YŞK DAMJALARY
***Söýgi hem, edil guş ýaly, kâ uçýar,kâ gonýar. Öz köňlüňe bak! Yşgyň köreýân bolsa, bu seniň
okamaly kitabyňdyr. Okaňsoň, yşgyň joşuşyna-da bir bak!
***Seniň gözleriň gara-da dâl, mawy-da däl, söỳgi reňkinde.
***Men gözýaşlarymy kirpigimden asdym, ýarym meni zülpünden asdy, görenler bizi köňlünden asdy.
***Durmuş meni saýgylap-saýgylap, demir darak bilen daraklap,sümek edip sozdy. İkde egrip-egrip, ýumak edip taşlady. Jana-janym! Menden bir kilim doka, belki ýörâňde aýajyklaryñ galtaşar.
***Dogrymy aỳtsam, “ Mejnun bilen bir synpda yşk sapagyny okaşdym”Ol dörtlük alardy, meňki bäşlikdi.
*** Ÿalňyz galdym sensiz-sensiz.
Ÿürek aglar sessiz-sessiz.
***Adyňy gözümiň agyna ýazdym.
***Saňa dünýäniň sözüni öwretsem-de:”Seni söýýän”diýdirip bilmedim.
***Gözleriň bilen meni diňle, söỳgülim! Sen şeỳle bir näzik weli, seni özümden gabanỳan.
*** " Âhli deňizleň suwy syýa bolsa, saňa hat ýazyp tüketsem," şonda duýgularym egsilermikä?!
*** Gündiz Gün bolup, gije Aỳ bolup, ỳoluňa yşyk berdim, köňlüňe yşk berdim. Maňa bolsa ỳumruk ỳalyja ỳürek gerek, ỳüre-ek!
***Üşân şemal ak maňlaýyňy sypap-sypap ýylyndy.
***Sen ýatlamalarymyň açarysyň.
***Eýjejigim! Patyşa bolaýyn diýseň, guluň-a bar.
***Çigildem gary dilip çyksa, sen ỳüregimi dilip çykdyň.
*** Janym jan öýünden çykansoň, sen ýadymdan çykarsyň.
***Ol şeýle bir gözel welin, ony gören lala-da dil biter.
***Ilerki obada şeyle bir gözel gyz bar weli, guşagy bolmasa biliniň barlygam görünjek däl.
***Meniñ söýgim bulut satyn alanyñka döndi: Ne ýüregim galdy, ne söýgim.
***Yşga ýugrulmasa, gözelligiň bir şaýydyr.
***Ýyldyrym bolup gel,sil,tüweleý bolup gel! İň gowusy,özüň bolup gel!
***Aşyk kimdir, bileý diýseň,
Sözüň dogrusyn söýläýin:
Oraz Ýagmyrça söýmeseň,
Hiç kim saňa aşyk diýmez.
***Halyňdan habar almasam, seni unudandyr öýtme. O gözleri görsem, gaýgy-gamlar ary sürüsi bolup topulýarlar, ýatlamalar haraba kerpiji ýaly sökülýärler.
*** Sen ỳüregime urlan hanjardanam beter bolduň. Hanjary sogrup bolỳar.Sen ölemde-de ỳüregimden sogrulmarsyň.
***Gijeleriň soltany gelinlerdir, gündizleriň soltany ýigitlerdir.
*** Sen ýola çykdygyň, garşyňdan çykan şemal ýüzüňi sypaýar. Men şo ötegçi şemalça-da bolmadym.
*** Akja gar tozgajyklary söýgülimiň ýaňajyklarynda yz goýup gitdi.
***Meni söýmân şunça ýakyp-ýandyrýaň, eger söýen bolsaň dagy külüm ýele sowrular giderdi.
*** Ýazda geler, güýzde geler öýdüp garaşa-garaşa ömrüñ gyşyna ỳetdim.
*** "Henizem gözleriňde ýyldyrym çakýarmy?"diýip ýazypsyň. Hawa,heniz-henizlerem ýyldyrym çakýar, ýöne diňe özümi ýakýar.
*** İkimiz boş lifte münenmizde bir ses geldi:İki adamlyk lifte dört bolup münýâňiz.
*** Biz jandan söýüşdik. Duýdansyz ýagyşda ezilen saçlaryň gözümde şekil bolup galypdyr. İndi ýagyş ýagdygy şo saçlar ezilýândir öýdüp gorkýan.
*** "Aýalaryň şeýle gyzgyn." diýýâdiň. Ýüregimiň howry aýamdan çykýar.
*** Aglama, aglama! Ajy ýaşlar gözleriň garasyny solduraýmasyn.
*** Oýmak ýaly ýüreklije guş dünýâni aýlanyp çykarmyş. Biz ýüreklerimiziň ululygyndan uçan dâldiris.
***O gözele çekinmän bakyp bilýän diňe aýnadyr.
***Yşk-ölmek, direlmekdir, körlük we wepadyr.
***Uzyn boýly diýseň, boýuma guwandym, akylly diýseň, aklyma guwandym. Saňa bolsa düỳpden başga zat gerek ekeni.
***Seni söỳỳänim üçin dara çekjek boldylar. Dar agajy gysga geldi.
***Gel diýdiň–geldim, git diýdiň–gitdim, dur diýdiň–durdum. Indi diňe öl diyerňe garaşyp ýörün.
***Hemmeler: "Söýýâniň gowy gyz" diýýâr."Seni söýýârmi?" diýen bolmady.
***Galdyrsam başyma,
Ak bulutlar deger saçyňa.
*** "Gözellik bir başga, söýgi bir başga." diýip öwretdiler. Ikisini bir gyzda görüp aklym çaşdy.
***Uzak ýyllardan soñ tötänden duşdy weli, mañlaýynyñ ýygyrdyny, saçlarynyñ çalyny gizläp bilmän kösendi. Ol meni ýigrimi ýaşly durkumda gördi öýdýän.
***Seniň gözleriňe bakan başka dünýâni görmez.
***Sen Şirinden şirin-şirin,
Men Perhatdan şirin-şirin,
Bileje daglar gazaly
Bir küdüňli şirin-şirin.
***Bir süri gyz bolsa, çopany men bolsam, şonda-da diňe seni saýlaryn.
***Wah, iki gözümi hem saňa berjek weli, soň seni görüp bilmerin.
***Bu dünỳäde ỳakanyň üçin o dünỳäde meni jennete, seni dowzaha atarlar. Senden aỳrylmajak bolup, dowzahda bile ỳanaryn. Külümiz bir birleşsin.
***Gelsene!Seni agladan ýalňyzlygyň özüni agladaỳyn. Bir, gelsene!
***Özüňe meniň gözlerim bilen bakyp gör. Şonda meni söýmân bilermikâň?!
***–Men saňa şem bolaýyn. Ereý-ereý yşyk berip, köñlüñe damaýyn.
–Menem saňa gije bolaýyn.Yşk duralgasy gijedir.
***Golaý gelme, gözel! Ŷürekden çykýan alow saçlaryňa çabyraýmasyn.
*** Sen bagtly ekeniň.Gury ýaprak ýaly lowlap ýandyň tükendiň. Men bolsa, kömür közi ýaly, ömrüm boýy körâp durun.
*** Sesi duýýan iň nâzik güle mimoza diýýâler.
Aýtjak sözlerimi öňünden duýýan söýgülim mimozadanam nâzik.
***Yşgy ýeňen ýokmuş. Senem ýeňjek bolup
kösenme. Köseme!
***Ömrüm bahar küỳsäp geçdi.Munça ỳylda birje bahar gelmedi. Bahar gelse,umydym bar, sen gelersiň.
***Güllerde-de betbagty bar. Güỳz gülleri hazan ỳelleri üçin gülleỳär.
***Ol sözleşerden has owadan gyz ekeni.
***Sen maňa ganatsyň, kuwwatym sensiň.Uçurmany başardyň, ajap ýere godurmany hem başararsyň.
***Soňky sargydymy kabul et!"Göz ýaşyna gark bolup ölen barmy?” diỳseler, bar diỳgin.
*** Ne söz tapýan aýtmaga,ne göz tapýan bakmaga. Men doňňara daşdan ýasalan yşk heýkeline öwrüldim.
***Enesi gyzyndan gözel, gyz enesinden gözel.
***Uzak ỳyllardan soň duşuşdyk. Hany,o gül ỳüzlerimiz?! Hany, güler gözlerimiz?! Diňe öpülmäni üçin teşne dodaklar öňki.
*** Men bagtlymy, sen bagtly-bilebilmeris. Ýöne bagtly görünmekden utanyp, bir-birege görnübilmân ýörenimiz hakdyr.
*** Sözlejek-le, ýöne âhli sözler ejiz gelýâr. Gowusy,"gara-gara gözler bilen gözleşmeşek oýnaşaly."
***Köňlüm deşik-deşik, gamlarymy eläbermeli elek boldu-la.
***Sen gideliň bâri bir ýerde kararym ýok.Gara garalylar gamgyn gözleriň bolup bakýar, narlar seniň utanjaň ýaňaklaryň bolup gyzarýar.
***Meni bagtly etmek aňsad-a: ak kagyza
dodajyklaryňy degirip, bukja sal-da poçta ataý.Bägül
dodajyklaryň balyny ysgap ýaşaryn.
*** Saňa aýdybilmeýân sözlerimi guşlaryň jürküldis-inden, şemalyň şuwwuldysyndan aňyp bilersiň. Özge bolmasa, gapyňyza bak:ak garyň ýüzüne ganly gözýaşlary seçelendirip, ýüregimdäkini ýazyp
gidendirin.
***O-uf,o-ouf!O gözleri görelim bâri, bulanyk
suwdaky balyga döndüm.
***Aramyzdaky bu demir gözenek nâme?! Sen
tussagmy,men tussag?
*** "Meni iň soňky gezek görýâň, tüweleý kimin
göterilýân, maňa bir söz aýt!"diýsem,"Men seni iň soňky gezek görýân"diýdi.
***-Nâzlim! Akja kepderi bolsaň, üstümden uçup geçeweri.
–Ýok, kölegâmem saňa galtaşmaz.
***Gollar göwrâ saralanda, dodak dodaga ýetende Garajaoglan: "Üç gije daň atmasady"diýipdir.Ýok, alty aýlyk gije gelmese bolmaz.
***Aýdybilmân, aýdybilmân, ahyry, bir söz aýtdym. Aklyň dâl, gözel duýgularyň jogap bersin.Gaýmak, bal aksa-da, seni bagtyýar etjek şo birje sözdür.
***"Söýýâniňi subut et" diýýâň. Ýürejigimi aýaňda oýnap otyrkaň, başga nâme aýdaýyn?!
***Ýürek diýlen nâmeligini seniň sözleriňden añyp başladym."Ýürek bir deňizdir, dildir onuň kenary".
***Öpmesem ölüp durkam, aýaň bilen dodagymy ýapyp, öz eliňi özüň ogşap, ýylgyrýadyň-a.
***Meniň söýgim jokramadan soň, güwläp inen ýagyş ýalydyr. Gaýra çekilme! Gowusy,ýürejigimiň
saýasynda myssylda-da duruber.
*** “Iň agyr zat näme?” diỳip, akyldardan
soradym.”Garabagt söỳginiň ỳatlamalary” diỳdi. Men bu ỳüküň aşagyndan nädip çykarkam?!
***İkimiz assaja ýörâp ýörüs. Aýak astynda-da,
asmanda-da erik gülleri. Dünýâde diňe erik gülleriniň
barlygyna, diňe ikimiziň söýüşýânimize şumahal göz ýetirdim.
***Heniz-henizlerem dört barmajygyň bilen agzymy beklâp,"Ýuwaşş"diýip mâhrem pyşyrdap dursyň.
***Ejemiň dogran güni-göwrâmiň dogan güni, saňa duşan günüm – yşkymyň dogan güni.
*** Gidýâmiň? Şeýle bolsa, jesedimi guş-gurtlar çekelâp durmasyn, üstüme gum sürüp git.
***Seni söýelim bâri jaýryk-jaýryk aýna döndüm: ne maňa bakýan bar, ne men ile bakýan.
***Ellerimi biliňde çigip, şeýle bir gujaklasammm, howurly demlerimi ýüzüňe çabradyp, şeýle bir öpsemmm!!!
*** Gül bolsam soldurdy, gul bolsam öldürdi, kül bolsam sowurdy.
*** Gyzyl-gyzyl közleri asmana sowurỳan wulkan men, ỳogyn-ỳogyn agaçlary kökünden goparỳan tupan men. Söỳgülim bolsa maňa duman diỳỳär.
***Düýpsüz deňizde ỳüze-ỳüze gelip, seniň meleje gözleriňde gark boldum gitdim.
*** Allajan meni ýakmak üçin seniň gözleriňi alowdan ýasandyr.
***Ýoluňa köpri bolup düşeleýin, ökjeli köwşüň bilen bas-da geç, ganym fontan bolup atylsyn.
***Aýralyga akyl çydasa-da duýgularym hem tenim meni gowrup-ỳakyp barýar.
***Tutuş göwrâm ýürekdir, seresapja bolaweri .
***Ýeke-tâgim! Sen gideňde asmanam bile aglaşdy. Şondan bâri her ýagan ýagyş ýaralaryma şerebe bolup siňýâr.
***Meniň ýaly betbagt yokdur: ýer ýüzüniň,dag başynyň gary eredi, akdy gitdi. Emma saçymdaky gar,indi näçe ỳyldyr, şo doňup ỳatyşy.
***Bu deňizler gözleriňe sygýan bolsa, bu daglar göwsüňde orun tapýan bolsa, zerre ýaly, men, biçârâ, ýer tapylmazmy?!
***Sen gözleriňi lezzetli ýumup:"Bir söz aýtsana!" diýýâň.Gyzgyn posalar sözüň nokadydyr, dünýâm!
***Sen gidersiň. Bagtly ýere gitseň ýagşy.Emma dili bilen bal akdyryp, gözi bilen gaýa goparyp ýören ýylmanajyk köçe jalataýyna aw bolarsyň öýdüp
demigýân.
***Solan duýgular, guran yhlaslar, uklan ýatlamalar bilen dem alýan.
*** Ikimize bu dünýâ dar bolýar! Aý ýüzünde aýdym aýdyşýp, ýyldyzdan-ýyldyza böküşip ýörsek bolmaýamy?!
***"Gözýaşlarymyň her damjasynda adyň bar" diýdiň. O damjalaryň suwlan çynarynyň her ýapragynda şekliň bolar, armanlym!
***Ŷadyňdamy,üç deregiň arasy. Ýapraklar şypyrdaşýardy, dodaklar pyşyrdaşýardy. Arada o derekleri gözỳaş bilen suwaryp gaýtdym.
*** Meniň hatymy okap durkaň,arkaňdan baryp saçlaryňy sypasam, asmana uçarmykaň öýdýân.
***Ikimiz ýagyş astynda galyp, suwdan çykan ýaly ezildik. Şonda uýalyp, göwsüňe ýelmeşen köýnegiňi galdyrjak bolşuň göz öňümden gidenok.
***Ýyllar geçer, bu derýadan nâçe suwlar akar. Bir gün meniň oglumy görüp: "Edil kakasynyň gözleri-dâ" diýip, gama batsaň gerek.
*** Dünýâniň sowuklygy ikimiziň ýalňyzlygmyz-dandyr.
***Ýörsene, ýörsene! Bu dünýâde gorkup-çekinip ýaşap bolmaz. Ýör, tupan-tüweleýlere döş gereli. Yşgymyzdan güýçli barmy, göreli!
***Şeýle garyp men, gaty garyp men: başyma gar ýagýar,garyň garasy ýagýar.
***Ikimiziň çeken hesretimizi ýyldyzlaram çekip bilmez.Arman, soňy puç boldy. Hanha, indi herimiz biriniň kölegesine öwrüldik gitdik.
***Ýa söý, ýa ýan-köý, kül bol, ýele sowrul git!
***Ýer Asmany söýýâr, Aý Ýyldyzy söýýâr. Sen kimi söýỳäň?
***Wah, saňa aýdybilmeýân sözlerimi bir duýsaňdyň!
***- Söýeniň ýalanmy? O gözýaşlar ýalanmy?
-Ölümden özgesi ýalan.
-Ýalan!
*** Dünýâni sowuk alar diýseler ynanaryn, sebâbi buza dönen ýüzüň kiçijik dünýâmizi doňdurmaga ýeter.
*** Leýli bilen Mejnun gelse, Şasenem Garyby,Zöhre Tahyry bilen gelse, menem seň bilen barsam. Ynanaỳ, olar yşgymyza lowlap-lowlap ýanarlar.
19комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.