“Men daşary ýurtdan dolanasym gelenok!”

Soňky döwür ýaşlarymyz has oňat bilim almak daşary ýurdyň biliminden peýdalanmak üçin ýokary okuw jaýyny okamana dünýänin ähli künjeginde okuwa gidip başladylar. Ýöne ýaşlarymyzyň arasynda yzyna dolanmaýanlar hem bolýar. Ýada uzak wagt soň dolanyp barýarlar we iş durmuşyna gadamyny basýarlar. Ýaşlar näme sebäpden döwletlerine dolanmak islemeýärler ? Bu barada hiç pikir edip gördüňüzmi?Geliň şu mesele barada aýdyp geçeliň.
Daşary ýurtda okuwuny tamamlan Türkmen ýaşlarymyzň käbirleri watanyna dolanman başga döwletlerde işlemäne özlerine has makul bilýäler. Aýtmaklaryna görä sebäbi bolsa Türkmenistanda dolananynda oňat işe ýerleşip bilmejeklerini ýada bolmasa aýlyk haklarynyň özlerini makul edip bilmejeklerini aýtýarlar. Şeýle hem diňe maddy ýagdaýdan dälde käbir halatlarda öz durmuşlarynda daşary ýurtda has erkin duýýandyklaryny aýtýarlar.
Ondan başgada diňe bir okuwyny tamamlan ýaşlarymyz dälde eýsem häli şindi hem bilim almaga dowam edýän ýaşlarymyz hem gelejekde daşary ýurtda galmagy hyýal etýändikklerini aýdýarlar.
Bu hakykatdan hem bizi diýseň gynandyrýar . Näme üçin şeýle güýçli bilimli sowatly ýaşlarymyz öz watanyna gulluk etmän başga döwletde aýrylyk hasratyny çekip ýaşasynlar!? Olaryň iň uly meselesi egerde dolanyp baran halatlarynda pes aýlykda işe girmekleri arkaýyn bolmaýandyklary şeýle hem işe girmek hem diýseň (güýçli arkasy yada tanyş bilişi bolmasa) kyn bolýandygyny aýtýarlar.
Ine meselem daşary ýurtda saglyk we şuňa meňzeş birnäçe ugurlaryny dynyp gelen ýaşlarymyz Türkmen halky üçin örän zerurmyka diýip pikir etýän emma saglygy dynyp aňsat aňsat az hakly aýlyga kaýyl bolup watanyna dolanjak ýaşlar azmyka diýýän.
Daşary ýurtda pulsyz aňsat aňsat galmarsyň diýen pikir bar ýaşlarda sebäbi olar hem okap hemde işläp durmuşlaryny dowam etdirensoňlar aňsat aňsat beýle ýerden gaýtmak islemezler.
Meseleleri aýtdyk geçdik ýöne asyl soragymyz bu barada näme edilse ýada bolmasa döwlet bu ýaşlara nähili garasa has gowy bolar diýip pikir etýäňiz? Men öz düşünjelerimi aýtsam:
1-nji daşary ýurdy dynyp gelen ýaşlarymyzyň diplomlaryny kabul edenlerinde çenden aşa mesele çykarmasalar
2- hakykatdan hem beýle zehinli ýaşlary aýratyn tutup olaryň göwnünden turup biljek işler berip olaryň aýlyk möçberini hem şoňa görä goýsalar meň pikirimçe ýuwaş ýuwaşdan düzelermyka diýýän.
Siziň pikirleriňiz nähilli?
8 лайков 359 просмотров
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
backsp
08 июл 2023, 17:47
duzeler duzeler.. geljek 15-20 yyllykda.. ya duzelmezmika
Sapar aga
08 июл 2023, 20:52
Gaty bolgusyz mowzuk, şeýle-de pikirem.
Jeksparro
09 июл 2023, 07:46
Içki basyşlar, agressiýa, parahorluk ýok bolup gidende hiç kimem gitmez daşary ýurda...
MARS
09 июл 2023, 12:39
Olaryň iň uly meselesi egerde dolanyp baran halatlarynda pes aýlykda işe girmekleri arkaýyn bolmaýandyklary şeýle hem işe girmek hem diýseň (güýçli arkasy yada tanyş bilişi bolmasa) kyn bolýandygyny aýtýarlar. Sana dushunmedim sen Turkmenistanda yashayanmy ya dashary yurtda Aytyarlar diyyarler diyip yazypsyn kakbutda bashga yurtdan biri gelip gurlap duran yaly. Sen shu zatlary Turkmenistanda bolup hem bilmeyan bolsan bilemok men...
S❤
09 июл 2023, 12:40
Dasary yurtda okasa zehinli bolayyamy.
Name ucin iminni dasary yurtda okanlar gowy yerde oturmaly?
Barde bilim yokmusmy?
Russiyada bir belli balnisan baslygam tkmda okap giden.
S❤
09 июл 2023, 12:42
Ozem bilimem adama bagly. Dasary yurtda bolsun barde bolsun
Hatda orta mekdepdede
Zehinli synpdasym bar ahli ugurdan sorag bersen gaynap dur. Sona ayratynlap owredilenok. Ahlimize den owredilyar. Aljak alyar
S❤
09 июл 2023, 12:42
Ozem bilimem adama bagly. Dasary yurtda bolsun barde bolsun
Hatda orta mekdepdede
Zehinli synpdasym bar ahli ugurdan sorag bersen gaynap dur. Sona ayratynlap owredilenok. Ahlimize den owredilyar. Aljak alyar
backsp
09 июл 2023, 12:57
Marsss,
instinkt samosohraneniya
backsp
09 июл 2023, 12:58
Xyivenia_babayeva.,
hacanokap giden tkmda
backsp
09 июл 2023, 13:03
Xyivenia_babayeva.,
u tebya poworot ne tuda, barde gurrun bilim berilsinin derejesi barada dal. bilim alandan son durmusda ozuni tapmak barada
MARS
09 июл 2023, 18:11
Siz bir zada dushunin. Hazir yurdumyzda normal aylyk hak 3 mun manat gunne 100 manatdan. Dashary yurtda ishlesen gunde 25/30$ (koneden 2/3mln) Gunune ayda 60/70 mln Tapawudy gordunizmi!
Indi bizde uly ogul ayra chykarmak diyyan zat bar. Uly ogul oylenmek ucin 3 yyl ishlemeli shol 3 mun manat aylyk alyp.
Oylenenson jay salmak ucin yer aljak diyip 2 yyl ishlemeli
Normalny Gownundaki yaly Jay salmak uchin hem 10 yyl ishlemeli
Yigidin 15 yyl omri oylenmek jay salmak bilen gechdi. Ol adam eyyam 40 yashady juwan yashyny gara zahmet bilen gechirdi ne gonshy golamnyn toy marekelerini gordi nede dost yarlarynkyny.
Syyahat etmek beylede dursun. Ne 360 Pire, Ashyk Aydyn Pire, Konergenje zyyarat edip bildi.
Indi oziniz pikir edip goruberin! Name etmelidigi barada. Dashary yurtdan gelmelimi ya gelmeli dalmi...