GOÝ, GOPSA GOPSUN APY-TUPANLAR!

Hiç haçan hiç halatda hiç zat öňküsi ýaly bolmaz!. Ýa öňküden gowy bolar, ýa-da öňki gowy bolar.

Durmuş näçe monoton ýaly görünse-de, aslynda apy-tupanlar gopýandyr içimizde. Şol apy-tupanlary görüp bilýänler bolsa durmuşymyzdaky iň möhüm ynsanlardyr.

Iň gowy apy-tupan görüjiler ene-atalardyr. Apy-tupanlary näçe daşyňa bildirmejek bolup dyrjaşsaň hem olaryň x-reýinden aňsat-aňsat gaçyp bilmersiň. Men-ä gaty bir içimde saklabam bilemok dogrysy. Gahar bolup çykýar, gam-gussaly ýüz bolup çykýar, işdäsizlik bolup çykýar, näme edýänini bilmezlik bolup çykýar, garaz eýleden-beýleden hökman çykýar. Bildirmän baş etmek aňsat däl, meniň ýaly ejiz ynsanlara has hem kyn. Jan ejem, jan kakam, hawa, size hem aýdyp bolmaýan apy-tupanlar bar. Tebigatdaky apy-tupanlaryň, gara bulutlaryň gelmegi we ýagyş damjalarynyň ýere düşmegi bilen soňlanyşy ýaly, içimizdäki apy-tupanlar hem, gözlerden damjak ýaşlar bilen soňlanýandyr belki. Aý ýok, gowy meňzetme boldy, ýöne bular ýaly däl bolara çemeli. Sebäbi aglabam gördüm, entegä dynmady bu apy-tupan. Hawa, edil öňküsi ýaly-ha däl, köşeşdi azajyk.

Hah, psihiýatrlaram gaty gymmat eken. Bärde olar tapdyrýandyram öýdemok, bardyr ýöne. “Menden gowy psihiýatr barmy?” diýsene jemşit!. Biz ýalyň psihologiýasy kän bir möhüm zat hem däl aslynda. Geçen günem bir kino gördüm, baý bolgusyz kino ekenaý. Joker diýýärmi nämemi? Jemşit, baş harpyňyza deň eken, toba estapyralla. Hudaýa şükür biziňä asmanymyz asuda näme-de bolsa. Psihiýatr derkar däl.

Käwagt dagyn içimizde uly söweşler hem bolýar. Bir apy-tupan başlaýar, jemşit görgülem muny basyp ýatyrjak bolýar. Jemşit diýýän-ä, seniňkem aňsat däl. Düşünýänle, senem bir nöker. Dosteýewski aýtmyşlaýyn: “Şeýtan taňry bilen söweşer we söweş meýdany ynsanlaryň kalbydyr.” Onda näme, gowylara ýeňiş!.

Belki ynsan bolmagyň manysy, kalbymyzyň entek ýerindediginiň bir yşaratydyr bu apy-tupanlar. Şonuň üçin: Goý, gopsa gopsun apy-tupanlar!.

Merwli türkmen
7 лайков 248 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Massimus
26 июл 2023, 22:50
Merwli türkmen özüňizmi Nirvana?!
Coupets
27 июл 2023, 05:46
Gyssanma hemme zat ýerbe ýer bolar. Her zadyň öz wagty bar, Hudaý her adama göterip bilmejek ýüküni berenok. Her zat ýüregiňe görä bolýar. Hem begendirjek hem gynandyrjak söz bar, olam ''Buda geçer" :))
Balary
27 июл 2023, 19:19
Coupets
Gyssanma hemme zat ýerbe ýer bolar. Her zadyň öz wagty bar, Hudaý her adama göterip bilmejek ýüküni berenok. Her zat ýüregiňe görä bolýar. Hem begendirjek hem gynandyrjak söz bar, olam ''Buda geçer" :))

geçip baryan zatlar bn bile biziñem geçip baryanymyzam yatda saklamaly yone...