Magtymgulynyň syrly setirleri

MAGTYMGULYNYŇ SYRLY SETIRLERI

Harut-Marut atky iki perişde,
Babyl guýusynda çaýa düşdüler.


Ir döwürde, Harut-Marut atly iki perişde, ynsanlaryň ýerde gaty asyçylyk edýändiklerini dile getirip aýdypdyrlar. Hudaý tagala bu iki perişdä hatap edip "Eger sizi hem ýer ýüzündäki adamlar ýaly şehbet berilip dünýä inderilseňiz olardan hem ulurak asyçylyga ýüz urarsyňyz" diýýär. Olar: "Biz asyçylyk etmeris" diýip äht edipdirler. Bu iki perişde dünýä inensoň, gaty azyp, gaty agyr günälere mürtekip, ýagny sezewar bolýalar, emma "soňky ökünjiň peýdasy ýok" diýilşi ýaly, olar öz eden etmişlerine puşman edip näderin bilmeýärler, emma olaryň etmişleri Hudaý tagala aýan bolansoň, olara etap edip aýdýar: "Size azaby şu dünýäde bereýinmi ýa Ahyrata galsynmy?" diýýär. Olar: "Şu dünýäde ber" diýip doga edýärler. Olaryň eden günäkärçiligiň garşysynda jeza berip Babyl guýusynda başaşak sallap goýýulýar. Babyl Bagdadyň 160km gündogar-günortasynda ýerleşýän gadymy şäher bolmaly.

Hajy Myratdurdy GAZY
3 лайков 239 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ahmet
09 ноя 2022, 21:29
Asyçylyk — azgynçylyk bolýarmy?
We birem "Şehbet"-iň nämedigine düşünmedim. Ýagny, şol sözüň näme many berýänini bilemok, düşündiräýiň diýjek boldum :)
Ýusubowna
10 ноя 2022, 11:42
Ahmedik_⁹⁷,
ASYÇYLYK sözüniň mansy.
Günäli, günäkär, ýazykly. Magtymguly, çekseň dagy-dügünden, Asy bolup şikat etme bu günden (Magtymguly). Men-menlikde gezer käsi, Günbe-günden bolar asy (Zelili).
(Hazyna sözlükden)
Şehbet sözem meň düşünşim boýunça ýaşaýşy şu dünýäniň eşreti diýmegi aňladýar.
Ahmet
10 ноя 2022, 13:11
Ýusubowna
Ahmedik_⁹⁷,
ASYÇYLYK sözüniň mansy.
Günäli, günäkär, ýazykly. Magtymguly, çekseň dagy-dügünden, Asy bolup şikat etme bu günden (Magtymguly). Men-menlikde gezer käsi, Günbe-günden bolar asy (Zelili).
(Hazyna sözlükden)
Şehbet sözem meň düşünşim boýunça ýaşaýşy şu dünýäniň eşreti diýmegi aňladýar.

Sps köp-köp!
Resul
11 ноя 2022, 20:50
Bu dünýäni kimse tutdy serşite,
Adam ogly her haýsysy bir işde,
Harut, Marut atly iki perişte,
Babyl çah içine düşende bardyr.
Mahmyt Gayyby