Coronavirus vs Allah

Allah Gurhanda musulmanlara Käbä gitmegi buýurýar. Bakara, Ankebur we Kasas ýaly sürelerde Käbäni goraýandygyny, howpsuz ýerdigini aýdýar. Ýöne Koronawirus howpy sebäpli Käbä barmak gadagan edildi. Araplar Gurhanda aýdylanlara ynanmaýan ýaly, koronawirus sebäpli Käbäniň howpsyz däldigini ýagny Allahyň gorap bilmejegini aýdýan ýaly boldy. "Ynanmak we bilmek" mowzugymda aýdyşym ýaly Eger Allahyň gorajagyny bilsediler, hat-da ynansadylar Käbäni ýapmazdylar.
Geçen Anna güni bolsa koronawirus howpy sebäpli musulman Eýranyň taryhynda ilkinji gezek ähli şäherlerde juma namazy gadagan edildi. Allahyň parzyny koronawirus sebäpli ýatyrdylar.
Şeýlelikde häzirlikçe hasap: Koronawirus 2-0 Allah
4 лайков 258 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Гость
12 мар 2023, 07:55
10-0 bolanda kime gyzykly bu sçot? Ynanjak şonda-da ynanar. Ynanmajak Hudaýy öňüne getirip goýsaňam ynanmaz.

Sen näme dinsizlerden goşun toplajak bolýaňmy? Näme üçin beter jan edýäň bu hili propogandalaň bilen? Milleti dinsizleşdirmekden saňa peýda barmy? Wahabizimi, Gülençiligi, Nurjyçylygy wagyz etýän bolaňda düşünjek saňa, bu zatlary pul üçin edýäniňi. Ýöne maňa çyndan gyzykly, seň şu dini, Hudaýy ýalana çykarjak bolmagyň asyl sebäbi
Perman Izakow
12 мар 2023, 08:37
Geçen Anna güni bolsa koronawirus howpy sebäpli musulman Eýranyň taryhynda ilkinji gezek ähli şäherlerde juma namazy gadagan edildi

Haçanky gürriňler bu?
Jeksparro
12 мар 2023, 08:43
PROLIGA
Geçen Anna güni bolsa koronawirus howpy sebäpli musulman Eýranyň taryhynda ilkinji gezek ähli şäherlerde juma namazy gadagan edildi

Haçanky gürriňler bu?


Kellesine taýak aýlanyp degen adam ters aýlanýan goýun ýaly şo bir temany açyp oturar eken...
Jeksparro
12 мар 2023, 08:49
Гость
10-0 bolanda kime gyzykly bu sçot? Ynanjak şonda-da ynanar. Ynanmajak Hudaýy öňüne getirip goýsaňam ynanmaz.

Sen näme dinsizlerden goşun toplajak bolýaňmy? Näme üçin beter jan edýäň bu hili propogandalaň bilen? Milleti dinsizleşdirmekden saňa peýda barmy? Wahabizimi, Gülençiligi, Nurjyçylygy wagyz etýän bolaňda düşünjek saňa, bu zatlary pul üçin edýäniňi. Ýöne maňa çyndan gyzykly, seň şu dini, Hudaýy ýalana çykarjak bolmagyň asyl sebäbi


Bu sümer Tablisalaryny okap görüpdir. Başga planetadan gelen Anunnaki suwuklyk döredip adamy döredipdir. Ony döretmeginiň sebäbem öz planetalarynyň atmosferasy gowşak diýýär. Ol gowşak atmosferany berkitmek üçin Ýerdäki altynlar gerek bolupdyr. Ol altynlary toplap çykarmak üçin Adam gerek bolupdyr.

Bu @Panturkistem, şol suwuklyk döreden Anunnakä nälet okaýar, adamlaryň şony Taňry ýerine goýýandygy üçin. Aslynda şo Anunnakiniň perişdedigine welin düşünenok :)
#B.S
12 мар 2023, 09:40
Jekwarabey,
???
Edepli Gödek
12 мар 2023, 16:33
Hadyslary ýalan we nädogry aýtmak günä welin ýöne häzir sen ýaly düşünjesine depeýiniň maňlaýgarysy üçin aýtmaly bolýan ýadymda doly bolmasada. Bu hadysyň dogry we dürs görnüşüni agzalaryň özleriniň gözläp görmeklerini duýdurýan öňünden!
Seret şeýle bir hadys bar şonda şeýleräk diýilýär. Eger ýaşaýan ýeriňizde (ýurt, welaýat, etrap, oba, öý) ýokanç hassalyk bar bolsa ýaşaýan ýeriňizden başga ýere çykmaň we ýokanç hassalygyň bar ýerine barmaň. Düşünjäňe baryp ýetdimi indi näme diýjek bolýanym!
Edepli Gödek
12 мар 2023, 16:34
Aýdýan süreleňde Käbäniň goralýandygyny okapsyň ýöne düşünmänsiň!
Edepli Gödek
12 мар 2023, 16:38
Ýaňky hadysda diýlişi ýaly ýokanç keseliň bar ýerine barmaly däl. Parzyňy öýüňde ýerine ýetiribermeli. Allah islese ol parzyňy metjitde ýerine ýetiren ýalagyňky ýaly sogap ýazar öýüňde ýerine ýetirseňem niýetiň parzy ýerine ýetirmek bolsa eger!
Ajaŷyp
Ajaŷyp
13 мар 2023, 03:39
Muny gabyram duzetmez agalar janyñyzy gynamañ