynda kitabyny” düzüpdir. Bu kitap terapewtik ähmiýeti we lukmançylyk ulanyşlary görkezilen 1400-den gowrak dermanlyk ösümlikleriň, iýmitleriň we emleriň doly beýan edýän dermanlyk jisimleriniň hakyky ensiklopediýasydyr.
Alymlaryň birnäçesiniň atlary olaryň doglan we ýaşan ýeriniň Merwdigini görkezýän “nisbu” Merwezi//Merwli diýen at bölegini saklaýar. XIII asyryň başynda ýaşap geçen arap geografiýaçysy Ýakut al-Hamawiniň “Başga hiç bir şäher özünde şular ýaly köp sanly alymlaryň we her dürli meşhur adamlaryň gelip çykyşy bilen öwnüp bilmez” diýip bellemegi ýöne ýerden däldir.
Beýik Seljuklar döwründe Merw dünýäniň dürli künjeklerinden paýtagta gelýän Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugurlarynyň boýunda ýerleşen hemra şäherler bilen gurşalyp alnypdyr. Häzirki wagtda olar özlerine arheologlaryň aýratyn ünslerini çekýärler. Orta asyr ýadygärlikleriniň merkezindäki Soltan galanyň daş-töweregini gurşap alan onlarça taryhy şäher-ýadygärlikleriniň her biri muzeý tapyndylarynyň üstüni doldurmaga ukyply gymmatly artefaktlar barada aýtmanyňda-da, heniz ylma mälim bolmadyk maglumatlaryň birgidenini özünde gizläp saklaýar.
Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky milli müdirliginiň hem-de “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň topary tarapyndan häzirki Mary şäheriniň 30 kilometr günbatarynda ýerleşýän Daňdanakan (Daşrabat) şäheriniň galyndylarynda arheologiýa barlag işleri eýýäm birnäçe ýyl bäri alnyp barylýar. Bu şäher Sarahsyň we Merwiň arasynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşipdir.
Ol ýerde mundan birnäçe wagt öň gazyp agtaryşlar mahalynda häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde saklanylýan binagärlik bezegleriniň ajaýyp nusgalary tapyldy. Bu tapyndylar iki ýyl mundan öň Nýu-Ýorkuň Metropoliten-muzeýinde seljuk sungatyna bagyşlanan sergide üstünlikli görkezildi.
Geçen ýylyň güýzünde geçirilen soňky meýdan möwsüminde Daňdanakanda adaty bolmadyk jaýlary bolan, ýakylan kerpiçden gurlan orta asyr desgasynyň galyndylary ýüze çykaryldy. Olaryň birinde döwük aýnanyň ownuk bölekleriniň uly mukdary hem-de IX — XII asyrlara degişli birnäçe aýna gaplaryň we ownuk metal gurallaryň bitin diýen ýaly ajaýyp nusgalary tapyldy. Otra asyr hünärmençileriň bu inçe işleriniň barlaghana seljermeleri we deňeşdirip öwrenmeleri dermançylaryň (attarlaryň) we lukmanlaryň (tebipleriň) gurallary hökmünde peýdalanandygyny barada şübhe galdyranok. Eýsem, bu jaý maristanyň harabalygy bolaýmasyn? Belki-de, mundan beýläkki geçiriljek gazuw-agtaryş işleri bu sowala jogap tapmaga mümkinçilik berer.
Ýöne eýýäm bir zat aýdyňdyr. Bu tapyndylaryň netijesinde alymlar Beýik Seljuklar döwründe lukmanlaryň we dermançylaryň peýdalanan gurallarynyň we gaplarynyň nusgalaryny ele saldylar. Uzak wagtlap saklamak boýunça degişli işler geçirilenden soň, olar Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýanyndaky muzeýde ýa-da Mary welaýatynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň bahasyz gymmatlyklary bolup bilerler.
Dünýäniň iri ylmy merkezleri arheologiýalar, medeni gymmatlyklary dikeldiş ulgamlarynda türkmenistanly kärdeşleri bilen eýýäm birnäçe ýyl bäri hyzmatdaşlyk edip gelýärler. Meselem, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky milli müdirligi Miho ýapon muzeýi bilen bilelikdäki taslamany amala aşyrmaga girişdi. Bu taslama Köneürgenjiň syrçalanan keramikasynyň we şeýle hem orta asyr aýna önümleriniň taýýarlanyş tehnologiýasyny we işläp bejeriş usullaryny seljermäge gönükdirilendir. Italiýadan we Gresiýadan gelen hünärmenler türkmen-italýan ekspedisiýasynyň geçirýän gazuw-agtaryş işleriniň barşynda Nusaýda we Merwde, şeýle hem Goňurdepede bürünç eýýamynda meşhur ýadygärlikde tapylan demir jisimleriň köpýyllyk barlaglaryna gatnaşýarlar.
Daňdanakanda täzeden ýüze çykarylan artefaktlar Gadymy Merwiň bu we şuňa meňzeş beýleki ýadygärlikleriň mundan beýläk-de has çuňňur öwrenilmegine höwes döredýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işlenip taýýarlanylan ýurdumyzyň çäklerinde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän ýadygärliklerde arheologiýa gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň 2018 — 2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň netijesinde bu işlere ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň alymlary hem gatnaşýarlar.
Köneürgençde hem şeýle işler öz geçiriljek wagtyna garaşýarlar. Onuň örän baý medeni gatlaklarynda Mamunyň Akademiýasynyň yzlary galandyr. Olar geljekde uly ähmiýetli açyşlaryň ençemesiniň boljakdygyna umyt döredýär.

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.