Pul gazanmagyň ýönekeý kanunlaryny bilýän adamlaryň puly hiç haçan tükenmeýär

Jorj Kleýson
Pul gazanmagyň ýönekeý kanunlaryny bilýän adamlaryň puly hiç haçan tükenmeýär

1. Gapjygyňyzy dolduryp başlaň.
2. Çykdajylaryňyzy hasaplaň.
3. Altynyňyzy köpelmäge mejbur ediň.
4. Tygşytlanyňyzy ýitgilerden goraň.
5. Serişdäňizi jaýa goýuň.
6. Geljekdäki girdejileriňizi ýola goýuň.
7. Mümkinçilikleriňizi we gazanjyňyzy artdyryň.
Sözbaşy

Halkyň gülläp ösmegi her bir adamyň şahsy hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna, maddy baýlygynyň artmagyna baglydyr. Bu kitap nädip baýlyk gazanmalydygyny gürrüň berýär.

Üstünlik — bu biziň yhlasymyzyň hem-de ukyp-başarnygymyzyň netijesi. Biz haçan-da, hereket etmäge taýýar bolanymyzda üstünlige ýetip bileris. Hereketlerimiziň akylymyza görä bolýandygyny, pikirlenişimize esaslanýandygyny ýatdan çykarmaly däldiris. Biziň hereketlerimiz hiç haçan pikirlerimizden akylly bolmaz.

Bu kitap ýuka gapjyklary galňatmaga niýetlenip ýazyldy. Kitabyň maksady, baý bolmak isleýän adamlara maliýe meseleleriniň merkezine seretmäge kömek etmekden ybarat. Kitap size pul gazanmagy, tygşytlamagy we olary täze pullary gazanmak üçin nähili ulanmalydygyny öwreder.

Biz siz bilen häzirki wagtda-da bütin dünýäde ykrar edilen we ulanylýan esasy maliýe ýörelgeleriniň dörän «sallançagy» bolan gadymy Wawilona gaýybana syýahat ederis.

Kitabyň awtory täze okyjylaryna, eýýäm bu kitaby okap, üstünlik gazanan adamlar ýaly, bank hasaplarynyň dolmagyny, täze maliýe üstünliklerini we çylşyrymly maliýe meselelerini çözmekde kitabyň itergi bermegini tüýs ýürekden arzuw edýär.

Şeýle-de awtor pursatdan peýdalanyp, bu kitaby dostlaryna, maşgalasyna we kärdeşlerine okamagy maslahat beren telekeçilere hoşallygyny bildirýär. Bu kitapda beýan edilen ýörelgeleri tejribede ulanyp, ep-esli girdeji, üstünlik gazanan adamlaryň pikirleri has-da gymmatly.

Wawilon puluň gymmatyny bilýän, ygtybarly we subut edilen maliýe ýörelgelerini ulanan, puldan nädip pul gazanyp bolýandygyny bilen ilatynyň kömegi bilen gadymy dünýäniň iň baý şäherine öwrülipdi. Olar biziň her birimiziň isleýän zadymyzy: geljekde durnukly girdeji almagy öwrenipdirler.

(Dowamy bar)

Terjime eden: Arslan Alaýew.

Biznes we motiwasiýa
2 лайков 292 просмотров
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Arslan Alaýew Gubadag
Автор 08 окт 2021, 02:11
Täze kitapdan bölek kitabyň doly görnüşini okamak isleýänler teswir galdyryň
Ýury
08 окт 2021, 02:30
Şolara ynanÿanam diñe garyplar.....
Ýury
08 окт 2021, 02:31
Arsi göwniñ galmasyn menden like......
Arslan Alaýew Gubadag
Автор 08 окт 2021, 02:36
Jorj kleýsonyň kitaby makalary türkmen dilinde çykmandy diňe iňlis we başga dillerde çykypdy indi türkmen dilinde kitab görnüşini taýarlap otyryn
Arslan Alaýew Gubadag
Автор 08 окт 2021, 02:37
Babylyň iň baý adamy diýilýä araňyzda okap göreniňiz bardyr belki
- Dani
08 окт 2021, 08:53
Цитата: Arslan Alayew
Babylyň iň baý adamy diýilýä araňyzda okap göreniňiz bardyr belki



kime gerek o kitap? atuw
Aýnur
08 окт 2021, 08:53
Like++
- Dani
08 окт 2021, 08:54
Arslan Alayew,


terjimänem çerez google edensiňdä?! cilimkesh
Ýury
08 окт 2021, 09:37
- Dani,
cilimkesh
Dogry aýdýañ danijan şuwagt hiçkimiñ kitap ýadyna düşenok...
Arslan Alaýew Gubadag
Автор 08 окт 2021, 10:47
@- Dani @geçip barýaka sowlan, aý bu her kimiň özüne bagly oka diýip zorlaýana ýok her zat öz eliňde
Arslan Alaýew Gubadag
Автор 08 окт 2021, 10:51
Okasaň özüňe peýdasy deger bize däl
Döwlet Şöhradow
08 окт 2021, 20:24
Mana biznes hakynda in kop okalyan kitaplar gerek, kimde bar sol babylyn in bay adamy diyen kitabam gerek eger tkm dilinde bolsa.