Ýer bilen Günüň aralygyna Aý girende ýa-da onuň ýagtylygy hakynda /Tekiz ýerçilere/
Geçen saparky bloklarymyzda biz Ýeriň togalakdygyna degişli /http://www.islenen.ru/86-tekiz-yer-teoriyasyny-cuyredyan-subutnamalar.html/ makalalarymyzy Seljuklar eýýamynda ýaşap geçen Şemseddin Ebu Bekr Muhammet ibn Ahmet ibn Bişr Haraka salgylanmak bilen gadyrdan Tekiz Ýerçilere hödürläpdik.
Bu sapar bolsa biz tekiz ýerçilere Aýyň üstüniň ýagtylanyşyna, ýagtylygynyň artyşyna we kemelmegine degişli subutnamalary ýokarda ady agzalan musulman astronomynyň '' كتاب النجوم '' Kitab al Nejm'' atly kitabyndan getirip bermekçi... Her näme-de bolsa alym, alym bolýar. Obserwatoriýada Asman giňişligine seredip, gözegçilik edýän alymlaryň işleri başgaça bolýar we biz olardan köp zatlary öwrenmeli bolýarys...
Tekiz ýerçi Hantöre ýaly: ''Bizi aldaýarlar, ylymda bize ýalan sözleýärler'' diýip özümize ylym-bilim beren alym-ussatlara '' ýalançy '' diýip atanak çekibersek ýokarda ady geçen ussat alymada biz ýalançy diýdigimiz bolardy ýa-da onuň gözegçilikli bitiren işlerine şübhe bilen seretdigimiz bolardy. Şübhe etmek bolsa imandan /ynançdan/ aýyrýar. Hantöre öňki makalalarynda Aýyň ýagtylygy, onuň Asmanyň aşagynda hereket edişi we Aýyň tutulmagyna degişli gipotezalaryny hödürläpdi...
Onuň gipotezalaryny gönüden çüýredip bolmaýan subutnamalary bolsa şu aşakdaky ýazgylarda okap bilersiňiz...
Umuman Gün bilen Ýeriň aralygyna Aýyň girmegi Tekiz ýerçilerde bolup biljek zat däl, özem Aýyň ýagtylygy, dönüşine degişli gaty köp maglumatlary alaryn diýseňiz geliň:
Ymam Şemseddin Ebu Bekr Muhammet ýokardaky agzalan kitabynda şeýle diýýär:
''Aýyň özünde ýagtylyk ýokdur. Ol Günüň özüne düşýän şöhlesinden ýagtylanýar. Bu jähetden Aýyň reňki solan eşige meňzeşdir. Eger eşige reňk berilse, onda onuň öňden reňki bar ýaly bolup görüner. Aýalyň zynaty eşikden alşy ýaly, Aý hem Günden ýagtylyk alýar.
Aý Günüň garşysynda dursa, onda Aýyň ýarysy ýagtylanar. Aý bilen Gün bir nokatda jemlense, Aýyň ýokarky ýarymy ýagty bolar. Onuň biziň garşymyzda durýan aşaky ýarymy bolsa garaňky bolar. Beýle ýagdaýda Aý Gün bilen Ýeriň aralygynda ýerleşen. Çünki, Aýyň iki ýarymynyň biri ýagtylygyň, beýleki ýarymy bolsa garaňkylygyň gurşawynda bolýar.
Garaňkylyk - ýagtylygy özünden aýryjy töwerekdir. Eger Aý Günüň parallelinden gyşarsa, aralyk 12° /gradus/ ýa-da ondan köp ýa-ha az bolsa, onda ýagtylanýan ýarym aşak tarapda bolar, garaňkylyk bolsa ýokarky tarapa gider.
Aýyň Gün bilen arasy artsa, Aýyň üstüniň ýagtysy hem artýar. Aýyň ýagtysy Günüň hereketi sebäpli Aý Günüň garşysyna gelýänçä biziň gözümize görünýär. Beýle ýagdaýda Aýyň biziň garşymyzda durýan ýarymy ýagtylanýar. Çünki, bu wagtda Ýer Gün bilen Aýyň arasynda durýar.
Soň Aý garşy durmadan geçýär, gündogar tarapdan Güne ýakynlaşýar we Aýyň garaňky tarapy Gün hereket etdigiçe bize tarap aýlanýar. Aýyň ýagtysy günbatara tarap we gündogarda Günüň ýagtysynda ýitýänçä kemelýär. Soňra Aý Günüň ýakynyndan geçýär we günbatarda dogýar. Eger Aýyň hereketi çalt we ini demirgazyk ekliptikada bolsa, onda Aý Günüň şöhlelerinden aşakda ýerleşýär we çala görünýär. Aýyň ahyrynda Aý säherde gündogarda, indiki gün bolsa orak şeklinde bolup, günbatarda görner.
Aýyň başdaky halyna dolanmagyna ''Aýyň gädilip, orak şekiline gelmegi'' diýilýär. Çünki, beýle halda Aýyň diňe orak şekilli bolup görünýän ýeri diýäýmeseň, başga ýeri gözümize ilmeýär.
Eger Aýyň hereketi haýal we ini günorta bolsa, onda ol Günüň şöhleleriniň astynda bolar we üç günläp görünmez. Beýle ýagdaýda Aýyň orak şekili dördünji gün görner''.
Taýýarlan: Jeksparro

19комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.