KALBYMYZ GÖZEL BOLSUN!
Bu ümmülmez dünýäde, gör, bak, niçeme «Elhepus» diýdirýän owadan jandarlar, guşlar bar. Adam hemişe şol gözelligiň arzuwynda.
ÄHLIMIZ DOGAN
Käte şeýle bolýar. Kimdir birini göreniňde «Päh, munuň tanyşdygyny, öň nirede gördümkäm?!» diýip oýa batýarsyň. Muny anyklajak bolup, niçeme keşpleri, pursatlary hyýalyňdan geçirersiň. Barybir netije bolmaz.
Bu ýagdaý barada şeýle pikir edýärin. Şu Zeminiň gujagynda ýaşap ýören adamlaryň ählisi tanyş. Ýok, tanyş hem däl – dogan! Biziň hemmämiz Adam atanyň, How enäniň perzentleri ahyry!..
DÜNÝÄ
Öňem bir öte degişgen, adamyň üstünden gülmegi hiç zatça bilmeýän bir adam bar eken. Ol bir gün ýol bilen barýarka, öňünden bir topar kör bende çykypdyr. Ýolagçy olara duýgudaşlyk bildiren bolup, « Men size altyn pullarymdan berjek» diýip, teňňelerini gysymynda şyňňyrdadypdyr-da, gülüp ýoly bilen boluberipdir. Şyňňyrdyny eşiden batyl bendeler «Puly sen alansyň-da, sen alansyň» bolşup, bir-birleri bilen gyran-jyranmyş.
Bu pany dünýä hem edil şol adam kysmy, dünýäniň haý-u-höwesi, baýlygy bolsa, onuň gysymynda şyňňyrdadýan teňňeleridir. Hakykata uýup, bakylyga göz ýetirip, Hakyň nury bilen batyl gözlerimizi açalyň, wagt barka...
ÖZÜŇE BAGLY
Gyşyň garly günleriniň biridi. Duralgada duran bir adamyň depesinden bagyň şahasynda galan gar gaçaýmazmy?! Ol haýdan-haý üst-başyny kakdy-da, hüňür-hüňür edip, ho-ol beýläk süýşdi. Ondan soň birnäçe gün geçdi. Bir gün bu ahwalat başga bir adamda gaýtalanaýdy. Ýöne ol adam başyna gaçan gary bagtyň bölejigi saýdy. «Ak zat alnyňa ýagşy» diýlenini etdi-de, ýylgyryp duruberdi. Görýän weli, ähli zat öz kabul edişiňe bagly öýdýän.
NESIHAT
Eger-de, bir kişä nesihat bermeli bolsam, ilki bilen şeýle diýerdim:
- Hiç haçan ýalňyşlyk goýberen adama gygyrmaň. Onda hakyky ynsanlyk duýgusy bar bolsa, goýberen ýalňyşy hem onuň üçin iň uly jezadyr. Eger, säwlik goýberen adamda ynsanlyk duýgusy ýok bolsa welin, näçe gygyrsaň-da, eşegiň gulagyna ýasyn okandan enaýy bolmaz.
Kakamyrat Rejepow

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.