Täsin binalar...
Akylyňy haýran ediji görnüşi bilen ünsüňi özünde egleýän täsin binalar her şäherde aýry bir eser, aýry bir hekaýa… Biz hem,dünýäniň iň täsin binalary baradaky gyzykly magumatlary okyjylar bilen paýlaşmagy maksat edindik.
Pekiniň halkara stadiony
Mundan birnäçe ýyl ozal halkara taslama ýaryşyny geçiren Hytaýyň hökümeti bu ýaryş arkaly dünýäniň iň meşhur binagärlerini bir ýere jemledi. Ýaryşyň esasy maksady hem ozal görlüp eşidilmedik halkara stadionynyň taslamasyny düzmek we ony gurmak. Şeýlelikde, ýeňiji bolanlaryň pikir sazlaşygynda 2003-nji ýylda şu suratda görýän täsin binaňyzyň binýady goýuldy. Ol 2008-nji ýyldaky Bütindünýä Tomusky Olimpida oýunlaryna niýetlenildi. Guş höwürtgesine çalymdaş stadionyň gurluşygy bäş ýylda tamamlandy. Ýaryşyň açylyş-ýapylyş dabaralarynyň merezi bolan bu stadion 91 müň tomaşaça niýetlenendir.
Nord LB binasy
Germaniýanyň iň uly täjirçilik banklarynyň biri bolan Nord LB binasynyň daşy tutuşlygyna aýnadan ybarat. 40 müň inedördül metr meýdany tutýan bankyň binasy özboluşly täsinligi bilen tapawutlanýar. Bank binasy bolmagyna garamazdanб onuň içinde ýerleşýän kafedir restoranlar syýahatçylary biparh goýmaýar.
Longaberger binasy
Dünýäniň iň uly sebedi bolan bu bina hut şeýle sebetleri öndüriji kompaniýanyň merkezi edarasydyr. 7 gatdan ybarat binany görmäge gelýän syýahatçylara şeýle sebetler bilen tebigatyň goýnuna dynç almaga gitmegiň aýratynlyklary we mümkinçilikleri düşündirilýär.
Perman AWEZDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler munistrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.