Ýer şary tegelekmi? Nä derejede ynanmaly?
Bu äpet Goja gerdişi keç Dünýäniň gerdeninde nämeler bolup geçmeýär? Onuň geň-taň wakalardan doludygyna käte habar beriş serişdeleriň üsti bilen habardar bolsak käte adamlaryň gürrüňleri esasynda habardar bolýarys. Aslynda habar almak ýollary sanardan gaty kän welin olaryň haýsy birine ynanmaly ýa-da ynanmak bilen çykarjak netijämiz näme? ''Bäh'' diýip geň galmakdan başga ýitirjek duýgymyzam ýok. Ýöne onuň dogrudygy, dogry habardygyna welin göz ýetirsek ynamymyzy berkidýäris.
Dünýäde her hili nogsanlyklar bolup geçýär welin olaryň hiçisine gulak gabardasyň gelmeýär.
Şol nogsanlyklaryň biri hem ''Tekiz ýer komplimasiýa teoriýasydyr''. Onuň teoriýa bolup biljek çaklama gürrüňdigine seret. Özem komplimasiýa teoriýasy...
Tekiz ýerçilerden käbiri (Talyplar.comda haçandan bäri ünsüňizi çekip gelýän @khanture bilen @Zülkifarow lakamlylar hem) teswirlemelerinde (aýratynam @khanture), mowzuklarynda düýbünden bize başgaça ylmyň öwredilendigini, ol ylymlaryň hem masson hataryndaky gizlin gurnalan ylymdygyna, bulara diňe käbir ateistler bilen ''Tekiz ýerçiler teoriýasyndakylaryň'' hem ynanmaýandyklaryny belläp geçýär.
Özem Nikolaý Kopernik ýaly ylmy garaýyşlary bilen inkiwizisiýa berk garşylyk görkezenleri hem masson adamsy hökmünde garaýar. Galileo Galileý, Nikolaý Kopernik ýaly alymlaryň portretlerinde ellerinde sirkul tutup duruşlaryndan salgylanyp olaryň hem masson hataryndaky adamlar bolandygyny nygtap geçýärler. Indi bir portretdäki adamyň elinde globus goýdurybam, ruçka bilen hat ýazyp oturdybam şekillendirmek suratkeşe bagly zatdygyny bilmeýän bolsady akyly ýerindäki adam. Gürrüňi uzadyp oturasy iş ýok. Şonuň üçinem geliň Tekiz ýer teoriýaçylaryň garaýyşlaryna dolanyp baralyň...
Tekiz Ýer teoriýasyny çüýredýän delilleri bilen çykyş eden Kozan Demirjanyň garaýyşlary bilen tanyş bolup görenler Ýeriň tekiz däldigini şeýlede göz ýetirerdiler. Ol özüniň 12 sany ynandyryjy teoriýalary bilen Ýeriň tekiz däldigini subut edýär. Şeýle-de Moriel Şkotlenderiň (Moriel Schottlender) ''Tekiz Ýer teoriýasyny çüýredýän 10 subutnama'' kitabyny hem okap görenler Tekiz ýerçileriň ýalňyşýandyklaryna göz ýetirerler.
Haýsydyr bir Ýeriň ýokarsynda hemme Yklymlary (materikleri) görkezip duran Ýer togalagynyň kartasyna üns berip ''Ýer şular ýaly görnüşdemikä?'' diýip kelle döwüp oturanlar Demirgazyk Amerikanyň Günorta Amerikadan hem kiçidigine göz ýetirmän dile dessan bolan ilkidurmuş obşinasynyň düşünjelerine dolanyp barýan ''Tekiz ýerçileriň'' gyzyklandyrmalary welin sanardan kän.
Awstraliýanyň hakyky yklym keşbinde däldigine hem üns berýäň welin bu ýerde bir düzmeçe aňlary bulaşdyrýan zatlar bar. Tekiz ýerçileriň çykaran ynamly Kartasynda Günüň demirgazyk ýarym guşaklygyndan aýlanyp geçýändigi görkezilen. Emma welin täsin görnüşe näme üçindir Demirgazygymyzdaky buz gatlaklary eremän durmuş. Tekiz ýerçileriň muňa-da jogaby taýyn: ''Gün o diýen gyzgyn dälmiş, temperaturasy sähelmiş, ýöne Afrikanyň yssy klimatyny aýdybam oturmaýyn, Günortanlar şu ýerde-de Günüň halys gyzdyryp gelýändigini tekiz ýerçiler bilibem durlar welin Günüň gaty gyzgyn däldigini, lampa ýaly ýagtylyk berip duran zatdygyny köre-körlük bilen aýdyp bilýärler.
Şu taýda gürrüňi edilýäniň (@khanture) bolsa tekiz ýerçilere salgylanyp aýdýan maglumatlary nyň käbirini özi derňäp ýa-da tejribe edip görmezden Ýeriň tekizdigine ynanyp bilýär.
Özem hemme planetalaryň hem tegelekligine Ýere, ýagny Ýer şaryna bakyp durandygyny teleskopdan seretmezden aýdyp bilýär ýa-da Yslamyň baş salgylanma ylmy gory bolan Gurhany Kerimiň aýatlaryna daýanmak bilen özüniň pikirlerini binýat edýär. Aslynda Gurhany Kerimiň aýatlarynyň many-mazmunlary bize görä aýdyň däldir. Şonda-da tutaryk hökmünde Gurhany Kerimiň aýatlaryny juda seresaplylyk bilen güwä tutmak gerek.
Her bir okan, eşiden zatlaryňyz üçin güp ynanmak nadan, biçäre adamlaryň häsiýetine kybap gelýändir. Her habarlara ýa eserlere ynanmak hem şolar ýaly zatdyr.
@Jeksparro

10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.