Dünýämiziň täsinliklerine gaýybana syýahat edeliňmi?

Golden Bridge


Altyn köpri. Iki eliň aýalary bilen tutulan bu täsin pyýada geçelge köprüsi Golden Bridge Wýetnamda Da Nangyň golaýynda açyldy we dünýäniň iň üýtgeşik, täsin ýerleriniň arasynda ýerini aldy. Wýetnamyň merkezinde Ba Na depelerinde iki uly daş eller bilen tutulan bu altyn köpri ýaşyl dag howasy, tebigaty, täsin görnüşi bilen ýerli ýaşaýjylary şol sanda, syýahatçylary özüne çekýär. TA Landscape Architecture tarapyndan gurulan köpriniň uzynlygy 150 metr, deňiz derejesinde 1400 metr beýikligi bar. Köpriniň gurluşygy bir ýyldan hem az wagty alypdyr.

Daş tokaýlygy


Madagaskar adasynyň Melaky sebitinde ýerleşýän bu daş tokaýlygy diýseň täsin ýerleriň biridir. Millionlarça ýyl mundan ozal tebigatyň täsiri netijesinde bu täsin ýer kese we dik daşlaryň, köwleriň we gaýalaryň geografik ýagdaýda ýerleşmeginden emele gelipdir. Ýeral ady bolan “Tsingy” madagaskar dilinde “Ýalaňaç aýakda ýörelmeýän” diýen manyny berýär. Bu ýerde haýwanlaryň birnäçe görnüşleri duş gelýär. Uly we ýiti gaýalardan,daşlardan ybarat bolan bu täsin meýdan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy.

Twin Sails


Twin Sails köprüsi “ Ekiz ýelkenler” diýmegi aňladýar. Bu köpri Dorsetde Backwater kanalynyň üstünde gurlup, gämileriň geçen wagtynda açylýar. Köpri açylan wagtynda gäminiň ýelkenlerine meňzeýän iki uly üçburçluk şekil emele gelýär. Gijelerine bolsa köpri owadan reňkler bilen yşyklanyp, göreni haýran edýär. Köpri günde 15 gezek açylýar we onuň açylmagy üçin iki minut ýeterlikdir.

Mano del Desierto


Dünýäniň täsin ýerleriniň sanawlarynyň arasynda Mano del Desierto atly ýadygärlik bar. Bu ýadygärlik Şilide Mario Irarrazabal tarapyndan dikeldilen sungat eseridir. Bu täsin sungat eseri daşky görnüşi bilen görenleri özüne çekýär. Bu ýere syýahata baranlar ýadygärligiň taryhy bilen ýakyndan tanşyp bilerler))))
13 лайков 111 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
17 авг 2021, 08:15
like