Buz gaýmak bolmagyň ugrunda..
Ýazgymyza käbir kinolardaky “Hemme zat mylaýym bir ýylgyryş bilen başlady… Hemme zat nurly bir bäbegiň dogulmagy bilen başlady… Hemme zat günüň demirgazykdan dogmagy bilen başlady…” ýaly başlasak bolar-a jemşit?!. Hemme zat birzatlar barada ýazasym gelip, näme hakda ýazaýyn diýip maslahat soramagym bilen başlady. Başlangyçlar özleri bilen bilelikde dürli täsinlikler hem getirermiş. -miş diýdim, sebäbi çalaja özümden toslan bolup bilerin. Şu ýazgymda men buzgaýmak bolmaga synanyşjak. Dürli temalar barada ýazmagymy teklip etdiler, şolaryň hemmesine deginip geçmekçi nesip bolsa, ýagny buzgaýmak bolmakçy.
Başlangyçlar özleri bilen bilelikde dürli täsinlikler getirermiş hakykatdanam. “Birzatlar barada ýazasym gelýär, ýöne näme barada ýazjagymy bilemok. Maslahat?!.” diýenime “Birzatlar barada ýaz” diýip täsin bir jogap beren täsin biri. Merdana ynsanlaryň şular ýaly oýunjyklary bar-da. Hawa-hawa, tanyş özem. Nädeýin, sataýynmy, näme edeýin?!.
Ýene birem “oka” diýip maslahat berdi. Göni “Oka!.” diýilse adam pahyryň ýadyna buýruk düşüp gidýär. “Ýazmaňkaň ilki oka” diýjek boldy öýdýän ýöne. Günde 10 kitap okaýan diýmän günde 10 kitap okaýandygyma ynandyryp tüwelemesini aldym nesip edeninden. Öwünmek ýaly bolmasyn, şolar ýalam tüweleme biri şu şahsyýet. Özümi öwýän ýaly bolmaýyn diýip 3. ýöňkemäni ulanyşymyň özi bir sungat dälmi eýsem?!.
“Lifehakki”. Maňa “mugallym” diýip ýüzlenseler akan, akýan, akjak suwlar durýar. Bugünler bärleri minus näçe bolansoň hakykatdanam doňdy şol suwlar. Elbetde käbiri. Temadan daşlaşmalyň, mugallymçylyk şeýle ajaýyp kär. Meselem kakam baý bolan bolsady mugallymçylykdan gaýtmazdym. Kelle agyryly, ýöne hezil. Munuň beýledigini gaýdanyňdan soň has gowy düşünýän ekeniň. 3 aý jogaby nämä degenok?!. Birem özüňi birzatdyryn öýtdürýär. Diňlenýäň, degişýäň, gülüşýäň, seniň bilen degişýärler, bu gezek gülüşeňok, hi-hi-hi. Çalaja-da bolsa birzatlara peýdaň degýändigini görmegiň özi ýeterlik. Okuwçylaryň tarapyndan söýülmek, bu tema girjegem däl. Sagat 9–6 arasy işde bolup, soňam günaşa kursa işlemäge gidýänimi eşiden öňki işdeşim, işlän mekdebimiň ‘hojalyk işleri boýunça orunbasary’ gysgaça zawhozy; “Näme willa zat aljak bolýaňmy? Pul diýibem özüňi köseme bular ýaly.” diýdi. Sözme söz däl, ýöne şuňa meňzeş sözlemdi. Wah men işden soň işe däl, dynç almaga gidýärin ahyry. Soňky sözlemimiz ‘telewidynýa’dakylaryňky ýaly sözlem boldymy birhili?!. Garaz ýazyjylaryň biri “Aaah Milena, Milena!.” diýen bolsa, biz “Aaah mugallymçylyk, mugallymçylyk!.” diýýäris.
“Suicide”. Türkmençä terjime edenimizde “öz janyňa kast etmek” bolaýýar öýdýän. Bu tema barada aýdara üýtgeşik zat ýokmuka diýýärin. Kanun belli, öz janyňa kast etmek uly günäleriň biri. Netijesi hem göni ot diýip bilýärdim. Käbir ýagdaýlarda olar ýaly bolman hem biler diýen şekilde ýazgylara hem gabat geldim. Ol-a öz janyňa kast etmek eken, ölümiňi islemek hem dogry däl eken. “Haçan öz ölümiňi isläp bilersiň, Allahyň yşky bilen ýanyp tutaşyp, Allaha gowuşmagy arzuwlap isläp bilersiň.” Ol yşk hem bizden gaty daşmyka diýýärin. Bärdäki biz, men we jemşit. Synaglar näçe kyn hem bolsa baş alyp çykjak bolmaly!. Elbetde bu durmuş aňsat däl, käbirlerimiz üçin hasam kyn. Olardan gutulmagyň ýoly hiç haçan öz janyňa kast etmek bolmaly däl!. “Allah söýýän gullaryny has agyr synaglardan geçirer”miş.
Şu wagt beýnim arka fonda şu halk aýdymymyzy aýtdyrýar;
“Muhammediň ymmaty,
Berjaý kylyp sünneti,
Guwandyryp milleti,
Indi bolduň goç ýigit.
Goç ýigidä goç ýigit
Synaglardan geç ýigit!
Bagtyň bolsuň ylaýym
Diliňden dür seç ýigit!”
Näme diýipdirler birem; “Allah guluna göterip bilmejegi ýüki ýüklemez!.” diýipdirler.
“20 ýyl soň näme üýtgeşme bolar dünýä/durmuş/teh/bilim” 20 ýyl soň kän zat üýtgär, ýöne meniň üçin aldym-berdimli üýtgeşme bolmazmyka diýýärin. Hemme adamda şeýlemi bilemok, näçe zat üýtgese-de şol bir öňki-öňkilik ýaly duýýaryn. Bu durmuşyň asyl düýpdäki many-mazmuny üýtgemeýänligi üçin hem bolup biler. Garaz 20 ýyl soň näçe kän zat üýtgese-de hiç zat üýtgemez.
“Türkmen maşgala strukturasy bilen ýewropa (fransiýa, germaniýa, skandinaw ýurtlary) maşgalasynyň arasynda näme meňzeşlik, tapawut, gowy-erbet, dogry-ýalňyş, minus-plýus, öwrenmeliler/däller… barada ýazmagy maslahat berýän. (sorap bu meň ugrum däl diýmäň soň ýöne:))”. Yna bu bolsa meniň öz dilimden bela gazanma şeklim, “Dil bela, diş gala.” nakylym. Bu soralan zatlara netijeli jogap bermek üçin wagt we irginsizlik gerek. Mende bolsa ikisem ýok ýaly, ýany bilen sabyram ýok. Ýazgymy size ýetireýin, okalsyn diýip sabyrsyzlanýaryn. Şonuň üçin, toplan azajyk maglumatyma daýanyp, özüm ýaly ýüzleýje jogap bermäge synanyşjak. Ýewropalylar öz rahatlyklaryna örän üns berýärler. Bilmeýän zadyň barada ýazmagam gaty kynaý, “ýa olar ýaly däl bolsa, ýa ýalňyşýarmykam, umumylaşdyrmasammykam ýa…” şular ýaly birgiden zat pyrlanyp durýar kelläň içinde. (Üýşürilen, üýşürilýän maglumatlar hemişe diýen ýaly köpçülige görä umumylaşdyrylýar.) Bor-la, meniň ýazgym, meniň düşünjelerimdirdä. Näme diýipdik, öz rahatlyklaryna üns berýärler diýipdik. Olaryň öňündäki maksat pul gazanmak däl-de, pul gazanyp rahat ýaşamak. Biziň jemgyýetimizde bolsa gynansak-da bu beýle däl. Biz pul gazanmak üçin ýaşaýarys. Iň uly ýitgimiz hem şu bolup biler. Hawa, ykdysady şertler, ýenegörler tapawutly, ýöne aňymyzyň düýbünde kiçijegem bolsa şol düşünje bar. Ol düşünjäni üýtgetmegi başaranlarymyz ýok däl, üýtgedip bilmediklerimiz nirede bolsa-da entegem pul gazanmak üçin ýaşap ýörendirler. “Hamana özüň şol düşünjäni ýeňen ýaly.” Ana jemşidem gürledi. Kän ýüz bermäň, arasynda şeýdip hüňürdäp ýör. Garaz olar ýaşamak üçin pul gazanýar, biz bolsa pul gazanmak üçin ýaşaýarys. Meşhur; “Iýmek üçin ýaşaýaňmy ýa-da ýaşamak üçin iýýäňmi?” soragyna meňzäp gitdi. Ene-atanyň düşünjeleri çagalaryna lap diýibem bolmasa, ýeterlik mukdarda ornaşýar.. “Çagalarynyň näme kär saýlajakdygyna goşulanoklar.” Bizde bolsa ene-atalaryň aglaba böleginiň “men oglumy aýtişnik etjek, meniň oglum ulalyp doktor bolup bize sereder yna, meniň gyzym futbolist bolýar (bu men:)…” we şuňa meňzeşlikde öz planlary bolýar. Goý biziň çagalarymyzam öz kärlerini özleri saýlasynlar!.. “Çagalaryny kiçilikden sungata ugrykdyrýarlar. Pes girdejili maşgalalar hem beýleki çykdajylaryny gysyp, çagalaryny sungat bilen meşgullandyrýar.” Bu häsiýet hem görelde alynyp biljek bir häsiýet. Sungat bilen meşgullanan adamlar has ýuka ýürekli, pespäl bolýarlar diýip ynanýaryn. Olar ýaly däller hakyky manyda sungat bilen meşgullanmaýarlar, iň azyndan meniň gözümde şolar ýaly.. “Ýewropalylaryň öz perzentlerinden isleýän ýeke-täk zady; saglykly, bagtly, öz aýaklarynyň üstünde durup bilýän, özbaşdak bir şahsyýet bolmaklary.” Şonuň üçin kynçylyklardan özleriniň baş alyp çykmagyny isleýärler. Bizdäki ýaly çaga her büdüräninde ylgap baryp “waý balam, guzym, aýym, balym, bir ýeriňe birzat bolana däldir” zat diýip ýörmeýärler. Ýykylan ýerinden özüniň turup gitmegine garaşýarlar. Turup bilmeseler kömek edeliň biz ýene-de.. “Maşgala näçe baý bolsa hem çagalaryna pul seçmeýär. Çagalarynyň doglan günlerinde iň gowy görýän, almak isleýän oýunjagyny alyp bermän, özleriniň gerekli görýän sowgadyny alyp berýärler. Almak isleýän oýunjagyny almagyň ýoluny çagaň özi tapmaly.” diýýär. Garaz “balyk tutup bermän, balyk tutmagy öwretmeli”.. Ýetginjeklik(18) ýaşyndan soň özbaşlaryna göýberilmegine bolsa dogry garamak mümkin däl. 18 ýaşyna çenli çaga biziňki-de, soň näme etse şony etsiniňkimi?!. Maşgalada ene-ata we çagalaryň arasyndaky bag müdümilik galmaly. Jigi-doganlaryň arasyndaky bag hem. Özümde şuňa göz ýetirdim, belki lälikligimdendir, belki hemme kişide-de şolar ýalydyr. Başyma bir kynçylyk gelse, mysal üçin maşynly, ýolda galsam ilki bilen kakama ýa-da doganyma jaň edip kömek soraýaryn. Gaty ýakyn dostlarym hem bar, ýöne kömegi ilki öz maşgalamdan soraýaryn. Şu ýerde ata-babalarymyzyň “Maşgalam, baş galam.” diýen sözüni ýatlap geçmegi makul bildik. Ana ýene “telewidynýa”. Şu wagtlykça bu tema barada aýtjaklarymyz şulardan ybarat. Maşgalaly temamyzy şu söz bilen tamamlasak örän jaýdar bolar; “Hiçbir ene-ata öz perzendine gözel ahlakdan (ylym, bilim, terbiýe) has uly bir miras goýup bilmez.”
Hä, birem “okalar ýaly bir zatlar ýaz” diýipdi. Inşaallah okalar ýaly birzatlar ýazandyrys!. Iň bolmanynda, sabyrsyzlyk bilen garaşýanlara, ýöne garaşýanlara, näme ýazsam okajaklara okalar ýaly birzat bolandyr-da hernä. :)
Awtor: matmiatika (statusy: Ýok, ýalňyş ýazmadym..)
medium.com

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.