Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyny «Nowaýa gazeta-nyň» baş redaktory we filippinli žurnalist aldy

Norwegiýanyň Nobel komiteti 2021-nji ýylda Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyny Russiýanyň “Nowaýa gazeta” gazetiniň baş redaktory Dmitriý Muratowa we filippinli žurnalist Mariýa Ressa berdi. Laureatlary anna güni komitetiň başlygy Berit Raýss-Andersen yglan etdi diýip, TASS habar berýär.

Komitet bu baýragy “olaryň demokratiýa we berk parahatçylyk üçin şert bolan söz azatlygyny goramak ugrundaky tagallalary üçin” bermek kararyna geldi. Raýss-Anderseniň aýtmagyna görä, demokratiýa – “bu jemgyýetleriň uruşlara we dawalara garşy gurup biljek iň gowy goragydyr”. “Ýöne söz azatlygy bolmazdan demokratiýa ýok” – diýip, ol belledi.

“Bular örän batyrgaý, abraýly žurnalistler, olara baýragyň berilmegi žurnalist bolmagyň nämäni aňladýandygyny we söz azatlygynyň hatda örän kyn, çäkli şertlerde hem nähili ulanylyp bilinjekdigini görkezýär” – diýip, komitetiň başlygy belleýär.

Dmitriý Muratow – Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi bolan ilkinji russiýaly. Öň, bu baýragy 1990-njy ýylda Mihail Gorbaçýow aldy.

Muratow 1961-nji ýylda Kuýbyşewde (häzir Samara) dünýä indi. Ol žurnalistika karýerasyna “Wolžskiý komsomoles” gazetinde başlady. Muratow 1995-nji ýyldan bäri iki ýyllyk arakesme bilen (2017-2019) “Nowaýa gazeta” gazetiniň baş redaktory bolup işleýär.

Mariýa Ressa Filippinleriň “Rappler” neşiriniň baş müdiri we esaslandyryjylaryň biri bolup, öň CNN amerikan teleýaýlymynyň Maniladaky býurosyna ýolbaşçylyk etdi. Ol ýurduň häzirki prezidenti Rodrigo Duterteniň administrasiýasynyň hereketlerini tankytlandygy üçin birnäçe gezek aýyplamalara sezewar boldy.

Bu Filippinleriň raýaty üçin ilkinji Nobel baýragydyr.
1 лайков 91 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Döwlet Şöhradow
10 окт 2021, 01:21
gyzykly eken LIKE brawo brawo