Puly nädip aňsat gazanylýar ýada gazanýarlar?

Soňky döwür pul gazanmak üçin Türkmenistanyň şu gymmat döwründe herkim ýaryşa giren ýaly. Näme ýaşamak üçin pul gerek pul üçin ýa zähmet gerek ýada kelle gerek diýilşi ýaly meň hem haýran galan bir wakany başdan geçirdim.

Bilýänsiňiz köpçülik ýerlerde awtobus poýez bazar ýaly adamlaryň köpçülikleýin ýerlerine herhili gep gürrüňleri eşitmek bolýar... men hem awtobusta iki zenanyň gürleşip duran zatlaryna ünsümi çekip gulak gabardyp görsem hakykatdan hem adamlaryň akmaklygymy ýa şeýle zat barmy diýdim öz-özüme.

Nätanyş zenanyň ýanyndaka aýdyp berýär : saňa palçy gerekmi meň gowy bilýän palçym ba menem şoňa atdyrdym ýöne öýünde ýada başga ýerde däl telefon arkaly seň ykbalyňa seredip berýär diýende men has hem gyzyklandym.

Kim ol belli däl diñe bir bilgiçlik etmän adamlaryñ durmuşyny hem baglamagy ýada ýykmagy başaryp bilýär we şeýlelik bilen ol adamyñ telefon arkaly ykbaly “çözülýär”. Şeýle hem belli bahasy bar ilki telefonynyň hasabyna 30 manat geçireňsoň soň seredip berýärmiş. Meň göwnümden turmasa näme ýada bolmasa aldasa meni biderek pulyň gitýär olaram otyran ýerlerinden pully bolýalar.

Adamlaryñ ylmy taýdan pes derejede bolmaklary sebäpli bu kemçiliklerini herhili ýagdaýda ulanýan şahsyýetleriñ işi barha möwjäp barýar bularyñ uly bir bölegi palçylardan ybarat.

Palçylar bilim taýdan gowşak adamlary öz oýunlaryna sezewar etýäler. Olaryñ etýan işi käbir durmuşdan nägile bolan adamlaryñ pul taýdan kynçylyklara sezewar bolan adamlaryñ maşgala mesele bolan adamlaryñ ýene dürli meseleleri bolan jemgiýetiñ ruhy düşünjelerine we pikirlerine täsir etýär. Olaryñ bu edýän işleriniñ garşylygyny pul bilen ölçeýäler we esasanda kanuny ýoldan dälde eýsem bikanun ýoldan ýagny myş myşlary bilen öz atlaryny tanatýarlar.

Onsoñ hem egerde şular ýaly bir iki sany palçylaryñ çaklamalarynyñ bir iki sanysy dogry bolaýsadagy adamlaryñ dilenden düşmän beýleki adamlaryñ gulaguna çalynyp öz wezipelerinde meşhur bolýarlar.

Aňsat gazanç diýmelimi haram gazanç diýmelimi ýada kyn günde kellesini işletdi diýmelimi doly menä bilemok ýöne aňsat iş ?

İndi magazyn gözlap oňa pul tölap oturmaly däl. Özüňi harydyňy ýada işiňi tanatjak bolýaňmy tehnalogiýadan peydalanyp ony özlerine tarap ulanmagy başarýarlar. Şeýle hem aňsatlyk bilen bir elinde telefon bir elinde kofýasyny içip harydyny ýada öz işini reklama edip ýüzlerçe müşderini özüňe baglap bilýäň. Ýagny näme, şu wagtlar Türkmenistanyň ilatynyň köpüsi diýen ýaly pul ýagdaýdan az kem bolsada kösenýäler, beýle ýagdaýlarda eliňdäki baryň bilen kelläňi işledip başarmasaň gün güýçliňki bolar.
7 лайков 282 просмотров
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
24 фев 2023, 18:09
Dogry aydypsyñ. Palçy bilen doga ÿazyp berÿänä köpelipdir.
RelaX
24 фев 2023, 18:11
Gowy ýazypsyñ ??????
RelaX
24 фев 2023, 18:15
Palçy diyilyan adam aslynda psiholok ol adamyñ daşky keşpine görä baha berýä onsañ 10000 gepinden 1 dogry çyksa adamlar beyleki yalanlary unudyp goyberya şeydivem asa yuwaşh kilent bolýa oña
Гость
24 фев 2023, 19:19
Ylmyňam, diniňem inkär etmegine seretmezden palçy, ekstrasensler bar zat, hakyky zat. Bilýäni 100 göterim'em bilýä. Bu kommenti okap, pes düşünjeli, köneçil, oýnatgy,garaz başga-da şahsy sözlügiňizde ýene nähili "mylakatly" sözler bolsa aýdyp bilersiňiz. Ýöne men ynanýan, şularyň içinde hakyky bilgiç, palçylaň bardygna. Men özüm bir-iki gezek şaýat boldym ogurlygyň üstüni açyp berendigne (tötänlik bilen aýdyp açyp boljak sluçy däldi bu, has çulşyrymlyrakdy).Köp gezeklerem ynamdar adamlar boýunça eşitdim. Rossiýa polisiýasy ekstrasensler bilen işleşýändiginden habaryňyz barmy? Ýitirilen zatlary we başga-da her hili jenaýatlary açmakda şolaryňam kömeginden peýdalanýandygyny eşidipdiňizmi?


*Ýokarda "diniň inkär etmegine seretmezden" diýdim weli, şuny inkär edýämi, ýokmy bilemokdyryn. Gadagan edilendigni bilýän
Gerceknazar
24 фев 2023, 19:43
Onda menem palçy boljak indi :)
Combining
24 фев 2023, 19:55
Гость,

Onsoñ olar şol ýitirlen zatlary, nädip tapyp bilýärler?
Combining
24 фев 2023, 19:57
Гость,
Palça ynansañ dogry düşýär, ynanmasañ dogry düşenok. Olara ynansañam imanyñ uçyp , dinden çykýañ!?
#B.S
24 фев 2023, 20:27
Гость,
Jigim bir gezek gecilerni yitirende palca gitdi. Shon aydyshy yaly bolubam tapyldy. Hayran galdy mennen beter
GuljemilE
25 фев 2023, 11:03
#Onden gorujilik we ona ynanmak uly guna
Bentner
25 фев 2023, 11:50
Khanture
Гость,
Jigim bir gezek gecilerni yitirende palca gitdi. Shon aydyshy yaly bolubam tapyldy. Hayran galdy mennen beter

1 gecisi yitendir 2 geciňem puluny berendir :)
#B.S
25 фев 2023, 11:54
Bendtner,
?
Hiayress21
25 фев 2023, 12:33
Palçy, münejjim, porhan, jagygöý ýada mistiki wakalar, keramatly adamlar haçanda halkyň ýada jemgyýetiň ruhy, mental ýagdaýlary pese gaçyp, özüne ynamyny ýitirip, ertiri garalyp, alňasanlyga düşende ýoň bolýar. 1990-njy ýyllardaky ýaly.