Magtymgulynyň ''türkmeniniň'' we beýleki goşgularyna tankydy syn
1991-nji ýyllarda Türkmenistanyň gazetlerinde, radio hem telewideniýesinde Türkmenistanyň gimniniň tekstiniň nähili bolmalydygy, haýsy goşgynyň gimn bolmalydygy barada çykyşlar peýda bolupdy. Ençeme adam Magtymgulynyňky hasap edilýän “Türkmeniň” diýen goşgyny gimn etmeli diýip teklip girizdi. Ýöne filologiýa ylymlaryň kandidaty merhum Nurmuhammet Aşyrpur (A.Meredow) şol wagt öz batyrgaý çykyşlary bilen muňa garşy durupdy. Alymyň bu barada ýazan syny “Edebiýat we Sungat” gazetiniň 91-nji ýylynyň 25-nji oktýabr sanynda çap edilipdi. Şu günler milli şahyrymyz Magtymgulynyň poeziýa baýramçylygyna taýýarlyk görülýän bir wagtynda ýene bir gezek şol makalany halk köpçüligine ýetirmegi makul gördük. Esasan-da Eýranda we Owganystanda ýaşaýan ildeşlerimize has düşnükli bolar ýaly, bu makalany rus hatyndan latynça geçirip, hödürledik.
“Biziň pikirimizçe, bu goşgyny gimn hökmünde peýdalanmak ýalňyş bolar. Munuň birinji sebäbi, goşgy Magtymgulynyňky däl, ikinji sebäbi, goşgy halys gowşak.
Meşhur şahyrlaryň adyndan eser ýazan goşguçylar hemişe bolupdyr. Mysal üçin A. Puşkiniň adyndan goşgy ýazanlaryň bolandygyny taryh bilýär. Belli aýdymçy hem şahyr W, Byssotskiý: «Bir kän aýdymy maňa berýärler, meniň welin olara dahlym ýok” diýipdir.
1946-njy ýylyň başynda 10 müň çemesi goşgy setiri (iki ýüzden gowrak goşgy we iki poema) Magtymgulynyňky hasap edilip Türkmenistanyň Golýazmalar fonduna kabul edildi. Olaryň ep-esli bölegi çap edildi. «Täze tapylan 10 müň setiriň, şol sanda «Türkmeniň» diýen goşgynyň Magtymgulynyňkydygyna biz şübhelenýäris. Biz şu makalada öz delillerimizi aýdýarys. Okyjylar (ylaýta-da, filologlar) pikirimizi goldarlar diýip umyt edýäris.
Gürrüňi «Türkmeniň» diýen goşgudan başlaýarys. Goşgynyň başky iki sözlemi:
Jeýhun bilen Bahry Hazar arasy,
Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň.
Ikinji sözlem dogry, emma birinji sözlemiň HABARY ýok. Jeýhun bilen Bahry Hazaryň arasy näme? Çöllükmi, daglykmy, şormy—näme? Ýa-da Jeýhun bilen Bahry Hazaryň arasy müň çakyrym ýolmy? Belki awtor “Jeýhun bilen Bahry—Hazaryň arasyndaky çölüň üstünden türkmeniň ýeli öser» diýjek bolaýandyr, emma diýip bilmändir.
Awtoryň «Jeýhun bilen Bahry-Hazaryň arasy türkmeniň ýurdy» diýjek bolandygy hem ahmal, emma bu pikir ýapa degenok, çünki XVIII asyrda hem, Hazar hem türkmenler diňe Jeýhun bilen Kaspi deňziniň aralygynda ýaşanoklar, Magtymgulynyň öz watany Astrabat (häzirki Gürgen) welaýaty hem Jeýhun bilen Kaspiniň aralygynda däl. Yrakda, Siriýada türkmen welaýatlary bar. Diňe Owganystanyň özünde, şol ýerik baryp gelen ýazyjy Abdyreşit Taşowyň sözüne görä häzir 4 milliona golaý türkmen ýaşaýar. Türkmenler XVIII asyrda-da Owganystanda ýaşapdyrlar.
«Türkmeniň» diýen goşgy Magtymgulynyňky bolaýanda hem gimn bolup bilmez. Dünýäde ähli türkmeniň bähbidini goraýan goşgy Türkmenistanyň gimni bolsa gowy bolardy.
Ikinji aýtjak zadymyz: Eger Magtymguly Jeýhun bilen Kaspi deňziniň aralygyndaky türkmen ilatynyň durmuşy hakda goşgy ýazan bolsa, onuň mazmuny gözýaş bolardy. «Türkmeniň» diýen şygyrda ilat baý, mes, hemme zat gülala-güllük, ýöne Magtymgulynyň döwründe Lebap, Buhara emiriniň, Daş howuz oazisi we häzirki Balkan oblasty Hywa hanlygynyň golunyň aşagyndady. Mary oazisi kä Buhara emirliginiň, kä Hywa hanlygynyň, kä hem Eýranyň gol astyna geçýärdi (ýekeje mysal: Seýitnazar Seýdi we onuň ildeşleri Buharanyň emirinden gaçyp, Mara gelenlerinde, Hywa hanynyň süýtdeş dogany ol ýeriň häkimi ekeni!), Ahal gaýta-gaýta çapawula sezewar bolýar ekeni. Magtymgulynyň döwründe Jeýhun bilen Kaspi deňziniň arasynda ýaşaýan ilat tragediýa duçar bolupdyr.
«Türkmeniň» diýen goşgynyň gimn bolmaly däldigi hakda ýene bir delil: goşgudaky «Ýow üstüne ýörär ýoly türkmeniň» diýen setir golýazmada başga hili. Golýazmalar fondunda saklanylýan nusgada «Alamana ýörär ýoly türkmeniň» diýilýär. Diýmek, kimdir biri «alamana» sözüni «ýow üstüne» diýip üýtgedipdir. Beýtmäge hiç kimiň haky ýok. Biziň hem alamany (talaňçylygy) makullaýan, oňa guwanýan setiri döwlet gimniniň elementi etmäge hakymyz ýok.
Hakyky Magtymgulynyň goşgularyndan logiki taýdan nädürs pikir, bimany sözlem ýa-da nädogry ulanylan söz tapyp bolanok. Emma «täze tapylan» goşgularyň hemmesinde diýen ýaly bimany sözlem, nädogry söz telim gezek gabat gelýär. Mysal hökmünde ýene «Türkmeniň» diýen goşga ýüzlenýäris: şygyrda «Daglar lagla döner, gyýa bakanda» diýilýär. Gyýa bakmak — Närazylyk bilen garamak, lagyl — ýakudyň goýy gyzyl reňkli görnüşi. Bir türkmen gyýa baksa, daglaryň nädip gymmat baha daşa öwrüljegi bize düşnüksiz. Goşgyda türkmen hakynda «Gargyşa, nazara griftar olmaz» diýilýär. Türkmen gowy halk, ol gargyşa griftar (ýagny, sezewar) bolmaz, ýöne türkmen kimiň nazaryna sezewar bolmaz? Näme üçin nazara sezewar bolmaz? Belli-däl? Galyberse-de, «nazara sezewar bolmak» diýen söz düzüminiň özi dilimizde bar zat däl. «Türkmeniň» diýen goşgudan ýene bir mysal:
Tireler gardaşdyr, urug ýarydyr,
Ykballar ters gelmez, hakyň nurudyr.
Tireleriň gardaşlygy dogry, ýöne haýsy urug türkmeniň ýarydyr? «Urug ýarydyr» diýen sözlem bimany söz düzümi. Urug — bir ata-babadan emele gelen adamlaryň topary. Ýokarda mysal alnan setirdäki «hakyň nurudyr» diýen sözlem hem bimany, Näme hakyň nury? Ters gelmejek ykballarmy ýa türkmen hakyň nurumy?
Goşgynyň iň soňky bendinde «Gözüm gaýra düşmez, köňül eglenmez» diýen setir bar. Köňül eglenmezlik — halamazlyk. Kimiň köňli nirede, kimde eglenmez? Sözlem bimany.
Gepiň tümmek ýeri, “Türkmeniň” diýen goşgy, biziň pikirimizçe beýik söz ussady Magtymgulynyňky hasaplanmaly däldir. Aslynda bu goşgy şahryň «Gürgeniň» atly eserine öýkünilip häzirki döwürde döredilen şygyrdyr. Ol hiç bir gadymy çeşmelerde we bagşylardan ýazylyp alnan goşgularyň arasynda-da duş gelenok.
“Täze tapylan” on müň setirlik golýazmadaky “Tä algança gözüni” diýen goşgy manysyz setirden ybarat. Ine, şu iki setire düşünjek boluň:
Aşyk ataş görse, urar ataş içre özüni,
Gül roýuna kylar nazar, tä algança gözüni.
Haýsydyr bir gyza aşyk bolup ýören ýigit näme üçin ot görse özüni oňa oklamaly? Ol kimiň gül roýuna (ýüzüne) kör bolýança bakmaly?
Ýene mysal:
Aşyk görse magşukny ýylyň hazan paslynda,
Özüni şol ýana atar unudyp ol ýazyny.
Käkiligiň we tawusyň kölde ýaşamaýanlygy belli. Gürrüňi edilýän «Tä algança gözüni» diýen goşguda bolsa käkilik hem tawus kölde ýüzüp ýörler. Okaň:
Köl içinde görer bolsa käkiligi, tawusy,
Birini göze almaz(?), gözleýir öz gazyny.
Daglyk ülkäniň perzendi Magtymguly käkiligiň daglarda, tawusyň hem baglarda ýaşaýandygyny bilendir.
Nygtaýarys: «Tä algança gözüni» diýen goşgy Magtymgulynyň ýazmagy bolup biljek zat däl.
Gylyç Mülliýewiň «tapan» goşgularynada Magtymgulynyň «Pyragy» lakamynyň «aýralyk» sözünden gelip çykýandygy aýdylýar: «Aýra düşüp käbeden, goýdum Pyragy adyma». Hakykatda welin şahyryň «Bu dünýä» goşgusynda aýtmagyna görä, ol özüne «Pyragy» lakamyny “Paryg” (ýagny, “peragat”) sözünden alypdyr. Paryg (ýa peragat) — asudalyk, Ine mysal:
Magtymguly, adyň döndi Pyraga,
Paryg olup, çek özüňi gyraga.
Şu fakt hem Magtymgula derek kimdir biriniň şygyr ýazandygyny subut edýän ýüzlerçe detallaryň biri.
Dini düşünjä görä behişt asmanda. «Täze tapylan» on müň setirdäki käbir goşguda behişt ýeriň astynda. Okaň:
Ýer astynda ajap behişt ryzwanda,
Dirizerge aby haýat gerekdür.
(«Gerezhdýar»).
Behişt ýerden çyksa asman üstüne,
Nury bilen jümle-jahan örtener.
(«Jahan ertener»).
Nygtaýarys: Magtymgulynyň behişt ýeriň aşagynda diýip goşgy ýazmagy mümkin däl. Magtymgulynyň hakyky öz goşgularynda behişdiň asmandadygy aýdylýar. Ine, «Donun kim biçdi?» diýen goşgudan mysal:
Asmanda ýaratdy sekiz jenneti,
Alty müň binadyr birdir kümmeti.
Magtymgula berlen «Boýlaryňa» diýen goşgudan mysal:
Züleýhadan galan zünnar
Bolsun hajat boýlaryňa.
Zünnar zoroastrizme (ataşparazlyga) uýan adamlaryň guşagy. Zoroastrizm parslaryň musulman dininden öňki dini. Yslam zoroastrizmi ýok etdi. Rowaýata görä, Züleýha Müsür patyşasynyň aýaly. Müsüre zoroastrizm ýaýramandyr. Diýmek, Züleýhanyň zünnar guşanmagy mümkin däl. Musulman Magtymgulynyň hem öz ýaryna zoroastrizmiň simwoly zünnary biline guşanmagy maslahat bermegi bolup biljek zat däl. Logiki netije: ýokardaky mysallar «Boýlaryňa» diýen goşgyny Magtymgulynyň ýazmandygyny aňladýar. Bu goşgyda biziň wersiýamyzyň dogrudygyny aňladýan başga mysallar hem bar. Dindar adam bolany üçin beýik şahyrymyzyň aşakdaky setirleri ýazmagy mümkin däl:
Ykbalym, dinim-imanym
Kylam hormat boýlaryňa.
Magtymguly, pida bolar
Din-keramat boýlaryňa.
Dini düşünjä görä, bu dünýä adam üçin synag. Adam, sogap işleri köp edip, ölenden soňra, behişde barmaly we ýaplaryndan bal akýan, hemişe gök öwüsýän behiştde ýaşamaly. Dindar bolandygy we öz goşgularynda dini kada-kanunlaryň üýtgemezligini ündän Magtymgulynyň hem maksady behişt bolandyr diýip pikir etmek gerek. Magtymgula berlen «Bar meniň» atly goşguda bolsa şu setirler bar: «Istemez men behişti, behişt mekanym bar meniň». Bu setir, elbetde şahyry has watanparaz hem ateist etmek niýeti bilen çykarylan hokga. Magtymgula ýöňkelýän «Pany jahan gerekmes» diýen goşguda şahyr Hudaýa şeýle diýip ýüzlenýär:
Ilim-günüm hary-zardyr, gelsin döwlet leşgeriň,
Dini hödür eýleýip sen, ajap «Kuryan» gerekmes.
Magtymgulynyň Gurhandan («Kurýandan») ýüz öwürmegi akyla sygjak hadysa däl. Şahyrymyzyň sopuçylyga {tasawwufa} ýüz uranlygyny, sopuçylygyň içinde hurufy (harplar) diýen akym barlygyny, ol akymyň arap harplaryny we Gurhany Hudaý diýip yglan edendigini bilýäris (meşhur şahyr Nesimi belli bir döwürde hurufylaryň baştutany bolupdyr). Magtymgulynyň pikiriçe Gurhan öz atributlary bilen dünýäni doldurypdyr, ol iki dünýäniň («her du jahanyň») ýagdaýyny gürrüň berýär. Her bir işiň beýany Gurhanda bar. Magtymguly bu hili pikiri “Haýrandadyr haýranda” diýen goşgusynda aýdypdyr:
Dolduran bu dünýäni,
Sözlän her du jahany,
Küli işiň beýany
“Kurýandadyr”.
Gepiň külesi, «Pany jahan gerekmes» diýen goşgy-da, biziň pikirimizçe Magtymgulynyňky däl.
Golýazmalar fondunda saklanýan we Magtymgulynyňky hasap edilýän poemada şu hili setirler bar:
Ýefratdan öter boldy.
Ummana ýeter boldy.
Derýaýy Ýefrat bilen
Nuh kibi salym sürdüm.
Pikir beriň- rus dilindäki «Ýefrat», rewolýutsiýadan soňra türkmen dilinde «Ýefrat» görnüşinde ýazylýar, emma klassyky edebiýatymyzda ol söz pars ýa arap şahyrlarynyň ýazyşy ýaly «fyrat» ýa «furat» ýazylypdyr. Döwletmämmet Azadydan mysal:
Dünýäde emwallary bolgaý zyýat,
Döwleti halkyň bolan Jeýhun, furat.
(«Wagzy Azat, tankydy tekst, 43-nji sah.)
Magtymgulynyň «Ýefrat» diýip ýazmajagy belli.
«Gözel Şirgazy» goşgusyna esaslanyp, Magtymgulyny Hywadaky Şirgazy medresesinde üç ýyl okan hasaplaýarlar. Emma şol goşgynyň Magtymgulynyňkydygyna biz şübhelenýäris. Bizi şübhelendirýän zat goşgudaky şu setirler:
Gelsin diýip garar ol gerkez ilim,
Gider boldum, hoş gal, gözel «Şirgazy».
…Hoş gal, bu gün Jeýhun bahrydan aşdym,
Gider boldum, hoş gal, gözel «Şirgazy».
Hywadan Gerkeze gaýtmak üçin Jeýhundan asla geçmeli däl. Magtymgula derek goşgy ýazan adam Hywanyň Amyderýanyň bärki kenaryndadygyny ýadyndan çykaryp, «Hoş gal, bu gün Jeýhun bahrydan aşdym» diýýär.
Netije: Goşgy Magtymgulynyňky hasaplanmaly däldir. Bizi beýle netijä gelmäge ýene bir fakt mejbur edýär. Goşguda Magtymgula sapak beren pirleriň, ýobaşçylarynyň atlary ýok. Ol ýerde şahyryň Gurhandan başga okan kitaby hakynda-da söz ýok. Hakykatda talyplar metjitde-mekdepde Gurhany özleşdirip, medresä barýarlar. XVIII asyrda Hywanyň we Buharanyň medreselerinde filosofiýa, geologiýa, astronomiýa we gaýry ylymlar okadylýar ekeni. Hoja Ahmet Ýasawynyň hikmetlerini, Jamynyň, Nowaýynyň gazallaryny talyplar medresede okan döwründe ýat tutar ekenler. Bu zatlar hakynda goşgyda ýeke söz ýok. Goşgy boş sözlerden hem kapyýalardan ybarat.
“Täze tapylan” «Görülsin indi» diýen goşguda Magtymguly ilini duşmanlaryň üstüne söweşe gitmäge çagyrýar:
Gorka-gorka üflas ýagdaýa düşdük,
Takdyr näme bolsa, görülsin indi.
…Rakyp ähli musulmana gul bolup,
Ilersi Soňudag sürülsin indi.
Soňudagy Astrabadyň ilersinde däl, gaýrasynda. Diýmek, bu goşgyny hem kimdir biri, Magtymgulynyň Soňudagdan ilerde — Türkmensährada ýaşandygyny ýadyndan çykaryp, oňa derek ýazypdyr. Hakykatda bu goşgy Seýitnazar Seýdiniň «Görülsin indi» goşgusyna öýkünilip ýazylan goşgudyr. Eser Seýdi «Aýrada gurt oýny gurulsyn indi» diýen bolsa, Magtymgulynyň ady bilen ýazylan goşguda «Duşmana gurt oýny gurulsyn indi» diýilýär. Mundan başga-da iki goşguda deň derejede gaýtalanýan «görülsin indi», «ýörülsin indi» , «berilsin indi», «gyrylsyn indi» diýilýär. Mundan başgada iki goşguda birmeňzeş kapyýalar Magtymgula ýöňkilýän «Görülsin indiniň» Seýitnazar Seýdiniň «Görülsin indi» eserine öýkünilip ýazylandygyna şaýatlyk edýär.
Ýokarda biz Magtymgulynyň ençeme goşgusyny derňäp, olary Magtymgulynyň döredenligine şübhelenýändigimizi aýtdyk. Bize şeýle diýip bilerler; belki, bäş, on, otuz ýa kyrk goşgyny, başga biri ýazyp, Magtymgulynyň goşgularynyň arasyna, goşandyr, emma täze tapylan şygyrlar hem poemalar on müň setir ahyry.
Biziň jogabymyz: täze tapylan eserleriň hemmesini tankydy göz bilen okap olaryň çeperçilik derejesiniň beýik Pyragynyň özüniň döreden dür dänesi ýaly eserlerinden örän pesdedigini subut edip bolar, ýöne bu iş üçin gazet sahypasy darlyk eder.
«Täze tapylan» on müň setiriň Magtymgulynyňky däldigini subut edýän ikinji delilimizi orta atýarys. Şeýle rowaýat döretdiler: Buhara medresesiniň bir hüjresinde üç sany talyp ýaşaýar. Olaryň biri özbek, biri täjik, üçünjisi türkmen ekeni. Talyplaryň biri hüjräniň diwaryna çüý kakýar welin, kakylan çüý boşluga gidýär. Boşluk – agzy suwalan tekje. Tekjeden üç sany golýazma çykýar. Olaryň biri Nowaýynyňky, biri Ferdöwsiniňki, biri hem Magtymgulynyňky ekeni. Üç talybyň hersi öz halkynyň şahyrynyň golýazmasyny alýar. Talyplaryň, biri belli alym Gylyç Mülliýewiň kakasy Mülli işan eken.
Bu rowaýat 1946-njy ýyldan başlap Türkmenistanyň gazet-žurnallarynda, hem dürli konferensiýalarda gürrüň berildi. «Literaturnaýa gazeta» 1946-njy ýylyň 20-nji apreldäki sanynda Ý. Skosyrew Magtymgulynyň Leningradda (1949) we Moskwada (1957) neşir edilen ýygyndylaryna ýazan sözbaşylarynda rowaýaty rus okyjylaryna-da gürrüň berdiler. Beýik Magtymgulynyň täze tapylan goşgularyndan göwni suw içmedik adamlar goşgularyň originalyny (Buhara medresesinden tapylan golýazmany) gözleri bilen görmekçi boldular. Original diýip Gylyç Mülliýewiň Golýazmalar fonduna gowşuran, latyn harplary bilen ýazylan başga bir golýazmany edebiýatçylara görkezdiler. Hakyky originaly Mülli işan ile görkezmezligi, hamala, wesýet edip, hat galdyrypdyr. Golýazmada dine garşy äheňli goşgular barmyş. Mülli işanyň hatyny welin gören adam bolmady. Fondda saklanýan golýazmany Gylyç Mülliýewiň kakasynyň goluna düşen golýazmadan göçürilendigini aýtdylar.
Käbir edebiýatçy «sosializm döwründe» dine garşy barlyşyksyz göreş gidendigini tutaryk edinip, Magtymgulynyň ateistik goşgularynyň originalyny (arap harplary bilen ýazylan wariýantyny) görmekçi boldy. Hiç bir filologam görüp bilmedi. Şundan soň TSSR Ylymlar akademiýasynyň merhum habarçy çleni Zylyha Bakyýewna Muhammedowa moskwada neşir edilýän «Narodny Azii i Afriki» diýen žurnalyň 1961-njy ýylynyň 6-njy sanynda beýik şahyryň “täze tapylan” goşgularyna bagyşlap uly makala ýazdy. Alym öz makalasynda «täze tapylan» eserleriň Pyragynyňkydygny inkär etdi. Makalanyň çekişme häsiýetlidigine garamazdan, hiç bir filolog Muhammedowa bilen jedelleşip bilmedi.
Gylyç Mülliýew özünde Buhara medresesinden tapylan golýazmanyň ýokdugyny, Magtymgulynyň eserleri diýip Golýazmalar fonduna tabşyran 214 goşgusyny we iki poemasyny haýsydyr bir näbelli bagşynyň dilinden eşidip ýazyp alandygyny aýtdy. Ol bu sözi TKP Merkezi Komitetiniň şol wagtky sekretary Ýa. Hudaýberdiýewe beren düşündiriş hatynda aýtdy (hat TKP Merkezi Komitetiniň arhiwinde bolmaly). Gylyç Mülliýewiň on müň setir çemesi poeziýa eserlerini haýsy bagşydan (ýa bagşylardan) eşidip, kagyza geçirendigini şu wagta çenli hiç kim bilenok. Il içinde aýdylýan edebi eserleri toplamagyň öz düzgüni bar. Toplaýjy her bir eseri, hatda ýekeje nakyly-da kimden eşidenligini, eşiden adamynyň adresini aýratyn depdere ýazmalydyr. Bir mysal, W. Uspenskiý Magtymgulynyň «Soňudagy» goşgusyny Sary bagşydan ýazyp alandygyny görkezýär.
Magtymgulynyň «täze tapylan» eserleriniň hiç biri, hatda ýekeje setiri-de 1946-njy ýyla çenli hiç bir bagşynyň repertuarynda bolmandyr. «Täze tapylan» eserleriň hiç biri, nygtaýarys, hiç biri 1946-njy ýyla çenli neşir edilen (ýa gola düşüp, neşir edilmedik) golýazmalaryň hiç birinde gabat gelenok, täze tapylmadyk goşgular welin, gola düşen golýazmalaryň hemmesinde gabat gelýär.
TSSR Ylymlar akademiýasynda we Ýazyjylar soýuzynda Magtymgulynyň täze tapylan goşgularynyň gürrüňi soňky 20—30 ýylyň içinde iki gezek edildi. Iki gezek hem ol eserleriň il içine ýaýranlygyny göz öňünde tutup hem ýokardan berlen buýruga boýun bolup, delilleri diňlemediler. Emma hakykat hakytlygynda galýar, ahyrsoňunda ol ýeňmelidir.
Makalanyň soňunda Magtymguly Pyragy hakda öz garaýşymyzy beýan etmegi makul bildik; Magtymguly beýik, onuň beýikligi şulardan ybarat:
Şahyr, türkmen halk köpçüligine düşnükli täze poeziýany döretdi. Seýdiler, Zelili, Kemine, Mollanepes we beýlekiler Magtymgulynyň poeziýa mekdebinde terbiýelendiler.
Şahyryň goşgulary adalat, asylly adam üçin göreşýändigi bilen halkyň göwnünden turdy.
«Tapynyldy goşgularyň» çeperçilik jehtden juda ýabygorludygy, durmuş hakykatyny galplaşdyrýanlygy üçin we her bir tarapdan Magtymgulynyň hakyky öz eserlerine ters gelýänligi sebäpli — bularyň hemmesi beýik şahyryň mertebesini pese düşürýär, dabarasyny kiçeldýär. Magtymgulynyň beýikligi onuň hut öz ajaýyp şygyrlary bilen baglanyşyklydyr. Şahyr hakykatyň, dogruçyllygyň dosty we galplygyň duşmanydyr.
Magtymgulynyň adyna ýazylan eserleri onuň öz eserlerine garyşdyrmak arassa suwly derýa, zeýkeşiň suwuny guýduran ýalydyr.
Makalany rus/kril hatyndan latynça geçiren Akmyrat Gürgenli
“Edebiýat we sungat” gazetinden alyndy.
Çeşme:
https://galamdash.com/edebi-sohbet/magtymgulynyn-turkmeninin-we-beyleki-gosgularyna-tankydy-syn/

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.