WIRUSLY GEPATIT
Wirusly gepatit, A, B, C, Delta, E, G wiruslary ýada Gerpes ýaly wiruslar
sebäpli bagyrda dörän iriňlemedir. Wirusly gepatitiň her görnüşi ýokançdyr: A
we E gepatitleri iýmitiçgileri bilen, B, C, Delta we G gepatitleri gan we beden
suwuklyklary arkaly ýada ýakyn gatnaşyk esasynda geçip bilýär.
Käbir hassalar, ganynda gepatit wirusy we bagyr funksiýasynda bozulma
bolan ýagdaýynda, hiç hili alamat bermezden we sary getirme alamaty
bolmazdan gepatit görkezip bilýär. Käbir hassalarda bolsa ysgynsyzlyk,
işdäsizlik, ýürek bulanmasy, gusmak, garyn, arka ýada bogun agyrylary,
gijilewük, gözüň agynda we tende saralma, peşewiň reňkinde goýulaşma ýaly
alamatlardan biri ýada birnäçesi duş gelip bilýär. Ganda gepatit wirusy
anyklanan ýagdaýynda, bagyr funksiýasynda bozulma we keseliň alamaty ýüze
çykmadyk şahslar göteriji hökmünde hasaplanylýar.
Ýöne sagdyn bagyr wiruslaryň ýaşap biljek sredasy däldir. Diňe, hroniki
siňdirmezlik bilen ejir çekýänler we hroniki zäherlenme esasynda gepatitiň
döremegine esas döredýän maddalary ulanan adamlaryň bagyrynda zäherli
madda we zyňyndylaryň ýygnanmagy esasynda wiruslar köpelip, bagyry
arassalama wezipesini ýerine ýetirmäge başlaýar. Wiruslar bagyrdaky zäherli
maddalary arassalap ýören döwründe keseliň alamatlary ýüze çykyp bilmeýär.
Ýöne zäheriň mukdary wiruslaryň arassalaýyş ukybyndan geçýän ýagdaýa
gelende gepatit alamatlary ýüze çykmaga başlaýar.
Ganynda gepatit wirusy bolandygyna garamazdan, bagyr funksiýasynda hiç
bir üýtgeşme görkezmeýän göterijileriň ýagdaýy şuňa delildir.
Wirusly gepatitiň bejergisi aňsatdyr. Hassa näçe ýaş bolsa, keseli her näçe
irki we lukmançylyk dermanlaryny her näçe az ulanan bolsa, gowulaşma
şonçada gysga wagtda amala aşar.
Ýaş hassada täze başlan wirusly gepatit üçin maslahatlar:
1nji gün
•Irden 6-7de gusuň! («Umumy Maslahatlar» bölümine serediň!)
•Gusandan 2-3 sagat soňra 1 çorba çemçesi magniý sulfat (iňlis duzy,
glaubren duzy) 1 bulgur suw bilen içiler.
•2-3 sagat soňra, ýarym çaý çemçesi owradylan senna + 100 gr turp
ýapragynyň suwy + 100 gr suw + azajyk şafran garyp içiler. Turp
ýapragynyň suwunyň ýerine hindiba suwy, çopantelpek çaýyny ýada
ýowşan çaýyny ulanmak bolar. Çaýlar, bir orta çemçe ösümligi 150 gr
gaýnag suwda 15 minut demläp, süzüp taýýarlanylar.
Mundan soňra, eginden başlap 12nji gapyrga çenli, ertesi gün sag we çep
göwsüň aşagynda göbegiň deşiginiň deňine çenli banka goýular. Gyzgynlygy
ýokary bolsa, gyzgynlygy gaýtmaga başlanda banka aýrylar.
2nji we 3nji gün
•Günde 4-5 gezek azajyk suw goşmak arkaly alma, greýpfurt, semzek ýada
käşir suwuna zenjebil suwy goşup içiler. Her gün 2 gezek bir çaý çemçesi
külke edilip owradylan ýowşan+altynoty garyndysy suw bilen bile
ýuwudylar. Ýada:
•Irdenöýle arasy käşiriň + almanyň suwunyň garyndysy, öýlänikindi arasy
greýpfurt suwuna, ikindi bilen agşamyň arasynda semzek suwuna zenjebil
suwuny goşup içiler. Bularyň arasynda 2 gezek bir çaý çemçesi
ýowşan+altynoty garyndysy ýuwudylar.
Almanyň we greýpfrudyň suwy garyşdyrylmaly däldir, ýöne almanyň suwy,
käşiriň suwy bilen; käşiriň suwuny, semzek we ysmanagyň suwy bilen
garyşdyrmak bolar. Greýfurtyň ýerine limonyň suwy, gyşda semzek suwunyň
ýerine gyzyl şugundyryň suwuny + käşiriň suwunyň garyndysyny içmek bolar.
Eger içmäge isleg ýok bolsa, özüne zor salyp içilmeli däldir, şol üç günüň
dowamynda aç galynmalydyr.
Şu 3 günüň dowamynda başga hiç zat iýilmeli däldir.
•Birinji gün pilçeleriň arasyndan we aşagyndan, 2-3 günden soň dyzlardan
gan aldyrmaly.
Şu 3 günüň dowamynda gusmalaryň bolmagy her görnüşdäki gepatit üçin
hem peýdalydyr, gowulaşmagy çaltlandyrar. 1 bulgur mylaýym suwa 1 çemçe
zeýtun ýagy goşup içmek özözünden gusup bilmeýänlere ýardam berer.
Ilkinji 3 günden soňky 7 günüň dowamynda:
•Her gün günortana çenli ýokarda görkezilen garyndylar içiler.
•Günortan islendik möçberde injir, üzüm, alma, greýpfurt, erik ýada wişnýa
garman iýmek bolar.
•Agşam käşir, gyzyl şugundyr, ysmanak, pyrasa, sogan, sarymsak, semzek,
turp ýapragy, limon suwy we zeýtun ýagy bilen işdäaçar ediler, ýanynda bir
gysym gowrulmadyk badam ýada pisse iýmek bolar.
•Ýatmazdan ozal ýagsyz gatygyň suwuna azyrak iri duz (gaýa duzy) we bal
garyp içiler.
4nji gün gyzdyrma ýada sarylyk dowam edýän bolsa:
•4nji gün irden ilki bilen 70-100 gr täze sykylan hindiba ýada çitçiti otunyň
suwy + 50 gr suw + ýarym çaý çemçesi owradylan senna + azajyk şafran
garyndysy içiler. Çitçiti otunyň ýerine turp ýapragynyň suwy, çopantelpek
çaýy ýada ýowşan oty çaýy ulanmak bolar.
Duýduryş: Şu görnüşdäki ajy garyndylar şekersiz içilmelidir.
•Soňra günortana çenli gök önüm suwlary içiler.
•Günortandan soňra bir käse ýaşyl merjimek + 1 çaý çemçesi kimýon dänesi
+ 1 orta çemçe gury zirk miwesi ýada gabygy + ýarym çaý çemçesi çemen
oty gaýnadylar, ody öçürmezden ozal zenjebil goşular. Biraz sowandan soň
ezmän süzüler we mylaýym görnüşde owurtlap içiler. Ýaşyl merjimegiň
ýerine arpa hem ulanmak bolar.
•Ýatmazdan ozal ýagsyz gatygyň suwuna azajyk iri (gaýa) duzy we bal garyp
içiler.
Şeýlelikde 7nji gün tamamlanar:
•Şu 7 günüň dowamynda 4nji gün ajy gawunyň suwy 1/3 gatnaşygynda suw
bilen garyşdyryp goşawujyň içine döküler we kelläni öňe tarap egip,
burundan bokurdaga çenli çekiler. 35 sekunt saklandan soňra, sümgürmän
daşyna akmagyna rugsat beriler. Bir gezekden köp çekmek dogry däldir. 2-3
sagat soňra asgyrma we burun akmasy başlar we bu ýagdaý 1-2 gün dowam
edip biler. Şu işden soňra gözlerdäki we deridäki saralma dessine geçer.
Ýöne azajyk kelle agyry bolup biler, bu adaty hadysadyr. Ajy gawunyň
suwunyň ýerine arassa ajy gawun ýagy ýada çörek oty ýagyny hem ulanmak
bolar. («Dermanlar» bölümi «Ajy gawun» temasyna serediň!)
Ýada:
-Öý sirkesini hem burna çekmek bolar. Sirkäni 7-10 sekunt burunda saklap,
her gün 3-4 gezek gaýtalamak zerurdyr. Sirkä arassa bal goşsaň hem bolar.
•5nji gün irden pilçe süňkleriniň arasynda we sag pilçäniň aşagynda,
•6njy gün göwüsleriň aşagynda 6 sany lukmançylyk sülükleri goýular.
Sülükler düşenden soňra banka goýular.
Şeýlelikde, bagyry arassalamak işine taýýarlyk tamamlanar.
•8nji gün sagat 17:00a çenli suw bilen garylan miwe suwy içiler we sagat
19:00dan başlap bagyry arassalamak işi amala aşyrylar. («Bagyry
arassalamak» baradaky bölüme serediň!)
•Bagyr arassalanandan soňra iýmitlenme ýagdaýyna üns beriler we bir hepde
soňra 3 günlük açlyk ediler.
Şu meýilnama gutarandan birnäçe wagt soňra wirus özözünden ýiter. Sebäbi
arassalanan bagyr indi wiruslaryň ýaşap biljek sredasyndan çykar.
Saglygy dikeldenden soňra täzeden ýitirmezlik üçin hepdede 1 gezek 36
sagat açlyk agyz beklemek, lukmançylyk dermanlaryny, goşundyly taýýar
nahar we içgi ulanmazlyk, garymgatym we birbirine utgaşmaýan iýmitleri
iýmezlik, hiç hili görnüşde zäherli maddalara galtaşmazlyga üns berilmelidir.
•Ene süýdini emýän bir bäbek gepatit bolsa, 2-3 gün aç goýular. Açlykdan
soňra 50 gr zeýtun ýagy bilen klizma amala aşyrylar, soňra azazdan
emdirilip başlanar. Bäbek aç wagty ene şu möhleti miwe suwuny içip
geçirmelidir, süýdini sagyp çykarar we içegäniň bejergisine başlar.
•2-5 ýaşyndaky bir çaga gepatit bolsa, dessine 2-3 gün aç goýlar, açlyk
gutarandan soňra 100 gr zeýtun ýagy bilen klizma etmek, soňra 7 günüň
dowamynda greýpfurt, alma, käşir suwuny we bal şerbetini içirmek, miwe
iýdirmek zerurdyr. Açlyk gutarandan soňra, 2nji gün pilçe süňkleriniň
aşagynda banka goýular ýada sag pilçe süňküniň aşagynda 3 sany sülük
goýular. Sülükler düşenden soňra banka goýular. Şu 7 günlük bejergiden
soňra, indi çaga sintetiki ýaglary, goşundyly iýmitleri we içgileri, garym-
gatym naharlary we ak çörek iýdirmek, süýt içirmek bolmaýar. Täze sykylan
miwe we gökönümiň suwy, adaty üzümiň toşaby we miwe berilmelidir.
Günde bir wagtyna nahar iýdirmek bolar. •5-10 ýaşyndaky çagalara 150-200 gram zeýtun ýagy bilen klizma edilenden
soňra, 3 gün aç saklanylar. Soňky 3 günde alma suwy içiriler we 3nji gün
sagat 19:00dan başlap bagyryň arassalanmagy başladylar. («Bagyry
arassalamak» baradaky bölümine serediň!)
•Ýaşy gartaşan hassa üçin hroniki gepatit bejergisi amala aşyrylmalydyr.
G. Güler, 32 ýaşynda, Stambul.
Bir ýaşymda pnewmaniýa keselini geçiripdirin we antibiotik sanjym
edilipdir.
Maşgalam noýba, mekgejöwen ýetişdiren mahaly mörmöjekler, pyşdyllar
iýmesin diýip, köp DDT (ekin dermanlary) ulanýardylar. 20 ýaşymda durmuşa
çykdym. 3 aýlyk nikaly wagtym 2 aýlyk çagam düşdi. Lukmanlar ýatgynyň içi
aşa gazylandygy sebäpli gaýtadan göwreli galma ähtimallygynyň ýüzden 5
göterim bolup durandygyny aýtdylar. Ilkinji düşükden soňra saglyk ýagdaýym
bozuldy, psihologiki bejergi almaga başladym. Ýatgynyň rentgenine seredip
gysyr (önelgesiz) bolandygymy aýtdylar. Şondan soňra göwreli galdym.
Göwreliligiň dowamynda 9 aý aş saýladym. Doguranymdan 9 aý soňra
gaýtadan göwreli galdym, ýöne bäbegim 5 aýlyk wagty garnymda öldi. Ýarym
sagatdan köp dowam eden abort bilen alyndy. Şu düşürmäniň sebäbini
barlaýan lukmanlardan biri maňa: «Ganyňda mikrobik bir kesel bar, emma
nämedigini bilmeýärin» diýip, ençeme barlaglardan geçmegimi talap etdi. Şu
aralykda ýenede psihologiki bejergä başladym. 2 ýyllap Seroxat, Dideral we
Atarax ulandyran we örän meşhur bolan lukmana gidip gelýän wagtlarym
lukmanyň özüniň hassadygyny bilip, bejergini taşladym.
Birnäçe wagtdan soňra täzeden göwreli galdym. Aşa ýürek bulanmasy, baş
aýlanmasy, ysgynsyzlyk we huşumy ýitirme şikaýaty bilen lukmana gitdim we
geçirilen analizlerde GepatitC çykdy. Derrew bäbegi aldyrmaklyk zerurdygy,
ýogsam fermentleriň köpelmegi zerarly keselimiň agyrlaşjakdygy aýdyldy.
Ýoldaşym bilen bilelikde bäbegi aldyrmazlyk kararyna geldik. Çapa
Hassahanasynda maňa seredýän lukman: «Dogurandan soňra Çapa bilen
nikalaşmaly bolarsyň, biopsiýa diýsem biopsiýa, analiz diýsem analiz, men
näme diýsem, şony etmeli bolarsyň»diýdi. Ikinji dogum hem ilkinji
dogumdaky ýaly garny kesip almak arkaly amala aşyryldy. Dogumdan soňra
fermentler ýokarlandy. Çaga hem GepatitC geçer öýdüp, ony emdirmäge
rugsat bermediler. Bu ýagdaý meni perişan etdi. Bäbegime bir köpegiň güjügi
ýaly seredişleri, iki ellik bilen, barmaklarynyň uçlary bilen alyp goýmaklary
hem meni juda gynandyrýardy.
Dogranymdan soňra 1 aý dolmanka bagyryň biopsiýasy geçirildi. Indi her
günümi hassahanalarda geçirýärdim. Meni gaýtadan psihologa ugratdylar.
Berlen dermanlardan soňra güýçli kelle agyrylary başlady, agyrylar şeýle
güýçlidi welin, kellämi diwarlara urýan wagtym bolýardy. Şu dermanlar meni
has hem beter keselli edýärdi, örän gaharjaň, agressiw bolup başladym we
aşgazanymda gastrit başlady. Indi ölerin öýtýädim, kiçijik çagalaryma öz-
özlerine sertmekligi başarar ýaly, olara iş öwredýärdim. Kelle agyrylarym
geçmedik wagty başga bir lukmana gitdim, ol hem maňa Zomig atly aýda bir
gezek kabul edilýän derman berdi. Şony içen mahalym dälirärin diýip pikir
edýärdim, beýnim guruşyp, hemme zady gan görnüşinde görýärdim, elime bir
pyçak alyp, ýoldaşymy we çagalarymy pyçaklamak isleýärdim.
Dowamly garnym çişýärdi. Lukmanlar 30 ýaşymda sirroz bolandygymy,
ömrüm 50 ýyl bolsa, 40 ýyla düşjekdigini aýtdylar. Ýöne ýaş bolandygym üçin
bagyr transplantasiýasy geçirmeli boljakdygymy düşündirdiler. Ýoldaşym
maňa hemişe: «Gorkma GepatitCniň bejergisi ýok diýseler hem dermanyny
Alla garşymyza çykarar»diýýärdi.
Şu aralykda ýoldaşymyň bronşoktazi bolan bir dostunyň bejergi alýan
Süreýýa Paşa we Ýedikule Göwüs keselleri hassahanasyndaky lukmanlar:
«Biziň edip biljek zadymyz ýok. Sen imanly adam, öýüňe gitde rahat-rahat
ölümiňe garaş!»diýipdirler. Ol bolsa, Aidin Salihiň maslahatlaryny amala
aşyrmak kararyna gelipdir. 3 gezek 3 günlük açlykdan soňra gowulanypdyr.
Muny gören mahalym men hem Aidin Hanym bilen duşuşdym. Maňa örän
aňsatlyk bilen gutulyp biljekdigimi aýtdy. Ýyllardyr Gepatit Cniň bejergisiniň
ýokdugyny eşidip gezendigim üçin muňa ynanamokdym. 70 günden soňra ne
gepatit, ne migren, ne rewmatizma, nede süýüm ýyrtylmasyndan hiç hili yz
galmady. 4nji gezek göwreli boldum, hassahanalarda alan şonça agyr
tejribelerimden soňra üçünji gezek öýde dogurmak isledim. Üç gün sanjy
çekenimden soňra ýatgynyň agzy açylmandygy üçin, bäbegim ýatgy bilen
birlikde daşyna çykjak bolup durka, gaýtadan garny kesip almaga mejbur
galdym. Operasiýada ikinji garny kesip almada ýatgynyň ýalňyş dikilendigi
ýüze çykdy.
Şu üçünji garny kesip alma işinden 1.5 ýyl soňra öýde adaty dogurmak arkaly
5 kilo 200 gramlyk bir bäbek dünýä getirdim.
Alla Aidin Hanymdan razy bolsun!
Maý, 2011.
Hroniki Gepatit üçin maslahatlar:
Hroniki gepatitde hem beýleki kesellerde bolşy ýaly, ilkinji nobatda iýmit
siňdirişi düzediler, soňra bagyr arassalamak işi amala aşyrylar. («Iýmit siňdiriş
ulgamynyň kesellikleri» we «Bagyry arassalamak» baradaky bölüme serediň!)
Bagyry arassalandan soňra, bagyry güýçlendirmek üçin 1 aý boýunça:
•Her gün irden 250 gr greýpfurt suwy (ýada limon suwy+200 gr suw) + 50 gr
zenjebil suwy (ýada 1 çaý çemçesi zenjebil külkesi) + 1 orta çemçesi bal
garyndysy, yzyndan 1 kofe çemçesi çörek otunyň ýagy içiler. Günortana
çenli miwe iýiler ýada miwe suwy içiler. Bagyr üçin iň gowy miweler injir,
üzüm, alma, greýpfurt we limondyr.
•Günortandan soňra aç garna 1 çaý çemçesi polen (mum) + 1 orta çemçe bal
garyndyny iýiler. Baldan başga süýji iýilmeli däldir.
Günde bir gezek nahar, ýanynda gök işdäaçar, sarymsak, gyzyl şugundyr,
ysmanak, semzek işdäaçary zeýtunýag bilen iýiler.
•Hepdede 2 gezek ýaşyl merjimek, kimýon dänesi we çemen oty bilen
gaýnadylar, zenjebil goşular we ýenjilmän süzülip, suwy içiler. Ýaşyl
merjimegiň ýerine arpa hem ulanmak bolar.
Polen (Mum) tapylmasa, aşakdaky garyndy taýýarlanylar:
•30 gr gury zenjebil + 15 gr dalçynyň gabygy 300 gr suwda bir gije saklanar.
Ýumşan zenjebil inçejik dogralyp, şol suwuň içinde dalçyn bile bilelikde 10
15 minut pes otda gaýnadylar. Soňra 1 kilo täze injir goşular. (Täze injiriň
ýerine 300 gr tebigy görnüşde guradylan injir suw bilen nemlendirilip, bir
gije saklap ulanyp biliner). Gaýnama derejesine gelenden soňra, 1 bulgur
gant goşulyp, ody öçüriler. 1-3 sagat garaşdyrylandan soňra, gaýtadan ojaga
goýup, 10-15 minut pes otda gaýnadylar. 56 sagat soňra ýarym kilo bal
garyp, 35 minut pes otda garaşdyrylar we köpügi alynar. Ody öçüren
badyňa, bir gysym şafran 100-150 gr gyzgyn suwda bir gün garaşdyrylyp
süzülenden soňra, taýýarlanan şafran suwy goşular we sowadyjyda
saklanylar. 2-3 gün soňra ulanmaga başlanylar. Günde 1-2 gezek aç garna
mylaýym suw garyp, 30-50 gr içiler, däneleri hem iýiler.
Bir aýdan soňra:
•Her gün irden 1 çorba çemçesi täze owradylan çörek oty + 1 çorba çemçesi
owradylyp üwelen adaty juwanperçem + 1 çorba çemçesi bal garylar,
günortana çenli iki gezekde gök çaý bilen içiler. Ajyganda almanyň suwuny,
greýpfurtyň suwuny, käşiriň suwuny içmek bolar, günortana çenli başga hiç
zat iýmeli däldir. Günortandan soňra saglyk ýagdaýyna (tebigatyna) laýyk
gelýän bir nahar iýmek bolar. 35 gün şular ýaly görnüşde dowam ediler.
•Agşam 1/2 çaý çemçesi owradylan senna + 70-100 gr hindiba suwy + 50 gr
suw + azajyk şafran garyndysy içiler. Hindiba suwunyň ýerine çitçiti oty
suwy, 1 çorba çemçesi täze sykylan zenjebil suwy, turp ýapragynyň suwy
ýada çopantelpek çaýy ulanmak bolar. Iç gatama ýok bolsa, hepdede 2-3
gezek, iç gatama bar bolsa, her gün almaga dowam ediler. Şu ýerde sennany
ulanmakdaky maksat gany we bagyry arassalamakdyr. (Şu garynda her 3-6
aýda 10-14 gün dowam ediler). Garyndyny içenden soňra, 1-3 çemçe nişlän
bugdaý iýiler. (40 gün dowam ediler).

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.