Piri Reisiň kartasyndaky mahluklar
Dünýäde ençeme syrly zatlaryň ýomagy çöşlendigiçe üsti-üstüne döreýän täze soraglar peýda bolýar we olara jogap bermek juda kyn...
Şol soraglar Piri Reisiň kartasyndaky geň-taňsy mahluklaryň we jandarlaryň üstünde ör boýuna galýar.
Alymlaryň takyklamagyna görä kartanyň merkezi Müsürdäki Kair şäheri bolmaly.
Piri Reisiň çyzan Dünýä kartasynda göze ilýän mahluklar, jandarlar hakykatdanam bolanmyka? Ol häzirem barmyka? Eger bar bolsa ol jandarlar ýa mahluklar döwrümizde näme üçindir göze ilenok? Gürrüň Piri Reisiň Günorta Amerikadaky şekillendiren Kellesi ýok göwräniň garnynda ýüz keşp we kellesinde çykyp duran elli mahluk, onuň ýanynda kellesi haýwanyňka meňzeş ynsan sypat we ýeke şahly sygyryň şekilleri görenleriň inini tikenekledýär.
Karta Piri Reisiň aýtmagyna görä Portugallaryň kartalaryndan peýdalanandygy mese mälim. Belkäm kartadaky täze dünýäniň üstüniň açylmagyny portugallary gorky astynda salan bolmaly. Şonuň üçin baýlykdan doly täze dünýäni her hili mifiki, gorkunç barlyklar bilen deňizçileri gorky astynda saklamakdy. Belkäm her hili haýwan keşbine giren gyzyl derili (indeýleriň) taýpalaryň şekilini portugallar çyzan bolmaly. Muny diýsegem ýeke şahly sygyr ýa öküz Günorta Amerikada hakykatdanam barmyka?
Teswirleýjieriň käbiri ýaňky göwresinde ýüz biten aýakly we elleri kellesinde ýerleşen mahlugy Deçjal diýip düşündirýärler. Ýöne bu pikire garşy çykýanlaram bar. Belki kartany çyzyjy adamyň gözüne şol ýerdäki ýaşaýjy has gorkunç bolup görünen bolmagy ahmal.
Çyzylan kartanyň demirgazyk böleginde äpet balyk bar we onuň üstünde iki sany adam bar. Bilşimiz ýaly bu läheň balyk Gök Kit ýa-da şolar ýaly äpet balyk bolmaly... Ýogsam ol başga nämekä?
Başda-da aýdyşym ýaly soraglara jogap berilse, täze-täze soraglar peýda bolýar. Bularyň hemmesine jogap bermek bolsa köplenç başartmaýar.

7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.