TEKIZ ÝERÇILERE WE ''DÜÝEGUŞYŇ GATLAKLY ÝUMURTGASYNYŇ IÇINDE ÝAŞAÝARYS'' DIÝIP ÇAKLAÝANLARA!

II asyryň sepgitlerinde Klawdiý Ptolemeý atly geograf we astronom ýaşap geçipdir. Ol dünýä ýüzüniň kartasyny şekillendiripdir. Kartada Ýeriň diňe Ýewraziýa bilen Afrika materiklary ýerleşdirilen. Soň kartanyň daş töwereginde 12 sany perişdeleriň Ýere üfläp duran kelleleri bar. Perişdeleriň üfläni ýel bolup gelýär we howany sazlaýar...
Bir gün men iki-üç sany men diýen geografiýadan ökde bolan okuwçylara ''Klawdiý Ptolomeýiň kartasy hakda näme diýýärsiňiz, bu özem takyk karta'' diýip olary daşyma üýşürdim. Olaram meň subutnamalarymy derňewe alman derrew ony kabul etmeli boldular.
Bu ýokardaky aýdanlarym tejribe geçirip görmek üçin ulandym. Aslynda Klawdiý Ptolomeýiň ol kartasyna men ynanamok. Belkäm bir gün geler Tekiz ýerçiler ýaly teoristler orta çykyp: Günorta ýa Demirgazyk Amerika diýilýän yklym asla ýok'' diýýänler çykaýmanka şuny okyjylara ýetireýin diýdim.
Daşyma üýşen okuwçylar şeýle jogap berdiler: ''Klawdiý Ptolomeý döwründe adamlaryň beýnisi ösmedik. Ol döwrüň kartasam ýalňyş''.
Men bolsa: ''Aý ýok, ol karta II asyrdan galan, özem takyk karta. Serediň Afrikanyň aşaklary I-II asyrlarda okean basyp duran eken, soň gury ýer çekilip Afrikanyň aşaklary emele gelipdir. Ýa bolmasa Hazar deňzine serediň. Ol başda köp suwly, özem Türkmenistanyň çäklerinde deňiz bolupdyr diýilýän deňiz öňler I-II asyrlarda kartadaky keşbinde eken, soň häzirki durkuna gelipdir, Hindistanyň günorta taraplaryna serediň, şol döwürlerde adalar bar eken we wagtyň geçmegi bilen suwlar yzyna çekilip Hindistan ýarym adasyny emele getiripdir'' diýip aýdyp görsem Mekdep ýaşyndaky okuwçylar muňa haýran galmak bilen seretdiler we bäh diýişip oturyberdiler.
Aýtjak bolýanym islendik gadymy kartalara lupa ýa lineýka ýaly abzallar bilen ölçäp ''takyk karta şu'' diýip oturybermeli...
Tekiz ýer teoriýasyny alyp göterýänleriňem şol ýaňky okuwçylardan we islendik gadymy kartany alyp dogry hasaplaýanlardan artykmaç ýerleri ýok...
Bu aýdýanlarym Ýumurtga şekilli ýeriň üstünde däl-de içinde ýaşaýarys diýip arzuw edip oturan täze teoriste hem degişli. Täze teorist Tekiz Ýerçileriň teoriýasyna goşulanok. Ol düýbünden başgaça pikirleri bilen orta çykdy. Ol şeýle diýýär:
'' Iň esasy düşünmeli zatlaryň biri, biziň ýaşaýan ýerimiz örän äpet ýumurtga şekilli terrariýum. Ol terrariýumda adamlar we başga janly jemede ölmez ýaly ondaky bar fiziki proseslary dolandyrýan äpet bir mehanizm bar. Ol mehanizma köplenç Ýuwha diýýärler, käbir milletler bolsa ol mehanizma pil ýa-da äpet pyşbaga diýýärler. Mysal üçin Magtymguly Pyragy ol mehanizma "Sary Öküz" diýýär. Nähili bolandada biziň ýaşaýan ýerimiz ýapyk sistema we öz özini ekläp bilýän mehaniz bilen üpjin edilen. Biziň ýaşaýan diskimiziň ini hem örän uly. Bizi belli bolan 6 sany kontinetdan başga ýene 12 sany kontinet biziň daşymyzy gurşap alýar. Ol matiriklaryň ýa-da kontinetlaryň ady biziň garaskoplarymyz bilen deň gelýär. Emma ol kontinetlara bize ýol ýok. Ol ýeriň öz ýaşaýjylary bar we olar bizi öz ýanlaryna göýberenoklar. Bu diňe biziň ýaşaýan diskimiza degişli, bizden aşakda ýerleşýän diskleriň tutýan meýdany hem az däl. Ol ýerde ýaşaýan jandarlaryň ösiş derejesi biziňkiden örän ýokarda. Ol jandarlar adamzady gulçylyga gaplajak bolup eýýäm ençeme müň ýyllap zähmet çekip gelýärler. Ol jandarlar biziň howamyzda açyk gezip bilenoklar, olara ýörüte skafandyrlar gerek bolýar. Ýöne ol "Çal adamlar" diýip atlandyrylýan jandarlar, biziň howamyzy üýtgetjek bolup hem zähmet çekýärler. Ol jandarlaryň ýaşaýyş ömri adamlaryňkydan kän. Ol jandarlar ýuwaş ýuwaşdan biziň howamyzy çalşýarlar, emma çalşyk prosesy örän haýal geçensoň biz ony duýamzok we ýuwaş ýuwaşdan öwrenşýäs. Ol çal adamlar diýilýän jandarlaryň öz baş tutanlary hem bar. Ol baş tutan irden giçde ýeriň ýüzune çykmaly we özini Hudaý diýip yglan etmeli. Biz ol oglany Detjal diýip tanaýas. Hakykatda bolsa ol oglanyň dini ynançlar bilen kesişýän hiç bir ýeri ýok. Ol oglan ýeriň aşagynda ýaşaýan kuwwatly bir taýpaň goşun generaly we şol taýpa eýýäm bir näçe müň ýyl bäri ýeriň ýüzüne çykmagyň arzuwynda gezip ýör. Çal adamlaryň taýpasy bize görä ep esli uzak ýaşaýar, belki olar Hudaý tarapyn şeýledir, ýa-da olaryň ösen ylmy derejesi olara uzak ýaşamaga ýol berýändir, bize belli däl. Ýöne Detjal diýilýän oglanyň eýýäm 3500 ýyl bäri gezip ýöreni hakykat, ol oglan dini kitaplaryň we ýazgylaryň käbirinde görünip geçýär.

Şu ýerde öz özinden sorag döreýär, eger biz äpet ýumurtgaň içinde ýaşaýan bolsak, onda ýumurtgaň daşynda näme bar? Ýumurtgaň daşynda ýene bir ýumurtga bar. Şeýle ýumurtgalaryň sany miliýartdan geçýär. Her bir ýumurtgaň öz janly tebigaty we öz dolandyrýan mehanizmi bar. Ol ýumurtgadan bu ýumurtda geçip bolanok. Hatda adam ruhlary hem şeýle syýahatdan goralan. Ýöne geçmişden miras galan käbir ertekilere görä biziň ata-babalarymyz ol ýumurtgadan bu ýumurtga geçmegi başarypdyrlar''.
Bu hiç hili subutnama esaslanýan teoriýa däl we bu ýönekeý düşünjelerden ybarat. Toslanyp tapylan howaýy ertekilere çalym edýän Tekiz Ýer we Ýumurtgany içindäki ýaşaýyş integem olaryň aňynda dowam edýär.
Ýöne ine ynanyp bolaýjak ''Ýeriň içi köwek boşluk şekilde'', ýa bolmasa ''Agarta /Manwantra/ ýaly teoriýalara bolsa hä diýjek.
Hiç hili Tekiz Ýer ýok we biz ýumurtganyň içinde daga çüýlenen gatlak ýeriň üstünde ýaşamyzok. Biz togalak Ýer şarynda ýaşaýarys.
Özem Ýeriň ol ujunda Demirgazyk we Günorta Amerikalar, Demirgazyk we Günorta polýuslar öz barlygyny dowam etdirip gelýär...
Sözümiň ahyrynda bolsa Zahyreddin Abulhasan Aly ibn Abulkasym Beýhaky ibn Findukyň ''Ýer Togalagynyň we astrolýabiýanyň sferasy bilen tanyşlyk'' atly kitabyny Seljukly türkmen Soltany Sanjaryň hemaýat bermeginde ýazypdyr. Şol kitapda alym Ýyldyzlaryň, Aýyň we Günüň hereketlerini Obserwatoriýada takyklap, Ýeriň hem şar şekillidigini çözmegi başarypdyr.
Şonuň üçinem şu döwrüň Komplimasiýaçylaryna geň galyp, ynanyp oturmagyň geregi ýok...




@Jeksparro
3 лайков 263 просмотров
13комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
senagul
07 июн 2021, 09:37
Ýeriň aşagynda ýaşaýamyka Detjal
Guljeren
07 июн 2021, 11:02
Yer goteren sary okuz,
Bilmen niçe yasyndadyr?
Seyle gosgy bardy oytyan.
Guljeren
07 июн 2021, 11:04
Jiks indi sasligi goyup yumurtga gecdiñmi :))
Şamuhammet
Автор 07 июн 2021, 12:32
@Yekejäm, ýoklaý... :)
Musaýew
07 июн 2021, 12:33
Yer goteren sary okuz
Bilmen nice yashyndadyr?
Diyp Magtymguly Pyragy Güne aytyar. Gun ahli planetalary ozine dartyp saklap dur.
Guljeren
07 июн 2021, 13:30
@ jiks name bolsada sasligimde galjak diyyañmi ;)
Guljeren
07 июн 2021, 13:33
Jiks yer tekiz corek sekilli bolsa,yeriñ asagynda name bar? Ya-da togalak sar sekilli bolsa asakdaky zatlar name ucin gacanok?
Musaýew
07 июн 2021, 14:12
Jeks iñ yerine men jogap bereyin:
Sebabi yerin oz dartysh guyji bar shonun uchin gachanok
senagul
07 июн 2021, 15:53
Ýer şaryň içinde altyn ba diýýä derjalam ony saklap otyranmyş aý bir günem gahar edip alyp çykýa adamlaram altynyň üstünde gyrlyşýamyş şeýdip detjal galýamyş. :)
Guljeren
07 июн 2021, 16:10
Name ucin ucara munip yerden galan wagty ayagyñy galdyrjak bolsañ kyn yagdayda galyar?Jogap beray suñada(ozum barlap gordum)
Şamuhammet
Автор 07 июн 2021, 17:42
@Yekejäm, dur how men Ýer Çörek ýaly tekiz diýemok, men ýeriň togalakdygyna ynanýaryn. Ýer tekiz çörek ýaly diýip @khanture diýýär. Bu nähili boldaý ?
Guljeren
07 июн 2021, 22:09
2nji soragymy jogaplay @jiks
Şamuhammet
Автор 08 июн 2021, 08:29
Ýeriň dartyş güýji, ýagny magnit polýasy hemme zady özüne çekýär...