Hernäçe meňzeş ýaly görünse-de, gymmat başga, gymmatly başga, gymmatlyk başga.
Käte şeýle bolýar. Kimdir birini göreniňde «päh, munuň tanyşdygyny, öň nirede gördümkäm?!» diýip oýa batýarsyň. Muny anyklajak bolup, nijeme keşpleri, pursatlary hyýalyňdan geçirersiň. Barybir netije bolmaz. Bu ýagdaý barada şeýle pikir edýärin. Şu zeminiň gujagynda ýaşap ýören adamlaryň ählisi tanyş. Ýok, tanyş hem däl — dogan! Biziň hemmämiz Adam atanyň, How enäniň perzentleri ahyry!..
***
Meniň bir tanşym bar. Ol elmydama özüne «men hiç bir kemçiliksiz, gowy adamdyryn» diýýär. Aýdyşyça-da bar-how. Edil janyň ýaly diýilýänlerden-dä. Ýöne, haýp, ol «men kemsizdirin» diýmegiň kemçiligiň başydygy barada pikirem edenok…
***
Şol gün çagalar köçäniň ugrunda ýanyp duran ody kagyz bilen öçürmek üçin, baý, jan etdiler-ä. Ot weli kagyza pitiwa-da etmän, şol alawlap durdy. Bu pursat ot – hakykata, oklanan kagyzlar bolsa, ýalan-ýaşryk geplere juda çalymdaşdy.
***
Il içinde ak we gara sapakdan işilen alaja adamy göz degmekden, görner-görünmez belalardan goraýarmyş diýen gadymy ynanç bar. Ýöne meniň pikirimçe, adam üçin iň keremli alaja onuň görer gözi bolaýmasa. Sebäbi nirä seretmelidigiňi, haýsy ýola, haýsy päle bakmalydygyňy bilseň, bu owadan dünýäde kän howp-hatar ýog-a. Şonuň üçin goý, hemişe gözümiz gowyny görsün!
***
Ýere çyrşalan ýaly bolup ýatan kiçijik şarlaryň birini elime aldym-da, ony çişirmäge başladym. Ýelini ýetirip, agzyny daňanymam şoldy welin, ol elimden sypyp, şemalyň ugruna gaýyp gidiberdi, şeýlelikde, şarlaryň beýlekisini alyp, öňki hereketimi gaýtaladym. Onuň ýeli artygrak düşdümi, nämemi, bir parkyldady-da, öz-özi çalam-çaş boldy duruberdi. Bu ýagdaýlar meniň gözüme boş gybat-geplerden ýel alyp ýa bolmasa, sähel baýlygy, öwgini göterinip bilmän gabarylyp ýören, şemal haýsy tarapdan öwüsse, şol tarapa ýüwürýän ynsanlaryň soňky ykbaly bolup göründi.
***
Köçe-ýol düzgünini-hä bilýänsiňiz. Ýol çyrasy ýaşyl gözüni ýakdygy, ähli ulaglar ýöräp ugraýandyr. Ýagşy adamlar hem durmuşyň «ýaşyl gözüdir». Olaryň baran ýerinde öňüne böwet basylan ýagşy işleriň ählisine ýol açylýar.
***
Käbirimizde şeýle häsiýet bar. Käte bir adamyň gama batyp oturanyny görsegem, oňa hoş söz bilen göwünlik beräýmegi unudýarys. Ýa-da biz şol iki oýnam söze ownuklyk hökmünde garaýarmykak?! Ýeri bolýar, ownukmyş diýip göreli. Ýöne dünýäde iň ownuk san bolan nollugyň hem 10-y ýüz, 100-i müň etmegi başarýandygyny hemmämiz bilýäris-ä. Hut şonuň ýaly, biziň iki oýnam hoş sözümiziň kiçijik gussany uly şatlyga öwürjekdigine ynanyň!
***
Ýaşamak üçin ýürekden ygtybarly ýer ýokdur.
***
Ýürek saçaga meňzeş diýýärler. Hakykatdan-da şeýle, ýürek saçak ýaly mukaddes. Saçagy harlamak, ony boş goýmak näçe gabahat bolsa, bu ýürek babatda hem şeýledir. Dogry, olaryň arasynda ýekeje tapawut bar. Gije saçak kakmak günä hasaplanylýar. Ýüregi kakmak, ony ak kagyzyň ýüzüne kakmak üçin bolsa, ümsüm gijelerden gowy wagt ýok bolsa gerek.
***
Ezizlerim, sizi dünýä meňzedesim gelýär. Ýöne dünýäniňem mähriň, göwnüň nämedigini bilmeýän, ýowuz daraýan darkaşlary, hile-aly kän-ä. Sizde welin beýle-beýle zatlar asla ýok, siz — mähir, siz — mähribanlyk. Siz meniň üçin zerur bolan hemme zat…
***
Söýgi — uly dünýä diýýäris. Bu dogry. Ýöne başga dünýälerden tapawutlylykda onda dört däl-de, iki pasyl bar. Bir-ä ýakyp-ýandyryp barýan tomus. Eger, ony-da göterinip bilmeseň welin, ömrüňi doňduryp barýan aýralyk gyşy garaşýar ykbalyňa…
***
Gün öz myhmany — gijäni ugradyp, ýene ýylgyryp geldi. Bu günde bize nämeler garaşýarka? Bu sowal her säher kalbymda köwsarlasa-da, onuň jogabyny bilmek islämok. Çünki diňe syrly, duýdansyz zatlar gyzykly we tolgundyryjy ýaly bolup dur.
***
Göz ýetiren käbir hakykatlarym:
— Çäkli ömrüňi bagtly etmek üçin islegleriňi çäklendirmeli.
— Käbir zatlaryň arzuw-hyýalynda ýaşamagyň lezzeti oňa ýeteniňdäkiden has ajaýyp.
— Aladalar owunjak bolup biler, ýöne hiç haçan oýunjak bolup bilmez.
***
Agyr ukuda ýatan adamy oýarmakçy bolsaň, ol ýeke yralaýanyň bilen syçrap turmaz. 2-3 gezek gaýtaladar. Iki ýana agdarylar. Soň gözüni açybam biraz ýatar. Özüňde täze pikiri, täze düzgüni oýarjak bolmagam şonuň ýaly. Birbada boluberenok. Sabyr gerek.
***
Her gezek çagajyklaryň gapydaky owlajygyň boýnuna dakan jaňlary jyňňyrdanda, kimdir biriniň «Jaňyň sesi näme üçin gaty çykýar? Içiniň boşlugy üçin!» diýen sözi hakydama gelýär.
***
Gar — sowuk zat. Ýöne gyşyň günleri şonuň içine çümseň, süňňüňe sowuk ýokmaýandygyny aýdýarlar. Bu ýagdaý durmuşyň islendik meselesinde şeýle.
***
Hernäçe meňzeş ýaly görünse-de, gymmat başga, gymmatly başga, gymmatlyk başga.
***
Ýagşy gylyk-häsiýetleriň jemine näme üçin «adam» we «kär» sözlerini goşup, «adamkärçilik» diýdilerkä?! Kesp-käriň iň ulusynyň adam bolmakdygy üçinmikä?! Ynsançylygyň hem edil kär öwrenen ýaly ömrüň boýy öwrenmeli zatdygyny duýdurmak üçinmikä?
***
Aýtmaklaryna görä, häzire çenli Aýa çykanlara garanyňda, ummanyň düýbüne baryp görenler örän seýrek. Takyklyga geçsek, Aýa gadam goýanlaryň sany 12-ä ýetýär. Emma ummanlaryň iň aňrybaş çuňlugyna (7 mil — 11 kilometr) ýetip bilenler bary-ýogy üç adamdyr… Ummanlaryň çuňlugyna garanyňda, Aý hakynda has köp zatlary bilýäris. Belentlige çykan kişi hemmä görünýär. Çuňňurlyga ýeten adamlary bolsa saýgaraýmak ýeňil-ýelpaý däl.
Belentlik hemişe adamy özüne çekýär. Belentlige hemmeler ymtylýar. Emma welin, çuňluk adam saýlaýar. Çuňluga aralaşmak hemmä eýgertmeýär.
***
Ol indi garrardan has gojady. Ol indi gojalmakdan has garrydy.
***
Deňizdäki adalar meni hemişe haýran galdyryp gelýär. Olar nädip çaklaňja bolsalar-da, möwçli deňze özlerini aldyrman oturyp bildilerkä şunça wagt… Kynçylyga per bermän, özüniň bir bolşuny saklap bilýän adamlary şol adalara meňzedesiň gelýär. Adalar we adamlar. Asyl, bu sözleriň äheňi-owazy hem meňzeş oguşýa.
***
Ol ýazgylarynyň soňundan hiç haçan nokat goýmaýardy. Otur belgisini ulanardy diňe. Uzyn-uzyn sözlemleriň soňunda nokat däl, otur belgisi bilen ýüzbe-ýüz bolmak geňirgendirdi birbada. Sebäbini soranymda, «Nokat goýmakdan gorkýan. Hamala ähli zada nokat goýlaýjak ýaly. Men bu ýazgylarymyň dowamly bolmagyny isleýän» diýdi.
***
Bir gezek köpügören ýaşulularyň biriniň beren öwüdi soň-soňam aňymda gaýtalandy durdy: «Eden işiňi bir-ä ak ýürekden et, birem eliňde baryny et. Şeýdeňsoň, netije göwnüňdäki ýaly bolubermänliginde hem gyýylmagyn. Birde bolmasa, ikinjisinde ugrugar gider».
Kakamyrat REJEBOW.

4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.