Yhlas bilen aglasañ sokur gözden ýaş çykar.

Türkmenistanda iş ýagdaýy sizinem bilişiňiz ýaly kyn, ýöne işlemek isleýäne iş ýok däl. Hatda mümkünçilik ýok ýerde hem ugry tapyp pul gazanýarlar. Kimisi söwda hyzmat,gara hyzmat bilen gün görýär. Biziň halkymyzyň zähmetden gaçmaýandygyna näçe diýseň mysal bar. Diňe bir uzynly gün jokrama yysyda pagta
meýdanlarynda we melleklerde işleýän aýallary göz öňüne getirmek ýeterlik.
Ýöne, halkymyzyň käbir ýerlerde özleriniñ ýaltalygyny yada giňligini görkezýän halatlaram bar.Men bu gezek käbir mümkünçilikleriň bar ýerinde olaryň peýdalanylmaýandygy barada ýazmakçy bolýan.
Türkmenistanda ýokary derejede işsizlik bar diýýäris, emma adamlar kellelerini işledip öz rysgallaryny añsat hem gazanyp bilerler. Söwdañ üsti biler mysallar bereýin, sebäbi iñ kän edilýän kärleriñ başynda gelýär söwdagärlik. Mysal üçin her haýsy bir zat bolup biler azyk harajatlary diyjekmi yada geýim gejim diyjekmi, gurluşyk materýaly bolsun ulag şaýy bolsun satlyk bir zady diýeli. Daşoguzda arzan bahadan alýan we eger şony Aşgabada äkitseñ gymmat bahadan satyp bolýar we kän girdeýji edip bolýan hem bolsa añsat añsat Daşoguzdan Aşgabada gitmez sebäbi şo ýoly geçip gitmeli. Garaz ýoly onsy munsy diýip şol ýere gitmäge ýaltanar.
Hemme zady döwletden ýada başga birinden garaşyp bolmaz, adamyñ özü hem birazajyk gymyldajak bolmaly. Elbetde bir bada başga welaýata haryt äkider ýaly puly bolman biler.
Emma Allatagalla şol adama el aýak göz beripdir boş otur diýip bermändir elbetde iñ bolmanda Türkmenistanda näme kän mellek ýerler kän bolmady biriniñkini alyp ekin ekip ýarpysyny paýlaşyp hem gazanç etmek mümkin ýagny eger adam men işlejek diýse onda şoña iş kän hiç hili maña iş ýok diýip zeýrenmäge haky ýok we hiç wagt iş etmekden utanmaly däl. Halal gazanç etýän bolsañ utanara zat ýok gaýtam begenmeli zat haram iýenok, ýada halkyñ hakyny iýenok iñ bolmanda.
Emma öýde diñe ejesiniñ kakasynyñ pulyna işlemän agşam daşaryk aýlanmaga çykyp entäp ýören ýaşlar bar. Olar durmuşa haçan düşünýär maşgala bolanyndan soñra çagasy bolanyndan soñra sebäbi eýýäm sen kaka bolduñ öýüñ diregi bolduñ we eger içinde azajyk hem utanç duýgusy bar bolsa ýatman öýüñe pul getirmeli gazanç etmeli bolarsyñ. Şonuñ üçin hiç wagt hiç zada ýaltalyk etmeli däl. Bir işe çynyñ bilen ýapyşmaly şeýle bolanda. Allatagalla hem adama yrsgal berer.
Hakykatdan hem türkmen topraklarynyň üstü gyzyl asty mawy baýlyk ýagny ähli güýjiň bilen uly höwes bilen ýapyşsan almajak galaň ýok. Emma kä halatlarda aňsat ýoldan baýajak bolýarlar. Kyn işleri bolsa edesi gelenok. Mysal köp : pudagyň başlygy, ýokardan barlag gelýänçä öz wezipesini edenok. Bolmasa edere is hem kän güýji hem ýetip dur. Onuň üçin hiç wagt işden gaçmaly däl. Eliň aýagyň janyň sag wagty işläp gazanaly we işlemek adamyny saglykly hem saklaýar. Näme diýipdirler : yhlas bilen aglasañ sokur gözden ýaş çykar. Ýada işleýän pil hiç wagt poslamaz.
12 лайков 441 просмотров
16комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
DonMaxx
20 июн 2023, 04:14
su wagt isden gellim mena erkek yaly?
.
20 июн 2023, 07:07
Çeperçiligi pesiräk (öñki mowzuklaryña garanda)
Massimus
20 июн 2023, 08:03
Şu agzaň düşünjesini, açýan mowzuklaryny halaýan.
Goňşym bar, elini işe urmadyk, ömrüni ýatyp ýa-da boş kaňkap geçiren. Öýlendi, Alla perzent berdi. Biri-birinden enaýyja çagalar. Onusyna o gerek, munusyna bu gerek. Nalaç işlemeli boldy. Ilki biriniň öýünde işlemäni ýokuşam görýärdi. Ýanymda kän zeýrenýärdi, hökümet işi bolaýsa diýip. "Öňüm bolandan soňam bolsun" diýleni. Häzir obaň atly ussalarynyň biri, hojalygyny ýerbe-ýer etdi. Gara zähmetden gaçmasaň hiç haçanam hor, zar bolmarsyň.
Suleyman
20 июн 2023, 10:50
Ajaýyp ülkämizde iş strategiýasynyň gurluşynda, paýlanşynda, ýaýraýşynda biraz bökdençlik bar.
Esasy iş bilermen adamlara hünärine mynasyp iş döredilmese, aşakdakylar hiç mahalam dogry iş kadasyna düzülmeýär.

Biraz resmi hasaplara ünsüňizi çekeýin: Bizde TÜRKMENISTANYŇ ZÄHMET WE ILATY DURMUŞ TAÝDAN GORAMAK MINISTRLIGI bar. Ilatyň işe ýaramly raýatlarynyň iş üpjünçiligi şu ministrligiň boýnunda.
Aýdaly, BILIM ministrligi ZÄHMET ministrligine hasabat berýär: Şu ýyl plança müň sany uçurym orta mekdebi tamamlady. Şonuň plança müňüsi harby gulluga çagyryldy, plança müňüsi içerki okuw jaýlaryna okuwa girdiler (bularam gutarsalar bularada iş taýynlap goýmaly), plança müňüsi daşary ýurt okuw jaýlaryna gitdiler we plança müňüsi boş gezip ýör (gyz-oglan). Hawa, şonça müň işe ýaramly ýaşlara nädip iş bermeli diýip BILIM bile ZÄHMET oturyp kelle döwmeli. Kelle döwmeseň, şonça müň adam öýde işsiz ene-atasynyň boýnunda ýatyr diýmegi aňladýar.
Biraz gülkünç bolandyr.

Sebäbi bizde Ýokary okuw jaýyny gutaran ýokary bilimli hünärmenlere iş gytçylygy barka, ondan aşakdakylaryň gürrüňini etmek irräk entäk.

Onsaň öz göbegini özi kesen-ä özi gymyldamak bilen bolýar. Ujypsyzja boş iş ýerleri üçinem bäsdeşlik başlaýar.

Mellek, ekin meýdanlaryndaky iş hakynda agzapsyň. Arkaýyn boluň, bu döwüriň soňky ösdürimleri mellekde işlejek adam däl. Hatda obadakylaram obasyny taşlap, şähere gelip tozanly firmada işlänini gowy görýäler.
Öz Bratoklarymyň çagalaryndan mysal alaýyn. Hemmesi obada ýaşaýalar. Hemmesem daýhan, traktorçy. Ogullary ýetişdi, harby gullukdan geldiler. Ekin ýerlerem bar, tehniklaram bar. Şolara mellekde işlejekmi diý "näme oýun edýäňmi bratok" diýýäler. Bir daýhanyň öz elinden, öz öýünden "şägirt" çykmaýan bolsa, daşyndan kim baryp işlesin?

Işleýän adamlaryň hem aýlyk, gün haklary bir maşgalany aýakda duruzmana ýetýärmi ýa ýetenok. Bu gürrüňe girjegem däl.

Emma, herekede-bereket. Biziň halkymyz janypkeş, sada halk. Allaha töwekgel edýär. Gymyldan gyr aşar diýýär. Gymyldap ýörüs, şoňa görä rysgyňy iýýäň, şoňada kanagat edýän halk biz. Hiç kim hakyndan närazy däl...
Suleyman
20 июн 2023, 11:09
Emma işlejegede, çykalga gözleýäne-de çykalga ýok däl.

Aýdaly, öz pikirim boýunça: dünýä tejribesinden ugur alyp, güneşli ülkämizi 6 sagatlyk we 4 günlik iş hepdesine geçirmegi teklip ederdim. 4 gün 6 sagatdan işleýäň. Galan 2 güni eger raýat iş hakyndan daşary zähmet çekmek islese hususyýetçilere ýüz tutup bilýär. Ýok işlejek däl diýsede maşgalasy bilen wagt geçirsin.

Ine şu ýerde mowzugyň "wawaly" ýeri geldi. Hususy edara-kärhanalaryň gerek ýeri şutaýda. Ýokardaky 4/6 iş hepdesi döwlet byudjetni edaralary üçin, emma hususy karhanalar islegine görä, islese sutuçny hem işläp bilerler. Meselem 3 smene bölüp. Ýöne bizde entäk 3 smen togtawsyz işlejek ykdysady güýje eýe bolan kärhana, zawod, firma barmy, ony hem bilemok. Bar bolsa ýeterlik däl. Ýeterlik däl bolsa şolary açmaly, giňeltmeli, ýeňillik bermeli. Hususyýetçi baýasa, döwletiň baýadygy şol.

Onsaň, ýokarda aýdyşym islendik raýat öz hünäri boýunça döwlet işininde işleýär, artýan iş sagadyny, gününi hususy önüm öndürýän kärhana gidip işläp gazanç edip bilýär.

Gözleseň, agtarsaň, pikir ýöretseň çykalga, mümkinçilik köp. Gaznamyzam baý. Ýöne "etjek" bolýan adam ýok. Depesinden uryp durmasaň, aşakdaky ýolbaşçylaň işläsi gelenok.
noname
20 июн 2023, 19:34
Iş yogam dal yone gowy hak beryan iş gerekda adamlara, indi gara iş etjek işci tapmak kyn
backsp
20 июн 2023, 19:38
yazan zatlaryna ozun bir ynanyanmy, adamlara ynandyrar yaly
Ahmet
20 июн 2023, 20:16
Allatagalla hem adama yrsgal berer.
Men bolsa rysgalyňy özüň işläp gazanmalymyka öýdüpdirin :))
Ýöne Allatagala berjek bolsa işlemeýänede rysgal berýär, ýa tersine işleýäne berenok. Zoordan gününi aýlarlyk berýär. Bu adalatsyzlyk bolýar onda :))
Pylana ministr bolup ýaýnap ýaşamagy ýazsa, ýene biriniň gara işden gözüni açanok. Çýota bir näsazlyga bar ((
Ahmet
20 июн 2023, 20:22
Afrikadaky açlykdan, suwsuzlykdan ölýän bigünä neressejikleri göreniňde olaryň näme günäsiniň bardygy hakynda oýlanýaň. Olaryň beýdip aç-suwsuz kösenip öler ýaly näme günäleri barka? Ýa şeýle ýazgydy keýpine ýazdymyka hormatly awtor? Beýle düşünjeli bolsaň has giňişleýin jikme-jik ýazsana, bolmasa-da köpçülikleýin edip ýazma. Dünýä akyl ýetirerden ikimiz has ejizräk gelýäs, elbetde muňada biziň günämiz ýok, şeýle IQ urowenli akyly beripdirdä :))
Ahmet
20 июн 2023, 20:28
Beýigräk akyly beren bolsa ikimiziň nämeler etjegimiz belli däl...
Perman Izakow
Автор 20 июн 2023, 20:43
Vekil_City
Afrikadaky açlykdan, suwsuzlykdan ölýän bigünä neressejikleri göreniňde olaryň näme günäsiniň bardygy hakynda oýlanýaň. Olaryň beýdip aç-suwsuz kösenip öler ýaly näme günäleri barka? Ýa şeýle ýazgydy keýpine ýazdymyka hormatly awtor? Beýle düşünjeli bolsaň has giňişleýin jikme-jik ýazsana, bolmasa-da köpçülikleýin edip ýazma. Dünýä akyl ýetirerden ikimiz has ejizräk gelýäs, elbetde muňada biziň günämiz ýok, şeýle IQ urowenli akyly beripdirdä :))

Alla näme üçin şolaryň başyndan geçirýän günini saňa bermedigini pikir edip gördiňmi? Näme üçin men aç däl, näme üçin men ýalaňaç däl,näme üçin men inwalit däl,näme üçin men şükir edemok diýlýän soraglary öz aňyňda aýlap gör?!
Sapar aga
20 июн 2023, 20:50
PROLIGA,
"Alla näme üçin şolaryň başyndan geçirýän günini saňa bermedigini pikir edip gördiňmi? Näme üçin men aç däl, näme üçin men ýalaňaç däl,näme üçin men inwalit däl"

Sebäbi biz Afrikada ýaşamzok.))
Ahmet
20 июн 2023, 20:53
PROLIGA,
näme üçin men şükir edemok diýlýän soraglary öz aňyňda aýlap gör?!
Aýlajak däl. Ilki men näme üçin şolaryň aç-suwsuz ölýänligini biljek. Öz şükür etmeýänligim ol uže ikinji mesele. Oň bilenem seň gyzyklanmaga hakyň ýok. Haçan bar, pikiriňi ideal ýazyp başarmasaňam iň bolmanda men ýaly biri gelip sözüňden kem tapyp bilmez derejede ýazjak bol. Saňa erbet zadam ýazamok, öýkeläp oturmagyn, prosta pikiriňi tankyt edendirin, şahsa ýetmek diýen zat kok mende :))
Perman Izakow
Автор 20 июн 2023, 20:58
Ahtopot
PROLIGA,
"Alla näme üçin şolaryň başyndan geçirýän günini saňa bermedigini pikir edip gördiňmi? Näme üçin men aç däl, näme üçin men ýalaňaç däl,näme üçin men inwalit däl"

Sebäbi biz Afrikada ýaşamzok.))

Mowzugam afrikadaky açylkadan kösenýänler hakynda däl.
Perman Izakow
Автор 20 июн 2023, 21:05
Aýlajak däl. Ilki men näme üçin şolaryň aç-suwsuz ölýänligini biljek.
Näme üçin ölýänlerini bilýän ekeniňä?
Ahmet
20 июн 2023, 21:28
PROLIGA,
Näme üçin ölýänlerini bilýän ekeniňä?
Meselem?
Pakize
20 июн 2023, 22:42
Vekil_City,
Mowzuk Turkmenistanda işlemek mümkinçilikleri hakynda öýtýän.
Ahmet
20 июн 2023, 23:11
Pakize
Vekil_City,
Mowzuk Turkmenistanda işlemek mümkinçilikleri hakynda öýtýän.

Sagbol aýdanyň üçin. Ýapda suwa düşmek baradamyka öýdüp otyrdym.
Sapar aga
20 июн 2023, 23:49
Wi dogrudanam makala barada teswir ýazmandyryn. Awtorumyz bir gepi eýläk-beýläk aýlap, hamyr edipdir, bir içgin çözgüt maslahat bersedi, bizem peýdalansadyk.
Yhlas
10 янв 2024, 02:53
Sul saytdan nadip pul gazanmaly
Yhlas
10 янв 2024, 12:18
Yhlasazadow,
Dunyanin Bokis boyunca çempyony kim
Yhlas
10 янв 2024, 12:18
Yhlasazadow,
Dunyanin Bokis boyunca çempyony kim
Yhlas
10 янв 2024, 12:18
Yhlasazadow,
Dunyanin Bokis boyunca çempyony kim
Yhlas
10 янв 2024, 12:18
Yhlasazadow,
Dunyanin Bokis boyunca çempyony kim
Yhlas
10 янв 2024, 12:18
Yhlasazadow,
Dunyanin Bokis boyunca çempyony kim
Yhlas
10 янв 2024, 12:18
Yhlasazadow,
Dunyanin Bokis boyunca çempyony kim
Yhlas
10 янв 2024, 12:18
Yhlasazadow,
Dunyanin Bokis boyunca çempyony kim