Yşk damjalary
Yşk damjalary
YŞK DAMJALARY
Söýgi hem, edil guş ýaly,
kä uçýar, kä gonýar. Öz köňlüňe
bak! Yşgyň köreýän bolsa, bu
seniň okamaly kitabyňdyr.
Okaňsoň, yşgyň joşuşyna-da bir
bak!
***
Bu söýgüden maňa ýeten
-hesretli ýatlamalar boldy.
***
Sen geleňde köşk -
saraýdym.
Haraba döndüm,
saraýdym.
***
Gül satýanam, aşygam:
”Gülümi alýan ýok” diýip nalady.
***
Indi gelme!
Seni gözleý-gözleý,
ýüregimi bölek -
bölek böldüm.
Bir bölekdenem
seni tapmadym.
Indi gelme!
***
-Näçe ýaşansyň?
-Näçe gözel gören bolsam,
şonça.
***
Men bir eýjejik gözel görsem:
”Wah, Allajan, meni näme üçin
BU GÖZELE taý etmedikä?” diýýän.
***
Wah, o solan gülleriň yslary
gamgyn.
***
Malym, döwletim elden gidýär
diýýäň.
Seňki ýagşy-la.
Meniň yşgym elden gidýär,
yşgy-ym!!!
***
-Hany, gelmejekdiň-le?!
Dünýäni terk edip gitjekdiň-le?!
-Wah, men gelmedim,
jesedimi getirdim.
***
Dogrymy aýtsam,
“Mejnun bilen bir
synpda yşk sapagyny okaşdym.”
Ol dörtlük alardy,
meňki bäşlikdi.
***
Tanasalar bir nyşandan,
Tanarlar meni yşgymdan.
***
Ölümim bir ýürege,
bir yşga jan bermese,
ölüp oturasy iş ýok.
***
Ýadyňdamy!?
Ak garly
basgançaklardan
aýakýalaň ylgap-
ylgap düşüpdiň. Basanyňa
begenip sowuk garlar eräpdi.
Ýadyňdamy?!
***
Söýdügine zar bolanyň,
ölende gabry dar bolar.
***
Soňky sözüm şeýle bolar:
“Allajan! Söýgülime
duşurmadyň. O dünýäde,
dowzahda duşursaňam razydyryn.”.
***
Wah, gül ömrüm köýdi!
Niredekä?
Niçikkä?
Ýatlaýarmyka?
Her säherde
üç soraga jogap gözläp
ömrüm köýdi.
***
Ýagmyr bolup gel!
Ýagmyr bolup gel!
diýdiň. Men
diňe Ýagmyr däl,
ORAZ ÝAGMYR
bolup geldim.
***
AŞYK OKYJYM!
Aşyklaryň bu mukamy tükenmez.
Ony özüň dowam edeweri!
© Oraz Ýagmyr. Yşk damjalary. Ankara, 2002. Alynmalar.
1 комментарий