ELI BOŞLUK



Salam eziz okyjylar! Gün sypdyrmanjyk ýaşap ýörsüňizmi?! Şu degişmejik näçe ýürege-bagyra düşse-de ulanasym geldi. Geçirersiňiz-dä, geçirmeseňizem geçdi ýöne. Ýaňy poadcast diýilýän zada synanyşdym, iň soňunda “jigim iň gowysy sen git-de aýtjak zatlaryňy ýazga dökäýsene” diýdim öz-özüme. Özüňi tanamak barada aýdylan sözler ýadyma düşse gaharym gelýär, “tanalman geçen” zadam diýäýesim gelip gidýär. Poadcastim gowja diňlense “nätdim, diňletdimmi asdfg” diýip bolgusyzja oýunjaklarymdanam edäýjekdim. Ýene bir gül açmanka solup gitdi ana.

Geliň indi bolsa ýazga geçmedik (geçip bilmedik)(aslynda ýazga geçdigem bolýar :P) poadcastimizde nämeler aýtjakdyk şoňa geleliň. Eli boşluk barada gürrüňdeş boljakdyk. Ilki bilen eli boşluk gaty gowy zat däl, seret, poadcast etmäge synanyşdym meselem. Dostuň jaň edip “eliň boşmy” diýeninde “ýok elimde telefonym bar kyh kyh kyh” diýjek derejede degişgen boluň!. Bolmaň diýerin öýtdüňizmi ýa, menden olar ýaly zada garaşan dälsiňizle. Indiki ýaşlar bir zady tersine aýtsaň gowy görýär.

Eli boşluk, boş wagt diýleninde siziňem ýadyňyza hol meşhur söz düşýärmi?! “Kitap eliň boş(boş wagtyň) bolanynda okalmaly däl, kitap ýörite wagt aýyryp okalmaly.” sözi. Boş wagtyňyz okaýan bolsaňyzam okaberiňsene. Eli boşluk gaty gowy tema-da däl eken. Bir ýere geleňsoň yňk-myňk edip oturaýýan ekeniň. Seni başga älemlere alyp göteräýenok. Käbir temalar seni alyp göterýär, käbir temalar bolsa meniň ýaly ukyplylaň eline düşüp alyp göterilmese tema diýer ýalam däl. Eli boşlugyň içindäki “boş” sözünden “Içi boş kelle, şeýtanyň iş otagydyr.” diýen söz ýadyma düşdi. Eli boşluga gowja seretseň içindäki boş wagtdan gowy peýdalanmazlygy hem görüp bolýar. Menem iň az 77% ynsanlar ýaly öz boş wagtlarymdan dogry peýdalanyp bilemok. Allajan hemmämize wagtymyzy(ömrümizi) dogry peýdalanyp tamamlamagy nesip etsin!

Merwli Türkmen.
6 лайков 386 просмотров
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Nazar
01 окт 2022, 20:25
Menem shol 77%-e degisli :)
Dowsypat
01 окт 2022, 21:08
Adam bu dünýä öz islegi bilen gelmedi.Öz islegi bilen ölüp bilenok(jana kast etmekden daşary).Dogulandan tä ölýänçä bolan aralygy,bir zat edip geçirmelidä garaz.Durmuşda hiç hili many ýok.Her kim özüçe bir many gözleýär.

Dünýäde millionlarça adamy gyranyňda hiç hili many ýok.Barybir ýene şonça million adam dogulýar.
Dünýäde millionlarça adamy halas edeniňde hiç hili many ýok.Barybir şol adamlar haçanam bolsa ölýär.
Bu günde hiç hili many ýok.Barybir ertir ýokluga gidýär.
Bugün erkin ýaşanyňda many ýok.Ertirki nesilleriň gula öwrülip bilýär.
Alfonse
02 окт 2022, 00:55
Dowsypat.,
Nigilistmi sen???
Telwas
Автор 02 окт 2022, 01:00
FanB
Menem shol 77%-e degisli :)

Şol sanawdan saýlanmak miýesser etsin. :)
Telwas
Автор 02 окт 2022, 01:01
Dowsypat.
Adam bu dünýä öz islegi bilen gelmedi.Öz islegi bilen ölüp bilenok(jana kast etmekden daşary).Dogulandan tä ölýänçä bolan aralygy,bir zat edip geçirmelidä garaz.Durmuşda hiç hili many ýok.Her kim özüçe bir many gözleýär.

Dünýäde millionlarça adamy gyranyňda hiç hili many ýok.Barybir ýene şonça million adam dogulýar.
Dünýäde millionlarça adamy halas edeniňde hiç hili many ýok.Barybir şol adamlar haçanam bolsa ölýär.
Bu günde hiç hili many ýok.Barybir ertir ýokluga gidýär.
Bugün erkin ýaşanyňda many ýok.Ertirki nesilleriň gula öwrülip bilýär.


Seň aýdýanyňam dogry bir tarapdan.
Dowsypat
02 окт 2022, 08:12
Narcissus off № 3 Şu gün, 00:55
Dowsypat.,
Nigilistmi sen???

Özümi realist diýip bilýärdim!
Victus
02 окт 2022, 12:57
Mena bos wagtym yok. Yasabam yetisemok mena.
Alfonse
02 окт 2022, 13:10
Dowsypat.,
Hiç bir zatda many ýok hasaplasaň nigilist bolarsyňda.
parca■
02 окт 2022, 14:34
nigilist - hemmeleriň uýýan prinsipini, däp-dessuryny inkär ediji diýmek
Alfonse
02 окт 2022, 16:19
parca,
Iň erbet zat bilmezlik dälde bilýändigiňi pikir etmek. Nigilizm şuwagtky ahlak düzgünleriniň jemini inkär edip, durmuşyň we dünýäniň manysyzdygyny, hiç bir zatdada many ýokdugyny ýüzümize ýemleýär. Ýagny nigilizm hiçlik ýokluk.
parca■
02 окт 2022, 17:13
Narcissus
Düşündireniňize. minnetdar.