Ilkinji kartalar we tekiz ýerçilere jogap
Geçen saparky makalamyzda biz Ýeriň togalakdygyna degişli maglumatlary Bahaweddin Ebu Bekr Muhammet ibn Ahmet ibn Ebu Bişr Hüseýini Haraka salgylanmak bilen subut edipdik.(http://talyplar.com/posts/67826 )
Tekiz Ýerçileriň aýtmaklaryna görä Dünýäniň ýüzündäki birnäçe materikleriň we ondaky ýerleşýän döwletleriň çäkleriniň, teritoriýalarynyň ýalňyşdygy ýa-da takyk däldigi aýdylýarmyş. Bize öwredilýän geografiýada käbir yklymlaryň hem bizden gizlenýändigi hakynda ýaňzytýarlar. Bu hakda biz şu makalany olara jogap hökmünde agzap geçmekligi makul bildik...
Indi bolsa Dünýä ýüzüniň kartalarynyň düzülşi hakynda aýdyp bermekçi bolýaryn, şeýle-de Hristofor Kolumbyň ýüzüş syýahatynda gören eşiden zatlary hakynda meşhur Piri Reýisiň dilinden habar bermekçi...
Bilşimiz ýaly 2000 ýyldan gowrak mundan ozal alymlaryň käbiri Ýeriň şar şekillidigini (togalakdygyny) aýdypdyrlar. Muny Aýyň tutulan wagtynda Aýa Ýeriň tegelek şekiliniň düşmegi munuň şeýledigine şaýatlyk edipdir. Eratosfen Dünýäniň Ilkinji kartasyny düzýär. Klawdiý Ptolemeý bolsa 1700 ýyl mundan ozal Ýewraziýanyň we Afrikanyň merkezi hem demirgazyk çäklerini şekillendirýän kartany düzýär. Soň Ýeriň kartaly şar şekilli Globusyny XV asyrda Martin Behaým düzýär. Ol kartada Demirgazyk we Günorta Amerika Yklymlary ýok-da Ýewropa we Afrikadan günbatarda ýene Aziýa we Hindistan şekillendirilen... Ýöne 1492-nji ýylda Hristofor Kolumb günbatardaky Hindistany (Aziýa tarap) bahanalap gämi kömegini alyp ýüzüşe çykýar. Bu taryhy wakany başdan aýak Piri Reýs ''Kitaby Bahriýe'' atly kitabynda şeýle düşündirýär: ''...Emma şeýleräk rowaýat bar kiý, Genuýaly bir küffar, adyna Kolumb diýýärler. Bu ýerleri ol tapypdyr. Ady Kolumb diýilýäniň eline bir kitap düşüpdir kiý şol kitapda ''Magryp deňziniň /Günbatar, ýagny Atlantika okeany - a.b./ soňlarynda kenarlar we adalar bar eken. Olarda her dürli magdanlar we ýene-de jöwher daşly daglar bar eken'' ýaly maglumat okapdyr. Ol bu kitaby doly okap ondaky maglumatlary Genuýanyň hökümdaryna düşündirip: ''Maňa iki sany gämi berseň, gideýin, ol ýerleri gözläýin'' diýipdir. Genuýanyň hökümdary: ''Aý nesli kesilen diýsänim, Magryp derýasynyň / Atlantik Okeany - a.b/ aňyrsynyň çägi we yzy ýok! Tolkuny erbetlikden dolydyr'' diýýär. Gürrüňi edilýän Kolumb genuýalardan peýda ýokdugyny görensoň Ispaniýa beginiň ýanyna gidip oňa hem ýaňky zatlary aýdyp berýär. Ol hem genuýaly hökümdaryň jogabyny bereninde Kolumb oňa haýyşyny ýaltanman aýdyp berýär. Ahyr soň Ispaniýa begi iki sany gämini berip, ony doly ýola taýýarlap: ''Eý Kolumb! Eger seniň diýeniň hakykatdanam şeýle bolsa seni ol diýara kapitan edeýin'' diýip, Magryp deňzine tarap ýollapdyr. Merhum Gazy Kemalyň ispaniýaly bir guly bardy, şol gul özüniň Kolumb bilen üç gezek şol diýara barandygy barada merhum Kemal Reýise şeýle gürrüň beripdir: ''Ilki Septe bogazyna bardyk, ol ýerden günbatarda Lodosun ikisiniň ortasyna rast dört müň mil (deňiz mili 1852 metre deň) ýüzenden soňam garşymyzda bir ada gördük, ýöne gitdigiçe derýanyň /okeanyň - a.b./ möwji köpüksiz bolup başlady, ýagny deňiz parahat, asuda ýagdaýa gelipdir. Demirgazyk ýyldyzy, deňizçiler oňa tarap görkezýän /kompaslarynda - a.w./ oňa ýyldyz diýerler, barha gözden gaýyp boldy''. Ol şeýle diýip gürrüňini dowam etdirýär: ''Şol ýagdaýda ol diýarda ýyldyzlar şol durkuna görünmän, başga tertipde görünýär. Ondan ozal gören adalarynda gämileriniň labyryny taşlanlarynda ol adanyň halky /indeýler - a.b./ kenara gelip ok atýarlar. Soň olar kowman daşary çykyp habar soraýarlar. Erkegi aýaly diýmän elleri ok ýaýly ok atýarlar. Ol okuň ujy balygyň süňkünden bolup olaryň ählisi çuw-ýalaňaç ýagdaýda gezişip ýörler we has... Ol ada baryp bolmajagy görünip duransoň adanyň beýleki tarapyna barypdyrlar, görseler bir kürekli gaýyk bar bolup içindäkiler olaryň gelýänini görüp kenara gaçyp gidýärler. Olar küregi almaga baranlarynda onuň içinde adam etiniň bardygyny görüpdirler. Belkäm bu taýpa adadan ada baryp adam öldürip iýýän bolmaga çemeli. Kolumb ýene bir ada görüp oňa-da barýar, ol adada uly ýylanlaryň ýaşaýandyklaryna göz ýetirýärler. Ol ýere barmakdan gorkup, başga bir ada barypdyrlar. Gämileriniň labyryny taşlap, ol ýerde 17 günläp bolýarlar. Bu adanyň halky /gyzyl tenli, ýagny indeýler - a.b./ gämidäkileriň zyýan ýetirmeýändiklerini görensoňlar, balyk awlap, gämilerinde olara eltip berýärler. Olar hem hoşwagt bolup, olara /adadakylara/ syrçaly monjuklary sowgat beripdirler. Belkäm Kolumb syrça monjuklaryň şol diýarda gymmatbahaly zatdygyny kitabynda okanmyş. Olar monjuga balygy çalyşmak üçin ýene-de köp balyk getirýärler. Bular hem olara diňe syrça monjuk berýärler. Bir gün bir aýal /indeýiň/ elinde altyn görüp ony alyp, ýerine monjuk beripdirler. Olar: ''Baryň ýene-de altyn getiriň, biz size ýene-de köp monjuk bereli!'' diýipdirler. Olar gidip, köp monjuklarda altyn getiripdirler. Belkäm, olaryň daglarynda altyn magdany bar bolmaga çemeli. Bir gün biriniň elinde merjen daş görüpdirler. Merjenin alyp ýerine monjuk beripdirler. Monjuk berýändiklerini görensoň olar bol mukdarda merjen getirýärler. Merjen bu adamyň golaýynda bir-iki gulaç ýerden tapylýarmyş we baggam bagynyň köp sanlysyny ýükledip, hemem ýerli halkdan iki adamyny alyp, şol ýyl Ispaniýa begine getirip berýärler. Emma Kolumb ol halkyň diline düşünmändir, diňe ümleşip alyş-beriş edipdirler. Bu syýahatdan soň Ispaniýa begi pop arpa tohumyny iberip, olara ekin ekmegi ýola goýdurypdyr, emma olaryň hiç zat bilen işleri ýokmuş, haýwan ýaly ýokuşyp islän ýerlerinde ýatyp-turuşyp ýörlermiş. Indi bu durýarlar doly açylyp, meşhur bolupdyr. Bu adalaryň atlary we olarda kimleriň ýaşaýandygy Kolumbyň goýan ady bilen mälimdir. Kolumb müneçjimem bolupdyr. Agzalan kartada daky bu kenarlar we adalarda kimiň ýaşaýandygy Kolumbyň kartasyndan alnyp ýazylandyr''
Piri Reýis bolsa özüniň düzen ''Dünýäniň'' takyk kartasyny düzmek üçin köp zähmetler çekendigini şeýle düşündirýär: ''Şular ýaly karta asyrymyzyň içinde hiç kimde-de ýokdur. Bu pahyryň /Piri Reisiň/ elinde düzülip, taýýar edildi...'' Gynansakda şol kartanyň Ýewraziýany we Afrikany görkezýän bölekleri ýitirim bolup, diňe Amerika yklymlaryny görkezýän karta şekili günümize çenli gelip ýetipdir.
Piri Reisiň kartasyna ser salanyňda okeandaky çyzgylar we şertli araçäkli bellikler, aralyk mil, kilometr hem şekiller takyklyk bilen belgilenipdir.
Şol zähmet çekilip düzülen karta siňe seredýäň welin Günorta Amerika, Demirgazyk Amerikanyň gündogar kenarlary, Ýewropanyň diňe Pireneý /Ispaniýa/ ýarym adasy we Günbatar Afrika hem-de Atlantik okeany görnip dur.
Indi geleliň asylky meselä!
Kartada Atlantik okeanynyň iki kenary demirgazyk-günbatar Afrika we Günorta Amerika aralyklaryndaky şertli bellikler bilen belgilenip deňesinde ýerleşdirilen. Eger Kartanyň görnüşi Tekiz Ýerçileriň görkezişleri ýaly ýarym demirgazyk şekilde ýerleşen bolsa Afrika bilen Günorta Amerikanyň demirgazyklary biri-birlerine has ýakyn görnüşde şekillendirilerdi. Şonça çyzgylar, kilometrleri görkezýän şertli bellikler muny belli ederdi. Emma şol döwrüň takyklanan kartasynda bu belli edilmedik we görkezilmedik.
Tekiz ýerçileriň ýene-de aýdýan käbir düşünişilmeýän zatlarynyň biri hem ''Näme üçin Russiýa Federasiýasynyň çäkleri /16,4 million km kub/ kartadan görnüşi boýunça Afrika materiginden /30,2 million km kub/ uly welin Afrikanyň çäk möçberi Russiaýynyň çäginden ep-esli uly. Muny bizden gizleýärler'' diýip komplimasiýa baş urmaklaryny dowam edýärler. Haýsydyr bir Russiýa federasiýasy ýaly döwrüniň güýçli döwleti öz çäginiň kilometrini me saňa edip görkezer ýaly döwletem däl. Onuňam bu babatda özboluşly döwlet syrlary bardyr. Muny tekiz ýerçilere ýa-da Geografiýa ýaly okuw kitaplarynda subut edip oturmakdan başga işleri ýokmy olaryň! Onsoňam Skandinawiýa ýarym adasyna golaý bolan Russiýa günbatardan başlap gündogara çenli demirgazykdaky aralygy ýaý görnüşinde Dg. Amerika tarap epilip gidýär globusda. A şeýle karta görnüşinde bolsa bir az ýygjamlaşýar we bu ýerde ýer ep-esli köpelen ýaly görünýär.
Tekiz ýerçileriň ýene bir aýdýan zatlarynyň biri hem ''Näme üçin Dünýäniň Syýasy Kartasy we Fiziki kartasy ş.m. kartalar uly dörtburç kagyz ýüzünde şekillendirilýär, aslynda onuň togalak karta ýüzünde şekillendirilmegi gerek dälmika!?''
Şu soragy okuw ýaşlaryndaky okuwça berseňem düşündirip bererdi. Islendik Şar şekilli ýerlerden planetalaryň, meselem Aýyň üstüni, Marsyň üstüni dörtburç kagyz ýüzünde şekillendirip goýup, muny şeýdeniňde öwrenmek amatly bolýarka näme üçin şeýle şekillendirmek bolanok. Görnüşi ýaly bu ýerde düşünip-düşünmez ýaly zat ýok... Ýer şarynyň kartasyny Globus görnüşde-de, ýarym şar şekilli-de /Bir tarapy Amerika materikleri, bir tarapynda Ýewraziýa, Afrika we Awstraliýa /, dörtburçly kagyzyň ýüzünde-de şekillendirip ulanyp bolar...
Tekiz ýerçiler şular ýaly bolgusyz soraglaryň üstünde durup geçýärler-de ''Ýeriň tekizligine degişli'' birnäçe subutnamalary oýlap tapyp gidip otyrlar. Tekiz Ýerçi teoriýasyna ynanýanlar bir sözlerinde Ýeriň çörek ýaly tegelek hem tekizdigini aýdýarlar bir sözlerinde bolsa garpyzyň ortasyndan pyçak bilen bölünen ýaly ýarym guşaklyk Ýer diýip aýdýarlar. Tegelek çörek ýaly tekiz Ýeri subutnamalar bilen çüýretseň: ''Ýok Ýer beýle däl-di Ýer düňderilen Gazan ýaly Ýerdi'' diýýärler. Ol Düňderilen Gazan Ýer ýok diýip subut edip, ine diýip görkezseňem, başga-başga düşünmeýän zatlary hakda aýdyp gider oturarlar...
Şonuň üçinem olaryň bu toslamalaryna aňymyzy aldyryp zäherleder ýaly pes düşünjelilerimiz bardyr öýdemok...
Indi bolsa Tekiz ýerçileriň bizden gizlenýän materikler bar diýýän gürrüňleri hakynda... Ýagny Demirgazyk polýusda dört sany derýasy bolan bir materik barmyş. Şo ada ýa materik bar bolanda bize peýdasy barmy? Demirgazyk buzly, doňaklykda buzly derýa, sowuklyk we şu ýerde ýaşaýyş bar diýip kimiň kellesine gelsin!?
Ýa-da bizden gizlenýän başga-da materikler bar, özem o taýdakylaryň aň-düşünjeleri ösen taýpalarmyş... Meň bilýänim beýle materik ýok-da ada bar. Ol adalara dogry baryp bolanok. Adamlary ýyrtyjy hem wagşy durmuşda ýaşaýar. Şol ada bar şu wagt Hindi okeanynda diýilýär. Tekiz Ýerçiler şol adalara terslin-oňlyn çişirip gürrüň bermekleri geň däl...
Belkäm bu hakda ýeneki günleriň birinde aýdyp bermekçi!
@Jeksparro

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.