Gyzykly maglumatlar

Gyzykly maglumatlar

salam dostlar! Bu temada ondan mundan cöplan gyzykly maglumatlarymy paylashayn diydim!Sowukdan goranyň! Ellerimiz, aýakla­ rymyz we gulaklarymyz sowuk howa­da üşemän galsa, biz üçin kän bir gowy bolmazdy. Biziň bedenimiziň ýaradylşy diýseň özboluşlydyr, täsindir. Sowuk howada bedenimiziň ýylytma ulgamy özüniň işjeňligini bedenimiziň içerki agzalaryna bagyşlaýar. Bedeniň ýylylygy gan aýlanyşyk bilen baglany­şyklydyr. Howa sowanda barmaklara, gulaklara we şuňa meňzeş agzalara bar­ ýan ganyň mukdary azalýar. Ganyň ep-esli mukdary bolsa içerki agzalara gidýär. Şeýlelikde, bedenimiziň içerki agza­laryna ýylylyk aralaşýar. Şol wagt bar­mak, gulak ýaly agzalarymyz üşäp başlaýar. Şonda ynsan bedeniň daşky agzalaryny ýyly saklamak üçin ellik, telpek geýýär. Ýürek, beýni, bagyr ýaly içki ag­zalar bolsa özlerine gelýän ganyň mukdarynyň köpelýändigi arkaly sowukdan goranyp bilýärler. Ellerimizidir aýaklary­myzy bolsa ýylyjak eşikleriň kömegi bi­len özümiz goraýarys. Hereket etmegiň peýdasy Häzirki wagtda iň howply keselleriň biri düwnük keselidir. Düwnük keseli näme­kä? Geliň, şonuň bilen gysgaça tanşalyň! Bedenimiz gün geçdigiçe işjeňligini art­dyrýan fabrik ýalydyr. Bu fabrigiň iň kiçi janly gurluşy bolsa öýjüklerdir. Öýjükler yzygiderli bölünip, täze we sagdyn öý­jükleri emele getirýärler. Muňa garamaz­dan, käwagtlar käbir öýjükler gözegçilikden çykyp, adaty däl ýagdaýda köpelmek bilen bolýarlar. Muňa düwnük diýil­ýär. Öýjükleriň şeýle ýagdaýda köpelme­gi bilen genimiz käbir üýtgetmelere sezewar bolýar. Adatça, bedenimiz zeperli öýjükleri daşyna zyňýar. Emma spirtli iç­giler, çilim, hapa howa, azyk önümleri­niň düzümindäki käbir goşundylar ýaly zatlar arkaly genimize zeper ýetip bil­ýär. Şeýlelikde, adaty däl ýagdaýda kö­pelýän öýjükler düwnük keselini döre­dip bilýärler. Bu keselden goranmak üçin sagdyn hem-de wagtly-wagtynda iýmitlenmek, yzygiderli sport bilen meş­gullanmak, himiki maddalardan we goşundylardan uzak durmak örän zerur­dyr. Garynja süňksüz däldir Ýöreýän, ylgaýan, mydam hereketde bolan garynjanyň ystyhansyzdygyny (skeletsizdigini) göz öňüne getirmek mümkin däldir. Çünki, garynjalar gurçuk­lar ýaly süýrenmeýärler. Iň bärkijesi, ga­rynjalaryň aýaklaryndaky sepişik onuň ystyhanynyň bardygyny subut edýär. Ýöne garynjalaryň ystyhanynyň örän özboluşly aýratynlygy bardyr. Garynja­larda ystyhan bedeniň daş tarapynda­dyr. Garynjanyň bedeniniň daş tarapyndaky ystyhany bedeniň içerki ýumşak agzalaryny goraýar.
3 лайков 161 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Dowsypat
16 янв 2023, 10:48
Garynjanyň bedeniniň daş tarapyndaky ystyhany bedeniň içerki ýumşak agzalaryny goraýar.

Maňa meňzeş arryklaryňkam şeýle.Daş tarapdaky ystyhanymyz, bar bolanja içki ýumşak organlarymyzy goraýar.Gyş güleri azajyk kurtkada goşmaça goranmaga komek edýär.Ýaz günleri wapşe goragsyz galýas.Şon üçinem ýazda azyrak gürleýäs.
Kerbaba
16 янв 2023, 12:56
Дувнук Рак кесели болярмы?Эгер шол болян болса нахили дорейандигини душундиришин ялныш. Себаби арак,чилим агзына алмадык небир жуван яшлар арамыздан гитди. Эмма арак колунде ,, гурбага" болуп йузенлер,хер эренине бир чилим гысдырып чилим чекен адамлар песинден 70 яшанлары бар. Шу вагтам коп.