ÝÜREGIM GYSDY

Ýüregim gysdy

Düýn agşam şeýlebir ýüregim gysdy,
Tapmady özüne ýekeje höwür,
Gam-gussa itekläp,egnimden basdy,
Göterjek bolsamda ol juda agyr.

Oturdym şem ýakyp,duýgulam bilen,
Keç ykbalma sorag bilen ýüzlendim,
Geçmişime garap,yzymda galan,
Esli wagt şol geçmişde eglendim.

Ýykylyp göwnümiñ "Şatlyk" daragty,
Arzuwlarmyñ bary pytrady her ýan,
Indi ädimlermem bolup garañky,
Ýene gam kölüme sessizje barýan.

Ynsanlara gol uzatdym,büdrände,
Emma meniñ göwnüm çaña garyldy,
Tozanyny kakyp saldym ýerine,
Ah şonda-da göz ýaş bolup ýaryldy.

Düýn agşam şeýlebir ýüregim gysdy,
Düşünjek ynsany tapmadym gözläp,
Syrly dünýäm kakylmansoñ gapysy,
Ýene bukup goýdum,içimde gizläp.

Ogulhally MUHAMMEDOWA.
4 лайков 92 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aura
14 янв 2023, 23:23
Gowy yazypsynyz , syrly Dunyani kop bukup goyman penjiresin açyp daşaryk seret gapy derrew kakylar ))