Haýwanat dünýäsindäki täsinlikler (5)

Piller segsen ýaşdan ýüz ýaşa çenli ýaşaýarlar.Olar ýedi ýaşyna ýetende guzlaýar. Ýabany piller has hem köp ýaşaýarlar.
* * *
Ýolbarslar duşmançylygy üçin ynsana hüjüm etmeýärler .Olar aç bolanlarynda iýmit üçin ynsana topulýarlar. Eger ýolbars dok bolsa, ýanyndan geçseň hem topulmaýar.
* * *
Bars iň köp uklaýan haýwanlaryň biridir .Ol üç günläp uklaýar. Itiň ukusy bolsa örän azdyr, ol elmydama hüşgärdir. Bars sessiz uklaýar.
* * *
Samyr bilen zemzen, eger-de özlerini ýylan çaksa, ýüzärlik iýmek bilen sagalýarlar.
* * *
Guşlardan ýalňyz ýaşamagy söýýän guş bürgütdir .Topar bolup ýaşamaýan guş durnadyr. Topar bolup ýaşaýan guş käkilikdir.
* * *
Möjekler ene-atasy ýanyndaka düýeguşuň çagasyna we ýumurtgasyna hüjüm edip bilmeýär. Eger ony görseler, erkek düýeguş ony kowýar, urkaçy düýeguş hem çaltlyk bilen ony kowalap başlaýar, çagasyny hem erkegine tabşyrýar.Şeýdip,tä möjegi öldürýänçäler ýa-da ejizledýänçäler hereketini dowam edýärler.
* * *
Toklutaý ýumurtgasyny we jüýjesini janyndan geçip penalaýar.
* * *
Balary erbet ysly ýere barmaýar we atyryň üstünde gonmaýar.
* * *
Eger bürgüdiň bagry agyrsa,towşany ýa-da tilkini asmana galdyryp, olaryň bagryny iýýär we sagalýar.
* * *
Balarylary bir ýere jemlenýärler we edilmeli işleri öz aralarynda paýlaşýarlar. Käbirleri bal ýasaýar, käbirleri mum ýasaýar, käbirleri öý ýasaýar, käbirleri bolsa suw çekýär.
0 лайков 11 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.