Sümer Daş plita ýazgylary (1-njy Plita) /-4 dowamy/

ANNUNAKILERIŇ ÖZ PLANETASYNDAKY TARYHLARY


Gaty ir döwürlerden soňra biziň görnüşimiz özgerdi; öz-özümizi döredip biljek ebedi tohum. Sanymyz gitdikçe artdygysaýyn atalarymyz Nibirunyň etraplaryna ýaýrady. Käbirleri topragy özleşdirdi, käbirleri bolsa dört aýakly jandarlara
çopanlyk etdi. Käbirleri dagda ýaşasa, käbirleri öýüni mekan sürüp boljak ýerlerde gurdylar.
Serhetler çekildi, serhetlere golaýlaşanlar boldy, söweşler başlady, uruşda urulýan taýaklar sowuk ýaraglara öwrüldi. Tireler-taýpalara, taýpalar-milletlere bölünip iki millet biri-birlerine garşy bolup söweşmekçi boldylar. Demirgazyk ulus-il, günortadaky millete garşy ýaraglaryny guşandylar.

NIBIRUDA PLANETA SÖWEŞI WE ÝARAŞYK BAGLANYŞYLMAGY

Elde tutup bolýan zatlar tejribe edilip atylýan ýaraglara, ondan gök-gürledýän sesli ýaraglara, ondanam ýiti parlaýan ýaraglara ýol açyldy. Uzak wagtlap dowam eden söweş tutuş planetany gurşap aldy; gardaş-gardaşa garşy birleşdi.
Hem demirgazykda hemem günortada ölüm we heläkçilik bardy. Birnäçe bölek diýarlarda ýykan-ýumranlyk höküm sürdi; bütin ýaşaýyş söndi. Soňam ýaraşyk baglanyşyldy. ''Milletler birleşsin'' diýdiler ilçiler biri-birlerine. Nibirunyň tagtynda bir kişi, hemmelere höküm etjek bir patyşa bolsun. Demirgazykdan we Günortadan bolsun we belli edilsin, hemmelerden üstün bir patyşa...

NIBIRUDA PATYŞALYK GURULÝAR

Eger Demirgazykdan patyşa bolsa, ýanynda günortadan şa gyzyny alsyn. Günortadan patyşa saýlanan bolsa demirgazykdan şa gyzyny alsyn.
Är-aýal bolsunlar we ýeketäk beden bolsunlar. Ilkinji dogan ogullary tagtyň mirasdüşeri bolsun; şeýdibem birleşen dynastiýa emele gelip Nibiru planetada birlik gurulsyn. Ýykan-ýumranlygyň başlanan ýerinde ýaraşyk baglanyşyldy. Demirgazyk we günorta garyndaşlygynyň berkemegi bilen (millet) birleşdi. Patyşalyk tagty bir bedende birleşdi, bir patyşalyk guruldy. Ýaraşykdan soň ilkinji ýeke-täk patyşa demirgazygyň söweşjeňlerinden ýigit serkerde, dogruçyl we adalatly saýlaw bilen saýlandy. Birlik yglan edildi. Ýaşajak ýeri üçin buýsançly kaşaň bir şäher gurdy. Ady Agageýdi. Onuň manysy ''Birlik'' diýmek. Hökümdarlygy üçin oňa patyşalyk lakamy berildi. Lakamy An. Bu bolsa ''Asmanawy'' diýen manyny berýär. Kynlyk bilen bolsa-da bütin topraklarda tertip-düzgüni ýola goýdy. Kanunlar we Düzgünler düzdi. Her ülke üçin häkim belledi. Olaryň ilkinji etmeli işleri binalarda abatlaýyş işlerini geçirmekden ybaratdy. Hökümdarlyk ýyl ýazgylarynda bu hakda şeýle diýilýär: Ülkeleri birleşdiren, Nibiruda parahatçylygy ýola goýan Aň täze şäher bina edip kanallary oňardy; halkyna gıda saldy, topraklarda bereket bardy. Günortadan bir gyz saýlap aldy; ol gyz hem-ä söýgüsi hemem söweşjeňligi bilen meşhurlyk gazandy. An.Tudy patyşalykdaky ady. Anyň aýaly bolan baştutan. Bu at oňa saýlanyp dakylypdy. Ol Ana üç ogul we bir gyz dogrup berdi. Ilkinji ogluna An.Ki adyny berdi. Anyň kömegi bilen Berk hem çeýe diýen manyda. Ogul tagtda ýeke özi geçdi.
Özüne gyz saýlap seçme pursaty gelende iki gezek gijikdi. Onuň hökümdarlygyndaky köşgüne gyrnaklar getirildi; ondan ogul mirasdüşer galmady. Şeýde-şeýde dynastiýa An.Kiniň ölümi bilen soňlandy. Düzgüne görä tagta çykmaga mirasdüşer ogly ýokdy. Birinji ogly bolmasa-da ortanjy oglan mirasdüşer bellendi. Üç doganlaryň biridi, ýaşlygyndan bäri ejesi oňa söýgi, ortanjy diýen manydaky Ib (ib) diýerdi. Patyşalyk ýyllyk senelerinde oňa An.Ib diýilip bellenilipdir. Patyşalykda asmanawy, nesillerine bolsa Anyň ogly diýen manyny berýärdi.
Kakasy Anyň yz ýany Nibiru tagtyna çykdy. Barmak-basyp sanasak tagta geçen üçünji patyşady. Körpe jigisiniň gyzyny özüne ýan-ýoldaş edinip öýlendi. Oňa Nib.Ib diýildi. Ibiň hanymy. An.Ibiň, Nin.Ibden bir ogly boldy; tagtyň mirasdüşeri boldy, hasap boýunça patyşalaryň dördünjisi. Patyşalyk lakamy An.Şar.Gal. ady bilen ýüzlenilmegini isledi. Anyň şazadasy, şazadalaryň şazadasy diýen manyda. Başga eneden bolan gyz jigsi Ki.Şar.Gal bolsa şoňa görä at goýlupdy. Ylym we bilip, duýmak patyşanyň beter üns berýän zadydy. Gögüň (älemiň) usullaryna köp wagtyny ýitirip anyklady, barlady.




SÜMER DAŞ PLITA ÝAZGYLARYNY Terjime eden: Zakariýa Sitçin.

Türkçeden türkmençä Terjime eden: @Jeksparro
2 лайков 125 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.