Näme üçin gyzlara,edýän işine görä baha berilýä?

Name üçin bizde gyzlara etýän işlerine göra baha berilýär hiç pikir edip gördüňizmi?
Biz Türkmenler üçin barzat etýän işiňe ýaşaýyşyňa göra baha berilýar.Heýbir gyz maşgala daşaryýurtda okarmy diýýaler bir şunyň ýaly zat eşidemde gaty gaharym gelýa okasa okaýa nametsin öz ýurdunda okap bilmese saňa name adamlara gep bolsa bolýa. Ýada bolmasa pul üçin eklenç aýlyk üçin daşary ýurtda işleýanler üçin hem obasyna barsa idili gezen daldir işleýan aýal bolarmy diýip ýerdegökde goýmaýalar. Adamlar açlygyna ölsinmi? Sen eklenç edip berýamiň gep edip durmuşyny pozar ýaly?

Biziň gözümizde öýde otyranja ýaka etýan gyzlar asylly gyzlar ýaly görünýar. Men ýakaçy gyz aljak diýip öz aralarynda gürrüň bolýa.Hemme ýaka köýnek tikip öýde otyranlar akylly bolýan ýaly. Naçe wakalara duş geldim öyde otyryp saman astyndan suw ýöretýanler.

Bir gyz fabrikalarda gijeki smenda işleýar diýip ýada bolmasa geýýan eşikleri balak ýada gysga köýnek türkmen köynek geýmeýar diyip daşary ýurtda işleýa ýada okaýar diyip hemme gyzlara erbet diýmek deň garamak dogrymy?
16 лайков 769 просмотров
35комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Yusup
15 мар 2023, 12:33
Gyzyn barka lola (kunti/jelep) gulme. Oglun barka ogra gulme
Yusup
15 мар 2023, 12:35
adamyn geyyan ya ishleyan yerine gora baha bermeli dal. Kuntilerinem duzelip gidyani bar we arassa bolup durmusha chykyp gelin bolanson kunti jelep bolyanam bar.
OPTIMIST
15 мар 2023, 12:44
Ay menem yadadym so gurunlerden dasary yurtda bolsa neme etdiryandyr koyaryk siglyandyr zygyna gomdiryandyr yada bolmasy bir gyz bn oglan bile duet etsa ana sol oglana hezil etyandyr eee mal bolmasan dusuna hokman hezil etmek dal
Гость
15 мар 2023, 13:23
Hemme bir aýakdan sürülse iki aýaklylaň dat gününe-diýleni. Güni etek bilen ýapyp bolanok. Daşary ýurda gidip, ýa başga welaýata gidip bozulyp gelýän gyzlar (gelinlerem) köp. Men bu ýerde olaryň hemmesi şeýle diýjek bolamok, ýöne halkyň gözünde şolaryň şeýle hasaplanmagy obyçno ýagdaýa öwrüldi. Awtoram belläpdir, etjek öýünden çykmanam eder. Etmejek nirä gitse-de, haýsy ýerde işlese-de etmez. Ýöne boýun almaly, şeýleler köp we şol köpüň edýän işleri sebäpli beýlekilerem gepe galýa. Garaz biziň jemgyýetda, biziň toplymda
RelaX
15 мар 2023, 13:40
Adama Gyz ýada Oglan Baý ýada Garyp hormat goýulanok adam bolany üçin goýulya
Ajaŷyp
Ajaŷyp
15 мар 2023, 16:35
Bir gyz fabrikalarda gijeki smenda işleýar diýip ýada bolmasa geýýan eşikleri balak ýada gysga köýnek türkmen köynek geýmeýar diyip daşary ýurtda işleýa ýada okaýar diyip hemme gyzlara erbet diýmek deň garamak dogrymy?

Shunyalylar abat bolanok real durmushda góz yetirdim.
Ajaŷyp
Ajaŷyp
15 мар 2023, 16:37
Tassdan bagty yatyady shol oglanyñ toyuna sanlyja gún galanda bilindi namedigi sheydibem toy bozuldy
Ajaŷyp
Ajaŷyp
15 мар 2023, 16:38
Atyñy yeke çapma il bn boluber.Bir emmasy bardyr diyilyan zatlarda
.
15 мар 2023, 16:50
Ajaŷyp
Bir gyz fabrikalarda gijeki smenda işleýar diýip ýada bolmasa geýýan eşikleri balak ýada gysga köýnek türkmen köynek geýmeýar diyip daşary ýurtda işleýa ýada okaýar diyip hemme gyzlara erbet diýmek deň garamak dogrymy?

Shunyalylar abat bolanok real durmushda góz yetirdim.

Suñyalylar diýende fabrikda gijeki smenda isleýänlere ya-da daşary yurtda okaýanlara diýdiñ oýtýän. Bir adam garap hemmesini soñ ornuna goýupsyñ. Gecinem öz aýagyndan asarlar goýunam.
Gerceknazar
15 мар 2023, 20:16
Bizem şu şer tapsak şor tapan ýaly. Anygyna ýetmän paşyr-paşyr paşyrdamagy gaty gowy görýäs.
Ajaŷyp
Ajaŷyp
15 мар 2023, 21:11
Menzil
Ajaŷyp
Bir gyz fabrikalarda gijeki smenda işleýar diýip ýada bolmasa geýýan eşikleri balak ýada gysga köýnek türkmen köynek geýmeýar diyip daşary ýurtda işleýa ýada okaýar diyip hemme gyzlara erbet diýmek deň garamak dogrymy?

Shunyalylar abat bolanok real durmushda góz yetirdim.

Suñyalylar diýende fabrikda gijeki smenda isleýänlere ya-da daşary yurtda okaýanlara diýdiñ oýtýän. Bir adam garap hemmesini soñ ornuna goýupsyñ. Gecinem öz aýagyndan asarlar goýunam.


Dashary yurtda okayanlaram azdyryalar gowy bolandada fabrikde ishleyanlerem hemmesem deñ gowy dal sholañ
Baýram
15 мар 2023, 21:57
Daşary ýurda gitýänleri näme üçin halamaýalar ( olaryñ baryna erbet diýip bolmaz) zenan maşgala erkinlige çykyberse ýokarda teswirde aýdyşlary ýaly biraz sepini açmak bilen boluberýär, ynsanda olam näme etseñ bolýandyr öýtýänleri bar, elbetde asylly,islendik erkinlige çykan gyzlarymyzam bar özüni saklaýanlary, ýöne gynansagam şol awtoryñ gepini edýäler diýýän gyzlarynyñ 70%-i şol gürrüñe mynasyp bolýalar elbetde şol hereketleri edip. Özüm köpüñ içinde bolamsoñ görýän herhili bolşup ýörler... Aýtsañ aýdyp otyrmaly bu zatlary aýtsañam oglanlar ak jüýje bolup galýar.
Telwas
15 мар 2023, 22:53
Il bähbitli, ýurt ähmiýetli meseleleriň birini ara alyp maslahatlaşypsyňyz, tüweleme.
noname
15 мар 2023, 23:08
Nirvana,
Hawa ,,maslahatly bicilen don gysga bolmaz" indi şu meselede problema bolmaz
Retro
Retro
16 мар 2023, 00:08
Nirvana
Il bähbitli, ýurt ähmiýetli meseleleriň birini ara alyp maslahatlaşypsyňyz, tüweleme.

Nirvana,
?
Retro
Retro
16 мар 2023, 00:10
Näme üçin gyzlara,edýän işine görä baha berilýä?

Elbetde, etýän işine görä baha beriler. Diňe gyz däl, hatda oglanada şeýle. Gowy işe gow, erbet işe ýaramaz baha beriler.
Retro
Retro
16 мар 2023, 00:19
Umuma alanyňda daşary ýurda gidip okaýan we işleýän gyzlaryň aglabasynyň ýoldan çykýanlygyna men subutnamaly göz ýetirdim. Aglabasy diýýänim görenlerimi göz öňüne tutýan ilkinji nobatda. Hemem ynamdar dostlarymyň gürrüňlerini hem goşup bilerin.
Bir tarapdan biziň medeniýetimiz bilen daşary ýurtlaryň medeniýeti deň däl. We biziň gyzlarymyz, gelinlerimiz beýle medeniýeti görüp ''beýle geýinseňem bolýan eken, beýle etseňem bolýan eken" diýip şol bada geýimi üýtgetýäler. Ýenede bir tarapdan "gyzlar näme erkin ýaşamaly dälmi ýa islänini etmeli dälmi" diýen düşünjäni pikirlenmezden kabul edip herekete başlaýalar. Ýenede bir tarapdan ene-ata, dogan-jigi(erkek adam) ýanynda ýok welin onuň pikirlerine dogry/nädogry diýip maslahat berýän ýok, erbetliklere baş goşmazlygyndan ýa ýalňyşmazlygynyň öňuni aljak ýok. Ýene bir tarapdan gyz gelin maşgala esasan ynanjaň bolýar. Maddy üpjünçilige höwesek we mätäcligi köp bolýar. Şu sebäpler bilen hem erbet niýetli oglanlaryň toruna düşüp galýalar.
Özüm birnäçe döwletde bolup gördüm. Birnäçe türkmen gyzlary tanaýan, gürleşdimem. Daşyndan gaty gowy, gürleýişi, düşünjesi oňat. Emma gyz bolup ýa namyssyzdyr ýa gelin (ýurdunda äri garaşýandyr ýa aýyrlyşandyr) bolup birnäçe erkegi görendi. Indi alaly gyzlary.
Retro
Retro
16 мар 2023, 00:22
Gyzlar ýaňky aýydyşym ýaly aldawa düşýäler. Esasy sebäpleriň biri hem üýtgeşik medeniýet, üýtgeşik aň düşünje, ahlak taýdan biziňkiden pes jemgyýet. Ýöne gaýtmazdan ozal ene-ata gyzyň beýnisini dolduryp göýberýändirä, näme sebäpden şolaryň aýdanyndan çykýa ine şuňa düşünemok. Aldawa düşumezligi üçinem düşünje berýändirä. Eger şeýle ene atadan düşünje almadyk bolsa eýýäm buda gyzyň bulaşmagyna sebäpleriň biri bolýar.
Retro
Retro
16 мар 2023, 00:25
Indi alaly gelin maşgalany. Ilkinji bn "men gyz däl, kim görüp dur, näme edemdede ýitirjek zadym ýok, üýtgejek zat bir eýýäm üýtgedi" diýen pikir döreýär. Buňada maddy zerurlyk iň esasy sebäpleriň biri, uştesine jynsy islegem. Şeýdibem ýol urdurýalar. Ýöne näme sebäpden ahlakly maşgala gurup bir erkek bilen ideal bolmalydyklaryna düşünip etmeýäler şeýle. Şeýle ýagdaýlar sebäpli ýene günä zenanyň özünde bolýar.
Retro
Retro
16 мар 2023, 00:27
Emma ýurtdan çykan gyz gelinlerimiziň ählisini bir diýip bolmaz. Içinde namysyny goraglap, özüni zaýalatman gelýänlerem bardyr. Muňa garşylyk ýok mende. Ýöne dogrymy aýtsam menä gabat gelemok. Ýöne hemmesine 100 dereje namysyny ýitirip ýa hezil edip gelen gelinler diýip biljek däl. Sebäbi ählisine rral subutnamam ýok.
Retro
Retro
16 мар 2023, 00:31
Ýenede pikirköp, ýöne ýazardan köp we bir az wagtdan futbol başlaýa :)
Umuman jemgyýetiň bahasynyň bir sebäbi bolmasa beýle pes bahalandyrmaýar jemgyýet. Şonuň üçin kim nähili hereket etse halk bilýär. Bilinmez ýa bilinenok diýip pikir etýänlerem bar emma bu eýýäm olaryň 2nji uly ýalňyşy. Hökman bilinýär.
Şonuň üçin jemgyýegiň halkyň umumy bahasyna seretmände her biriňiz öz namysyňyzy, mertebäňizi gorap şoňa jogap bermegi başarsaňyz mynasyp bahaňyzy alarsyňyz. "Ýok menem şeýle diýip pikir ederler, menem şolar ýaly ýoldan çykan diýerler" diýip pikir etmäň. Hökman mynasyp bahaňyzy alarsyňyz.
Retro
Retro
16 мар 2023, 00:34
Biziň zenanlarymyz islese daşary ýurda çykmazdanam edip bilerler bozuklyklary. Ýöne nirededigne garamazdan halk kimiň kimligini tanaýar.
Bu mesele oglanlarada degişli emma erkekleriň edeni eden ýerinde galýar. Onuň zenanyňky ýaly ýutirjek zady bolmansoň erkekler beýle zatlardan arkaýyn. Bolup biler zenandan belli bir jynsdan jynsa geçýän keseller arkaly zyýan çekip bilerler. Emma olaram gaty seýrek. Sebäbi keselli jynsly zenan barada erkekleriň arasynda maglumat edil howadaky wirusyň ýaýraýyşy ýaly ýaýrap habardar bolunýar
Ajaŷyp
Ajaŷyp
16 мар 2023, 00:39
Retro
Gyzlar ýaňky aýydyşym ýaly aldawa düşýäler. Esasy sebäpleriň biri hem üýtgeşik medeniýet, üýtgeşik aň düşünje, ahlak taýdan biziňkiden pes jemgyýet. Ýöne gaýtmazdan ozal ene-ata gyzyň beýnisini dolduryp göýberýändirä, näme sebäpden şolaryň aýdanyndan çykýa ine şuňa düşünemok. Aldawa düşumezligi üçinem düşünje berýändirä. Eger şeýle ene atadan düşünje almadyk bolsa eýýäm buda gyzyň bulaşmagyna sebäpleriň biri bolýar.


Gyz chagany erkine ish ya okuw diyip goyberyanleri chapmaly
Ajaŷyp
Ajaŷyp
16 мар 2023, 00:40
Minuslamany bilyaler. Kopusi suw meyilli bularyñ
Retro
Retro
16 мар 2023, 00:50
Enem öz ýaş döwründe kakalarynyň, atalarynyň özlerini we ejedir enelerini nähili berk tutuşlaryny gürrüň berýär. Enemiň gürrüňlerinden çen tutsaň zenany şeýle berk tutmaklyk zerur diýdirýär. Daşary ýurtlaryň hem ahlak pesligi zenanlaryň gereginden aşa artyk erkenligi.

Enem aýtýar "Ataň bir gün meni urupdy it ýenjen ýal. (Sebäbini aýtdy ýadymda däl) Mende günä bardy. Garry mamaň ertesi öýe gekende gyzym näme boldy diýdi, menem sallançagyň burçy degdi üwräp otyrkam diýdim. Onsaň ejemem ol sallançagyň işä däl başga zat borla aýtmasaň özüňde günä bardyr diýdi. Aňyrysy 1 sagatdan ataň geldi. Ejem bilen ýagşy salamlaşdy, soňa gyzyň gözüni gördüňmi aýtdymy meň edenimi diýdi diýip boluşy ýaly aýtdy. Ejemem sesini çykarmady. Ataňam ýuwunmana gitdi, naharladym, soň ejemem öýe gitdi. Ýöne ejem meni öýe gideli urýan bolsa, ýa ataňa bir söz diýmedi. Sondan soňam ownuk düşünişmezlikler boldy emma maşgala berkligine galdy. Ataňam hormaty ulydy bize baranda biziňkiler gekendede ataňam hezzet hormaty ulydy. Seýdibem ine şu uly maşgala dowam edip gelýär. Siz dünýä indiňiz......." diýip gürrüň beripdi.
Ajaŷyp
Ajaŷyp
16 мар 2023, 00:50
Shunyalylary yygnañ onda minuslayanlar size degishli
Belki
16 мар 2023, 05:50
Howwa, dogry aýdýañyz. Zenanlary urup durmaly. Gözünde, ýüzünde, bedeninde şikesler galdyryp durmaly. Pikrini diñlejek bolubam wagt sarp etmeli däl. Zenanda näme pikir bolsun-aý. Asyl-ha zenanlary ynsan hasap etmek nädogry.
Pegas
16 мар 2023, 06:56
Seksopotolog..........
adamyn geyyan ya ishleyan yerine gora baha bermeli dal. Kuntilerinem duzelip gidyani bar we arassa bolup durmusha chykyp gelin bolanson kunti jelep bolyanam bar.

Bul-a gyz-gelinler hakdaky mowzuk eken entek. Başga islendik temadaky (kär, maşyn, nahar, daýhançylyk, söýgi, futbol...) mowzukda hem hökman künti bilen jelebi agzap bilýän ýeketäk oglan şu.?
.
16 мар 2023, 07:31
Ajaŷyp,
Señ ýaly könepikirli gyzlar daşary ýurda okamana göýberyänleri capmaly. Hemmesini däl.
Ajaŷyp
Ajaŷyp
16 мар 2023, 09:07
Belki
Howwa, dogry aýdýañyz. Zenanlary urup durmaly. Gözünde, ýüzünde, bedeninde şikesler galdyryp durmaly. Pikrini diñlejek bolubam wagt sarp etmeli däl. Zenanda näme pikir bolsun-aý. Asyl-ha zenanlary ynsan hasap etmek nädogry.

Norm bol! Gayrat et kyndr welin!