SYNAMYZY GORAÝAN ÝIGRIMI PERIŞDE WE OLARYÑ ADATDAN DAŞARY BORÇLARY

Biziñ her birimiziñ synamyzy goraýan ýigrimi sany perişdäniñ bardygyny we ol perişdeleriñ hersiniñ aýry-aýry wezipe borçlarynyñ bardygyny eşdipmidiñiz?! Bu goragçy perişdelere "Hafaza perişdeleri" diýilýär.
Geliñ, ynsan ogluny goramaga borçly edilen ýigrimi perişde we olaryñ edýän işleri barada az-kem bilmäge synanşalyñ.

■ Synamyzy goraýan ýigrimi perişde

Sözümizi ilkinji nobatda sag we sol egnimizde oturan perişdelerden başlalyñ. Sag we sol gerdenimizde oturan ýagşy-ýaman amallarymyzy ýazýan perişdeler barada-ha azda-kände eşitmedik ýok bolsa gerek.
Çepdäki perişde sagdaky perişdä garaşlydyr. Ýagny ol sagdaky perişdäniñ sözüni diñleýär. Eger adam haýsydyr bir günä iş etse çepdäki perişde sagdaky perişdä: "Günäsini ýazaýynmy?" diýýärmiş. Sagdaky perişde bolsa: "Entek saklan, belkäm, toba eder" diýýärmiş. Ol adam ýene günä iş etse, çepdäki perişde: "Ýazybereýinmi?" diýermiş. Sagdaky ýene: Ýok, ýazma, garaş. Belkäm, toba eder" diýip jogap berermiş. Edilen günä yzly-yzyna üç gezek gaýtalansoñ, çepdäki perişde ony ýazmaga mejbur bolarmyş.
Bulardan başga-da adamyñ öñünden we yzyndan ýöreýän iki perişdäniñ bardygy aýdylýar. Muña Allatagalanyñ: "Onuñ (adamyñ) öñünde we yzynda, özüni Allanyñ emri bilen gözegçilik edýän gözegçileri (perişdeler) bardyr" diýen aýaty doly güwä geçýär.
Ýene bir perişde çekgämizde oturarmyş. Ol perişde eger adam Hudaýa boýun sunup, ytagat edeninde, onuñ başyny ýerden galdyrarmyş, ýa-da Hudaýa boýun sunman, tumşugyny göge tutanynda, başyny ýere çekermiş (hary-zelil ýagdaýa düşürermiş).
Iki sany perişde bolsa adamyñ dodaklarynda oturarmyş. Olar Pygamberimize (s.a.w) getirilen salawatlary we salamlary ýazmaga borçly edilen perişdelerdir. Ýene bir perişde agzymyzyñ içinde oturyp, adamyñ agzyny içeri zäherli mör-möjekleriñ girmesinden goraýarmyş.
Başga bir iki perişde iki gözümiziñ üstünde oturarmyş.
Ynha, jemi alanda her bir adamyñ daşynda bir wagtyñ özünde on sany perişde bolarmyş. Gije-gündiziñ dowamynda gijeki perişdeler gündizki perişdeler bilen ýerini çalşypdyrlar. Şeýlelikde, her bir adam oglunyñ daşynda ony goramaga borçly edilen jemi ýigrimi perişde bolarmyş.
Synamyzy goraýan ýigrimi perişde ertir we ikindin namazlary wagtynda ýerlerini çalşypdyrlar. On perişde ertir namazynda beýleki on perişdä nobatçylygy tabşyrypdyr. Ikindi namazynda-da şeýle ýagdaý gaýtalandyr. Ýagny nobatçylyk wagty 12 sagat diýen ýaly. Bu ýagdaý adamyñ aradan çykýan wagtyna çenli hiç hili bökdençsiz dowam edipdir. "Ertir namazyny eda et. Çünki ertir namazy şaýatlydyr" ("Isra" süresiniñ 78-nji aýaty) diýen aýatdaky hikmet hem şundan gelip çykýan bolsa gerek. Şeýle-de, Magtymguly atamyzyñ dogaýy şygyrlarynda we dini kitaplarda ertir namazy bilen ikindin namazynyñ gymmatynyñ beýleki namaz wagtlaryndan has öñde goýlup, aýratyn nygtalmagy ýöne däl. Olaryñ añyrsynda, ynha, şular ýaly gizlin hikmetler ýatyr. Kim bilýär, ýene biziñ göz ýetirip bilmejek nijeme set müñ hikmetlerimiz ýatandyr...
Beýik Allatagalanyñ çäksiz merhemetine seretseñizläñ! Adam günä iş edäýende-de, perişdeler ony derhal ýazaýanok. Belkäm, toba eder diýen umyt bilen olar garaşdyrylýar. Emma tersine, sogap iş edenimizde welin, şobada ýazylýar, özem esseme-esse üstüne goşulyp...
3 лайков 114 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.