Adamyñ biologiki sagady!

Adamyñ biologiki sagady!

Biologiki sagat adamyñ bedeninde bolup geçýän köp wakalaryñ ritmini kesgitleýär. Gündelik beden ritmi gije we gündize parallellik görkezse-de, howanyñ yssylygy, mashk geçmeklik ýaly zatlar muña täsir edip biler. 24:00 - Gijäniñ ýarysy. Ukynyñ ilkinji döwri bashlaýar. 01:00 - Beden özüni uka berýär. Üns azalýanlygy üçin bu wagtda ishleýänleriñ ýalñyshmak ähtimallygy artýar. 02:00 - Çuññur uky. Beden sähelçe sowugy duýýar. Görmek duýgusy we refleksler azalýar. Gije bolýan ulag heläkçilikleri köplenç shu wagtda bolýar. 03:00 - Bu sagatda belli karara gelip bilmezlik, keýpsizlik duýgusy artýar. 04:30 - Beden ýylylygynyñ iñ pes bolýan wagty. 06:00 - Beden oýanmaga bashlaýar. Metabolizm herekete gelip, günüñ ishleri üçin güýç we profein taýynlamaga bashlaýar. 06:45 - Gan basyshy birden ýokarlanýar. 07:00 - Bu wagtda ashgazanyñ siñdirish ulgamy ishlemäge bashlaýar. Güne gowy taýynlanmak üçin ertirlik edinmek hökman. 08:00 - Nikotiniñ saglyga iñ köp zyýan berýän wagty. Ertir çekilýän çilim damarlary has köp daraltýar. 08:30 - Içegeler hereket edip bashlaýar. 09:00 - Bedeniñ kuwwaty artyp bashlaýar. 10:00 - Güýjümiziñ iñ ýokary bolýan wagty. Beýnimiz hem gowy ishleýär. 11:00 - Beden ykjamlashýar. Beýnimiz tiz ishleýär, esasanda hasap ishleri añsatlyk bilen edilýär. 12:00 - Günorta wagty. Garnymyz ajygýar, ünsümiz azalýar, ashgazanymyzdaky kislotanyñ mukdary köpelýär. 13:00 - Bedenimiziñ ishjeñligi pese gaçyp bashlaýar. Ashgazanymyz iýen naharymyzy siñdirýänligi sebäpli aýlanýan ganymyzyñ uly bölegi içegeleriñ töweregine üýshýär. 13:30 - Gan basyshymyz peselýär, özümizi ýadaw duýýarys. 14:30 - Dash-töweregiñ shertlerine iñ gowy uýgulashan wagtymyz. 15:00 - Gaýtadan bedenimize güýç gelýär. Ýadymyz gowy bolýar. Öndümli bolup bashlaýarys, ýöne ertirkiçe däl. 16:00 - Ýurek-damar ulgamy örän gowy ishleýär. Muskullaryñ iñ güýçli bolýan wagty. 17:00 - Organlarymyzyñ ishjeñligi ýokary bolýar. Kuwwatymyz artýar. Sport bilen meshgullanmak üçin iñ gowy wagt. 18:30 - Gan basyshymyz iñ ýokary derejä çykýar. 19:00 - Beden ýylylygynyñ iñ ýokary bolýan wagty. 22:30 - Içegeleriñ herekedi haýallaýar. 23:00 Dynç alysh wagty. Bedenimiz gowshaýar. Gan basyshymyz we bedenimiziñ ýylylygy peselýär.
1 лайков 82 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Nazar
14 янв 2023, 21:43
Zametkada durmaly peydaly yazgylaryn biri. ?