ÖZBEK MUGALLYMLARY ÜÇIN
Saida Mirziýoýewanyň mugallymlar barada eden çykyşy metbugatda we sosial ulgamda uly ses getirdi. Bu barada daryo.uz habar berýär.
Özbegistanyň prezidentiniň gyzy Saida Mirziýoýewa “Zakowat” intellektual bäsleşigiň 2022-nji ýylyň jemleýji döwlet tapgyrynda ýeňijileri sylaglandyryş dabarasyna gatnaşdy. Saida Mirziýoýewa häzirki wagtda ýurduň Prezidentiniň kommunikasiýa we maglumat işleri boýunça edarasynyň baş dolandyryjysy wezipesinde hereket edýär.
Saida Mirziýoýewanyň bu sylaglandyryş dabarasynda mugallymlaryň jemgyýetdäki orny barada eden çykyşy ýurduň çäginde we birnäçe daşary ýurt metbugatynda-da uly seslenme getirdi:
“Bu günki günde mugallym häkimlik çäreleriniň hyzmatçysy, öýme-öý aýlanyp statistika toplaýjy, mugt ussa, bagban, tämizlikçi, mekdebe gelýän komissiýalara hyzmat berýän ofisiant we aşpez, işçi meýdanlaryň we jemgyýetçilik toparlarynyň agzasy, içgysgynç çärelerde zaly doldurýan massowka, ilatdan kreditler we salgyt barada maglumat ýygnaýjy, metbugat neşirlerine mejbury abunaçy, gijeki nobatçy we mekdep garawuly, kimdir birileriniň maşgalalardaky birahatlyk we terbiýesiz çagalary üçin hem jogapkär adam.
Mekdep näme? Sapak näme? Çagalaryň bilimi näme? Bu ýagdaýda bilimi nädip rowaçlandyrmak mümkin? Mugallymyň şahsy durmuşy, maşgalasy we perzentleri üçin sarpedýän wagty hakynda bolsa aýdyp hem oturmaly däl.
Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, ähli meseleleriň çözgüdi bilimde. Onuň sütüni bolsa okadyjy mugallymdyr.
Bu gün biz şeýle bir jemgyýeti gurmaly, onda mugallymyň gadrynyň hem, mertebesini hem belent bolmagy zerur.
Mugallymlar erkin pikirlenip bilýän, öz üstünde dowamly işleýän, her taraplaýyn hemaýat edilen bolmaly.
Bütin jemgyýet mugallyma hemaýat edip, onuň mejbury zähmete, dürli goşmaça işlere sezewar edilmegine garşy dursa, bu maksada ýetip bileris.
Şu kesp eýelerine wezipesinden daşary işleri ýükleýänler administratiw we jenaýat jogapkärçiligine çekilmeli. Bu barada degişli kanun taslamasy işläp taýýarlanyldy we ýakyn wagtda tassyklanylmagyna garaşylýar.”
Çeşme: ashgabat.in
06.01.2023ý.

4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.