Şeýtan

Şeýtan birnäçe dinlerde we mifologiýalarda adamlary erbetlige çagyryp, adalatsyzlygyñ we hemme erbetlikleriñ asyl çeşmesi bolup hyzmat eden ruhy barlykdyr. Iblis sözi köplenç Şeýtan bilen deñ atlandyrylýar. Ýerýüzindäki birnäçe dinlerde we mifologiýalarda Şeýtan aýratyn bir güýje eýe bolup, yzygiderli adamlary dininden, şonuñ bilen birlikde Ýaradanyñ emirlerinden, gowulyk we kömek etmek ýaly zatlardan uzaklaşdyrmaga alyp baran barlyk hökmünde düşündirilýär.
Onuñ ýany bilen Şeýtana ynanan we Şeýtanyñ mertebelerini beýgelden ynançlar we akymlar hem bardyr. Latynça: ''Diabolus, Diaboli'', Ispança: ''Diablo'', Ýunança: ''Diabolos'' (Wizantiýanyñ taryhy çeşmelerinde Göktürk hökümdary Istemi kagana ''Stembis Diabolus'' diýlipdir), ''Garañkylygyñ Hökümdary'', ''Beelzebub'' (Siñek hökümdar), ''Belial'', ''Mefisto'' ýa-da ''Lusifer'', Rusça-da ''Satana'' gadymy Türkmençe ''Ýek'' ýa-da ''Albassy'' diýlen sözler Şeýtany atlandyrýan sözlerdir. Türkmenlerde ''ÝEK ýigrenýänim sen'' diýen sözler muña şaýatlyk edýär. Kabala pelsepesinde ady ''Samael'' diýlip geçilýär. Ýöne Ýahudy ynanjynda Samael başga bir kişidir. Şeýtan çeşmelerde ''Azazyl'' diýlip bilinýär. Yslamda Iblis (Arapça: إبْلٍيسْ) diýlip bilinýär.
Gadymy Müsürde tolkunlyk we garañkylygyñ tañrysy Set (Seth, Setesh, Sutekh, Setekh ýa-da Suty), gökleriñ tañrysy Horus bilen söweşeninde ýeñilip çöle kowulýar we şondan soñ erbetligiñ küýüne düşüp başlaýar.
Şol we şoña meñzeş (Amin d) ynançlarda we ygtykatlarda Ybranylaryñ Müsürde ýaşaýan wagtlarynda şol kult emele gelipdir diýlip çak edilýär. ''Bozujy we arabozar'' ýaly manylarda gelen Ybrany dilindäki ''Satan'' söziniñ köki ''köplük ýygnagy'' manysynda gelen Şeýtan sözidir.
Ybrany dilindenem Latynça we Ýunança, ondanam beýleki dillere geçipdir[1]. Arapça bolsa ''şetane'' ''rehmetden uzaklaşan, hakdan uzaklaşan'' manylarda ulanylýar.

Ekankar:

Ekistler Şeýtan öýkünjini Sugmadyñ ýagny Tañrynyñ negatiw görnüşi hökmünde sypatlandyrylýar[2][3].

Satanizm:

Satanizm Şeýtany ýaradyjy ýa-da oña höküm ediji ýa-da gara güýç hökmünde düşünilen ynanç sistemasydyr.

Edebiýatda Şeýtan:

Edebiýadyñ we diniñ kesişen birnäçe nokatlarynda Şeýtan, bolup geçýän wakalaryñ gelişinde, soñlanmagynda
esasy güýç bolup hyzmat edip edil Kaosyñ wakalary bilen kybaplaşdyrylyp ýazyjylar tarapyndan ulanylýar. Şeýtanyñ rolundaky eserleriñ biri Gýoteniñ ''Faustydyr''. Faustda Şeýtan Mefisto, başarnyklylygy bilen adamyny, özüniñ sebäp eden peläketlerinden goraýan lukmany eýelemek üçin tagalla edýär. Şeýtan bilen baglanyşykly ýene bir eser Paolo Koeliniñ ''Şeýtan we Ýaş zenan'' atly romanydyr. Jeffreý Burton Russelli bolsa ''Erbetlik'' (1-4) seriýalarynda ýer ýüzüne gowy ornaşan Şeýtanyñ adamlardan tapawudynyñ galmandygyny we ''ony bizden biri'' edip görkezmek bilen şeýtanlaşan adamlar hakda gidýändigi düşündirilýär.
Gadymy Oguz dessanlarynyñ içinde ''Ýaradylyş'' atly özboluşly yslam we hristiýan ynanyçlaryna kybap gelýän Adam Ata bilen How ene rowaýatlaryna meñzeş dessan bar. Şol oguz dessanynda şeýtanyñ ady Erlik diýlip atlandyrylýar.
Parslarda Erbetligiñ, gara güýjiñ, ýigrenjiñ, nejisligiñ, iç ýakgynçlygyñ symboly bolan şeýtan bar. Eýran-parslar oña Afrasyýap diýip at berýärler. Bu ady bolsa Gadymy Turanyñ Sak hökümdary Alp Är Taññydyr. Wagtynda Eýrana ot ýakdyrmadyk, eýranyñ ganym duşmany bolan Afrasyýap diýlip tanalan Alp Är Taññy hakdaky maglumatlar mysal hökmünde Abylkasym Ferdöwsiniñ ''Şanama'' atly eserinde we Muhammet Awfynyñ ''Hekaýatlar ýygyndysy'' atly eserlerde görkezse bolar.
Satana söziniñ etimologiýasyna seretmezden türkmençilikde ''iki aýagyñ aralygyndaky jyns organyna ýa-da şol bölege hem satan diýilýär. Ýa-da söwda-satykda, ýa-da syýasatda, adamlaryñ arasynda ulanylýan şol termin satmak, satyn almak, adam satmak, ýamanlamak, şugullamak, gep bermek hem dinleriñ iñ soñkusy bolan Yslam dininde halanylmaýar. Söwda satykda terezide kem çekilýän azyk möçberine şeýtanyñ täsiri bar bolmaly. Şol sebäpden Bazarda söwda-satygyñ berk tutulmagyny Yslam dini ündeýär. Bazar bolsa aýratynam Yslam dininde Şeýtanyñ ybadat edýän ýeri diýip bilinýär.
Adam satmak, şugullamak hem ýene-de erbetligiñ nyşany bolup Şeýtana gönükdirýän häsiýetleriñ biridir. Bu sözleriñ añyrsynda bolsa belkäm ''Satana'' (Şeýtan) sözüniñ köki galan bolmagy mümkindir.



Çeşme:

1. Oxford Dictionary of English 2e, Oxford University Press, 2003, "Satan" maddesi
2. "Eckankar". Mysticknowledge. 04 03. 2016-nji ýylda arhiwlendi. 10 Ağustos 2013. (Iñlisçe).
3. "Godworlds". Eckankar. 16 Ýanwar.
0 лайков 197 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Soho
01 июн 2021, 21:25
Jek sen "Lucifer" serialy gordunmi? men shu wagt 3nji sezonda baryan, dowzahdan dynch alysha gaydan Lucifer hakynda sarkazmdan doly detektiwny serial
Şamuhammet
Автор 01 июн 2021, 21:27
@soho, ýok görmedim...
Gabat gelsem göräýmesem...
Maksat
01 июн 2021, 21:31
@soho kinolar.online de hem bar sho serial gaty gyzykly
Soho
01 июн 2021, 21:36
@Abaddon, dost oglandan 5 sezonynam aldym, gowja serial eken, girdeyjili bolmasa "netflix" yone yere alasy yoklay o serialyñ hukugyny
gulshat
01 июн 2021, 21:58
+++++++