Ýazyjynyň gündeliginden
ÝAZYJYNYŇ GÜNDELIGINDEN
Döredijilik adamlarynyň käbiriniň hüý-häsiýeti gaty özboluşly. Olaryň iş wagtynda her hili ruhy halatda bolýanlary — aglaýanlary hem, öýkeleýänleri hem... bolýar. Meniň tanaýan döwürdeşlerimiňem örän geň gylyklylary bar. Şeýle-de döredijilik adamlaryny, agramyna garamazdan, iki topara — sada hem gedemräge bölmek
bolar. Mysal üçin, Resul Gamzatow pespäl, sada, açyk. Çingiz Aýtmatow onuň tersine — «ýapyk», ýakyndan tanamasaň, ony çakdanaşa gedemdir öýdäýmeli.
Umuman, meniň köpýyllyk garaýşymdan gelen netijäm şeýle: şahyrlar — alçak, prozaçylar — tutugrak. Olaryň işleýişleri-de birmeňzeş däl. Azerbaýjanyň belli prozaçysy Ekrem Aýlisli işe başlamazyndan ozal içerini syryp-süpürip myhmana garaşýan ýaly tertibe salýar eken. Şahyr Fikret Goja bolsa içeri dyr-pytrak bolsa gowy işläpdir. Berdi Kerbabaýew maşynkanyň başyna geçende galstugyna çenli dakynyp, toýa gidýän ýaly bolup bezenýärdi. Ata Atajanow goşgy ýazan mahaly şerbet içmegi halaýardy. Ýan Parandowskiý «Sözüň alhimiýasy» diýen kitabynda şeýle ýazýar: «Kadadan çykma» häsiýeti ýok ýazyjyny tapaýmak aňsat iş däl. Şiller işlän mahaly aýagyny sowuk suwa sokup oturar eken. Balzak daş düşelen poluň üstünde aýagyny ýalaňaçlap durupdyr. Prus güýçli atyr, Ýakobson çüýrük alma ysgapdyr. Gýöte sarymsagy, äýnekli adamlary halamandyr. Işleýän mahaly Ibsen gerekmejek kagyzlaryny, gazet böleklerini ýyrtyşdyrypdyr. Russo ýiti Günüň astynda kellesini ýalaňaçlap işläpdir. Bossýue sowuk jaýda galyň eşik baryny geýip, kellesini hem deri bilen büräp işläpdir...».
Esasy zat, hakyky ýazyjy özüniň köp okandygyny eserlerinde ýörite ýüze çykarjak, özüniň köp bilýändigini ýörite nygtajak bolmaly däl. Ol okyjyny özünden belent saýmaly, ondan çekinmeli, ulumsylykdan daşda durmaly. Çünki, hatda ulumsy adamlaryň özleri-de ulumsylary halamaýarlar. Okyjyny sadalyk bilen özüňe çekmeli. Hakyky ýazyjylar diňe sadalyk bilen ýol alypdyrlar. Onsoň hem ýazyjy her näçe beýik bolsa-da, okyjylar köpçüliginiň jemi beýikliginden pesdir.
Atajan TAGAN

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.