ÝOLBAŞÇYLYK PAJY

Beýik arzuwlary etmek — her kimiň kanuny hukugy, ýöne onuň çykdajylaryny ödemegi unutmaň.Ýolbaşçylyk hemme kişä ýaraýar, ýöne hemmeler onuň hötdesinden gelmeýär, her kim onuň çykdajysyny çekmeýär.
Arkaňy diwana diräp, sesiňe bat bermek örän aňsat. Ýolbaşçylyk jylawy bir pursat eline iläýse, diňe töweregiňe däl, dünýä höküm etmegem müşgil däl ýaly görünýär. Eline erk-ygtyýar berseler, göz ýumup-açasy salymda hemme zady ýerbe-ýer, düpe-düz etjek ýalysyň. Döwletleriň arasyndaky dawa-jenjeli togtatmak, dürli garaýyşdaky adamlary ylalaşdyrmak üçin ummasyz güýç sarp edip ýörmän, azajyk akyl-huş, az-owlak çäre ýeterlik ýaly görünýär... hawa, oňa ýekeje gezek pursat berseler, bir demde dünýäni düzetjekden.
Biziň ählimiz tankyt etmek meselesinde hiç kime per beremzok, esasanam, bolup geçen wakalary seljermek babatda ussatlyk derejesine çykypdyrys. Hatda köpimiziňşol ugurlardan hiç hili başymyzyň çykmaýandygyna, sowadymyzyň ýokdugyna garamazdan, eger elimize erk ýa-da mümkinçilik berilse, şolaryň eden işiniň gylla ýarysyny ýa-da ýönekeýje bir bölegini edip bilmejekdigimize garamazdan, olary tankytdyr teýeneden mazaly doýurýarys.
Hakyky ýolbaşçylar, serdarlar, il öňüne düşmäge mynasyp adamlar, ýolbaşçylyk wezipesine geçmezinden ozal, şol wezipäniň öňündäki öz ukyp-başarnyklaryny mazaly saldarlap görýärler: Bardy-geldi şol wezipe ynanylaýsa, oňa ýeterlik derejede hötde gelip biljekmi, ynamy ödejekmi, özüni doly bagyşedip biljekmi? Şol zatlar bilen öz başarnyklaryny deňeşdirip görýärler: bu wezipe üçin sarp edilmeli wagty, aladany, güýç-kuwwaty, gaýraty ýeterlik derejede ikirjiňlenmän berip biljekmi? — ana, şol zatlar hakda pikir edýärler.
Sahabalaryň biri Hendek söweş günlerinde açlykdan ýaňa garnyna daş daňyp gezer eken. Käbirleri bolsa pygamberimiziň ýanyna baryp, arz edipdir, zeýrenipdir. Pygamberimiz ýylgyryp: “Özüňize agram salmaň, özüňizi köşeşdiriň” — diýipdir we köýnegini serpip görkezende, onuň garnynda iki sany daşyň daňylgy durandygyny görüpdirler.
Sahaba öňküsi ýaly öz ornuna dolanyp barypdyr. Şonda ol ýolbaşçy adamyň öz aladasyndan öňürti köpçüligiň aladasyny edýändigine, öz üstüne düşen wezipäni doly we dogry berjaý edýändigine düşünipdir.
Hakyky ýolbaşçy ilki bilen öz yzyna eýerýänlere berilmelidir, şolaryň aladasyny birjik-de ünsden düşürmeli däldir. Ol özüniň gylyk-häsiýeti, özüni alyp barşy bilen töweregindäkilere nusga bolmalydyr. Olary joşgunly, umytly, ynamly we ruhubelent ýaşamaga höweslendirip durmalydyr.
Merdana adamlar beýiklik mertebesine ýöne ýöräp ýetenoklar, olaryň ählisi hem şeýle
kynçylyklary, kösençlikleri gerdenlerinde göterip, şol ýoly geçdiler. Aňrybaş mertlik, synmaz erk we mäkäm ruh, oňyn häsiýetler, gowy-düz garaýyşlar, päkize niýet we beýik ahlak, çydamlylyk — hemişe göz öňünde boldy. Şol häsiýetler hem gylaw we gaýrat berdi, öňe ilerlemäge ynam döretdi. Olar kyn pursatlary ýeňip geçmegi, şol ýagdaýda nähili karara gelmelidigini öwrendiler. Ýogsam, örän köp adamlar sähel kynçylygyň öňünde müzzerilip, el-aýagyny ýitirýär ahyry.
Dariniň yzyndan kowýan Isgender hakyndaky kyssalaryň birinde şeýle waka beýan edilýär. Isgenderiň goşunlary Şam ýakalarynda Dariniň yzyndan kowup, mazaly surnugypdyr. On bir güne çeken dynuwsyz kowgy esgerleriň halys eňkini agdyrypdyr. Suw ýetmezçiligi peýda bolupdyr. Teşnelik, suwsuzlyk olary heläk etmek hetdine ýetiren eken. Örän köp esger serkerdä garşy baş götermek, gelen ýerlerine gitmek barada pikir edip başlapdyr.
Olaryň öz aralarynda Isgenderiň özlerine zabun daraýandygy, suwsuzlyk bilen ölüme iterýändigi hakda hyşy-wyşy gürrüňler edýän pursady, garagörnümden ýanlaryndan geçip barýan bir kerwende nazarlary eglenipdir. Kerwendäkiler bu esgerleriň Isgendere degişlidigini, olaryň arasynda hut Isgenderiň özüniň hem bardygyny, ählisiniň hem suwsuz-mydarsyz heläk bolmak uçudynda gezip ýörendiklerini bilipdirler. Olar suw dadyrmak üçin meşigini Isgendere uzadypdyrlar. Isgender içmek üçin suwly meşigi ýokary göterende, birnäçe teşne boýunlaryň özüne tarap dikanlap seredip durandygyny görüpdir. Olar hem şol suwa gultunyp seredip duran ekenler. Isgender meşikden bir damja hem suw içmändir-de, ony ýanyndaky adama uzadypdyr: “Eger-de bir özüm suw içsem, goşunyň ruhy kuwwaty synjakdy” — diýipdir.
Esgerler öz serkerdesiniň bu hereketini görüpdirler. Teşnedigine garamazdan, bir damja suw hem owurtlaman, esgerleri içmese, özüniň hem içmän saklanýandygyny gören esgerler, onuň mertligine, çydamlylygyna, gaýduwsyzlygyna haýran galypdyrlar. Esgerleriň hemmesi bu waka barada öz aralarynda pyşyrdaşypdyrlar hem-de ählisi hem birlikde öňe ilerlemäge güýç-gurbat tapan ýaly bolupdyrlar. Ynam we ruh, güýç-kuwwat bilen alawlanan esgerler desbi-dähil atlaryna münüpdirler. “Ýanymyzda şeýle serkerde barka, biz islendik teşneligi we ýadawlygy ýeňip geçmäge, onuň güýç-kuwwatynyň we zabunlygynyň, berkliginiň ýitidigine garamazdan, emr-buýruklaryny ýerine ýetirmäge doly taýyndyrys” — diýipdirler.
Ine, ýolbaşçy bolmak isleýän, ýöne ýolbaşçylyk üçin artykmaç güýç, yhlas sarp etmelidir öýtmeýän käbir adamlaryň tölemeýän harjy, salgydy. Serkerdäniň pikiri, hyýaly birjikde öz esgerlerinden üzňe bolmaly däldir. Olardan öňürti özi kösenmelidir, özi örtenmelidir. Öz etmeli işini olara tabşyrmaly däldir.
Serkerde, ýolbaşçy hemişe öňki hatarda bolmaly, ilkinji zarbany özi urmaly, sözünden owal amaly, hereketi bilen töweregindäkilere has beýik we ynandyryjy ders bermeli.
Zamana bize şeýle bir serkerdeleri, serdarlary hem görkezdi, olar pil süňkünden ýasalan kaşaň köşklerde, ymaratlarda ýaşadylar, esgerleri, raýatlary bolsa hor-homsulyk, ejizlik içinde gün gördüler. Raýatlarynyň ynamyny ýitirdiler. Olaryň her aýdan sözi, eden hereketi güman bilen kabul edildi, şübhe bilen diňlenildi.
Ýolbaşçy diýenimde diňe döwlet ýolbaşçysyny ýa-da goşun serkerdesini göz öňünde tutamok. Köpçüligi yzyna tirkäp, olary beýik maksatlara alyp gidip bilýän islendik adam, partiýanyň baştutany, ylmy-barlag işleriniň ýolbaşçysy, ýa-da öýdäki hojalykçy ata, ýa-da hökümet edarasynda maslahat berýän, dolandyrýan müdir ýa-da sanaýmaly adama ýolbaşçylyk edýän adam bolsun, hat-da golastynda az sanly işgär bolaýsyn — hemmesine degişli, hemmesini göz öňünde tutýaryn.
Ine, hakyky ýolbaşçylyk şeýle bolmaly, ol jogapkärçiligiň, özüňi pida edip bilmekligiň, özüňi bagyş edip bilmekligiň sinonimi. Kim ýolbaşçy bolasy gelýän bolsa, onuňşunuň ýaly pajyny töläp biljekmi-bilmejekmi gowja oýlansyn.
Uly wezipelere geçmeziňden ozal özüňden sora, dogrudanam, sen şol ýere laýykmy, mynasypmy?
Öýlenmeziňden öň az salym sägin, bir özbaşdak öýi dolandyrmaga, maşgalaň öňündäki wezipeleri bitirmäge gaýratyň, güýjüň, ynamyň ýeterlik barmy?
Her gezek “Şol ýere ýa-da şoňa men mynasyp” diýmeziňden öňürti hemişe pikirlen we özüňden sora: Sen hakykatdanam şoňa mynasypmy?!
Mahlasy, il öňüne düşmegi isleýän bolsaň, nebsiň-ruhuň ýolbaşçylyk mertebesine owsun atýan bolsa, onuň çykdajysyny ödemäge ýagdaýyň barlygyny ýa-da ýoklugyny derňe. Ýagdaýyň bar bolsa, başararyn öýtseň, isle, işle we talap et, ýogsamam öz başarnyklaryň çäginde saklan we özüňe gelişýän dony geý!
Hemişe ýadyňda sakla, serkerde öňe alyp gidijidir, ýolbeletdir, ol hemişe öňde bolmalydyr.


Kerim aş-Şazili
Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary
Arap dilinden terjime eden Rahmet Gylyjow
3 лайков 114 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Döwlet Şöhradow
18 окт 2021, 00:52
Su kitaby hazirem dowam edip yorn okap brawo
*bu bolekler 1nji demi ya 2 njide bardymy
Ýury
18 окт 2021, 03:36
Nairob
Erbet zat däl ýòne it ürer kerwen geçer diýä
Ýokardakylary hiçkim etmez menden like