Ölümden 30 minut soň



Ölümden 30 minut soň, bedende refleks diýilýän zat düýbünden ýok bolýar. Gowşaýan myşsalar sebäpli agyz we göz gabaklary açyk galýar. Çykaryş ulgamy doly gowşaýar, peşew we tohum boşlugy ýüze çykýar.
~ Beden gurluşy gatylaşýar

Ölümden soň ortaça 10 sagadyň dowamynda beden gapgaty bolýar. Adrenalin bölünip çykýan döwürde; tolgunma ýa-da söweş wagtynda ölüm ýüze çykan bolsa, beden şol bir wagtyň özünde gatap başlaýar. Şonuň üçin söweşde ölen adamlar atylan wagtyndaky şeklinde berkleşýärler.
Ölüm pursatyndan soň jeset sagatda ortaça 1 dereje sowaýar. Artykmaç agramly adamlaryň içki organlary has giç sowaýar. Çagalaryň we ejizleriň bedeni ortaçadan has çalt sowaýar.

Ölümden 24 sagat soň beden çüýräp başlaýar. Dem almagyň bes edilmegi bakteriýalar üçin signal bolup, olar işe başlaýarlar. Ilkinji çüýreýän organlar gözler, beýni, aşgazan we içegelerdir. Jeset semiz ýagly bolsa, has çalt çüýreýär, bäbekler we duzly suwa gark bolyp ölenler has giç çüýreýär. Iň haýal çüýreýän bölekler ýürek, peşew haltasy, böwrek we ýatgydyr. Ýatgynyň çüýremegi üçin birnäçe aý gerek bolýar.
~ BEDEN NÄME ÜÇİN ÇİŞÝÄR?

İlkinji çüýrän ýer bolan aşgazanda we içegede bakteriýalaryň güýçli işleýändigi sebäpli, gaz çalt ýüze çykýar. Bu gaz garyn boşlugynyň çişmegine sebäp bolýar. Deriniň üsti ýanyk ýaly suw ýygnaýarka, bedende kükürdiň ýygnanmagy sebäpli reňk garalyp başlaýar.

Gözelligiň, gelşikliligiň, baýlygyň, ulumsylygyň, emlägiň, wezipäň nirede? Ýer ýüzünde zordan aýlanyp ýören, kiçijik daglary men döretdim diýip öwünýän, adamlary kemsitjek bolýan, durmuşy dünýädäki statusyna we wagtlaýyn üstünliklerine gönükdirilen adamlaryň hersiniň soňy şeýledir.

Işläň, üstünlik gazanyň, adamzada peýda getiriň, ýöne durmuşa aşa baha bermäň. Özüňizi hem beýik görmäň, sebäbi iň soňunda elimizde eden işlerimizden we amallarymyzdan başga zat galmaz
6 лайков 189 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
menembiri
14 авг 2022, 21:54
Maladis
Garabufer
15 авг 2022, 01:24
Namazhon derwüşler, döwletli baýlar,
Pelegiň gerdany keçdir, ýaranlar!
Minnetli okalan namaz ýol almaz,
Döwlete daýanmaň, puçdur, ýaranlar!
Sykylsa burunlar, sararsa ýüzler,
Gurysy dodaklar, bolmasa sözler,
Gögerse dyrnaklar, agarsa gözler,
Imandan özgesi hiçdir, ýaranlar!
Aslyň owuç gumdur, dem bir nepesdir,
Özüňe bir gözle işiň hebesdir,
Jeset bir menzildir, ten bir kapasdyr!
Jan bir gözi bagly guşdur, ýaranlar!
Gapyl bolmaň, dünýä gelen öterler,
Munda hoşwagt bolmaň, bardyr beterler,
Çekiler kerwenler, ýörir hatarlar,
Bir yzy üzülmez göçdür, ýaranlar!
Ajal ýakaň tutar, bir gün bagyrdar,
Giden gaýdyp gelmez, bu bir ugurdyr,
Menziller yrakdyr, ýükler agyrdyr,
Irteräk terpeniň, giçdir, ýaranlar!
Gutular sen hak ýolunda jan berseň,
Hülle bolar bir garyba don berseň,
Saýa bolar bir mätäje nan berseň,
Bir ajy doýurmak haçdyr, ýaranlar!
Bu dünýä diýgeniň iki warakdyr,
Ýarysy garadyr, ýarysy akdyr
Bir gije düýş gördüm, ertiri ýokdur,
Dünýäniň tymsaly düýşdür, ýaranlar!
Magtymguly boýun goýgul bu emre,
Mamla meşgul bolup, galmagyl gümra,
Ýüz ýyllyk tetärik bäş günlük ömre,
Akyl eýläň, niçik işdir, ýaranlar!
DonMaxx
15 авг 2022, 02:15
+++++
Victus
15 авг 2022, 07:42
Ölümden soň ortaça 10 sagadyň dowamynda beden gapgaty bolýar

Su dogry danam seyle eken bir yasa gatnasamda barlap gordum