Ýadyňyza düşýärmi?

Talyplar.com-yň agzalary bir ýurt bolsady ?!

Nazarhann - Basybalyjy ýurt bolardy, her kime çozup adam öldürerdi, köp zat bilerdi, ýöne ýurtlaryň kemini gödek şekilde aýdardy. Köp kişi bu ýurda akyllysyraýar diýerdi. Köp kişi oňa çozsada şowsuz bolardy.

Paris - Köp ýurtlar bilen işi bolmazdy. Gaty güýçli görünjegem bolmazdy gaty ejizem. Ýöne käwagt halkara arenada çekeleşiklere gatnaşardy.

Hazar99 - Gaty iç ýakgynç ýurt bolardy, edil Ysraýyl ýaly. Esasanam iň güýçli ýurt Nazarhann-a çozardy ýöne bu çozuşy Nazarhann-a zyýan etmezdi, gaýta daş töwerekdäki ýurtlara zyýan ederdi we Dünýäni zaýalardy. Umuman bu ýurdy az wagtda üýşüp "kaput" ederlerdi.

Nirvana - Dünýäniň iň akylly ýurdy bolardy. Her ýurda kömek bererdi adamlary akyllandyrjak zatlar ederdi. Çekeleşiklere uruşlara gatnaşmazdy. Harby taýdan güýçli bolmasada tehnologiýada gaty öserdi.

ZET-PRO2003 - Taryhda gaty güýçli we zalym ýurt bolupdy, hiç kime gynananokdy, ýurtlaryň syrlaryny halkara arenada paýlaşardy, esasanam Nazarhann bilen urşupdy, näçe adam ölsede bu uruş netijelenmedi. Şo sebäpli bu ýurda çozmana köp kişi gorkardy. Edebiýat we bilim ugrundaky ýurtlara hem çozardy. Özüni iň güýçli Döwlet hasaplardy. Bulam gaty köp ganyň dökülmegine sebäp bolardy. Ol maglumatlara akyl satýandyr öýdüp görüplik etýärler öýderdi. Edil Nasi Germaniýasynyň nemes halkyny üstün görüp beýleki ýurtlary kiçi görüp çozuşy ýaly bulam şeýderdi, ýöne Germaniýanyň bolşy ýaly üýşüp kynam bolsa muny ýatyrarlardy. Bu ýurt taryhda ençeme waka geçirenem bolsa şuwagt gaty ümsüm we hiç kim bilen işi ýok.

Khanture - Gaty çylşyrymly ýurt bolardy, hiç ýurt muňa düşünip bilmezdi. Gaty üýtgeşik düşünjeleri bolardy, bu düşünjeleri bilen köp ýurdy ynandyrardy. Ýöne muňa ynanmaýanlaram ol ýurda çozardy. Hatda çozup gaty köp gan dökerlerdi. Sebäbi ol düşünjelere ynanmak kyndy. Bu ýurt kimi üçin akylly kimi üçin bolardy.

Гость - Bu ýurdyň bardygam bilinmezdi, ýöne akylly ýurtdy, esasanam öwrenmäni gowy görerdi we başga ýurtlara okuwçy ugradardy. Käwagt her hili jedellere goşulardy we pikirlerini aýdardy.

Adalat19 - Bu ýurdyň ençeme ýyllap akylly görünendigi soň iň soňky ýurtdygy bilindi. Bu ýurdyň iki ýüzi bardy. Bulam edil Khanture-niňki ýaly düşünjelere eýe bolsada has adatdan çykýardy. Khanture hem käwagt muňa "hu*ýet" etýärdi. Bu ýurt birhili kinoda ýaşaýan ýalydy, özüçe bir Älemdi. Edil muňada Khanture çozýan ýurtlar çozarlardy. Ýöne muňa gaty zalym bolarlardy, hemme adamlaryny asyp keserlerdi, çaga aýal diýmän halkyny oka düzerlerdi, esasanam Nazarhann bu ýurda garşylara garamazdan atom bomba atardy. Jeksparro, Khanture, Panturkist, Ahmedik ýaly ýurtlar bu ýurdy gollap urşa girerdi, ýöne asyl günäkäriň bu ýurtdygy, Hazar99 atly gurjak ýurt gurup hemmelere zyýan berýändigi öwrenilenden soň hemme ýurt muňa garşy urşa goşulardy we bu ýurdy "kaput" ederlerdi. Şeýlelik bilen bu yurdyň hakyky ýüzi orta çykdy we öňki abraýyny ýitirdi.

Jeksparro - Akylly hem diýseň bolýar ýöne käwagt akyllysyraýardy, meselem "Men eýleki ýurtlaryň pikiri bilen işim ýok, öz ýurdumdakylar näme diýse şo" diýýärdi. Yagny olaryň ýazan taryhy ýalan özüniňki dogrudy. Ýalňyş ýurtlaryň tarapyny tutýardy, çalt aldanýardy sebäbi.

Panturkist - Gaty milletparaz bir Döwletdi, esasanam dini gaty köp ulanýardy, edil Eýran ýalydy, din bilen ýöreýärdi, dindäki zatlar kanundy. Özüniňem haýsy dindendigi belli däldi. Köp kişi bu ýurda "Üýtgeşik düşünjeli" diýip hormat goýsada käbiri "Eý mahowlar, bu dini oýunjak etdi" diýip bu ýurdy asyp kesýärlerdi.

Wonderfull - Prezidenti gyz bolsada gaty agressiw ýurtdy, esasanam Nazarhann ýurdy bilen gowy gatnaşýardy, ikisi edil bir ýurt ýalydy, düşünjeleri deňdi, olam basybalyjy bulam basybalyjy, hatda arkasynda Jeksparro, Panturkist, Khanture ýaly ýurtlaryň duran ýurdy Ahmedige çozdy we basyp aldy. Düşünjelerini gahary gelse gödek şekilde diýýärdi, ýöne Nazarhann ýaly diňe harby taýdan dälde bilim tarapyndanam güýçlidi.

Gray_Wolf - Gaty moşennik ýurt bolardy, köp ýurdy aldap pula sokardy, hatda BegCon atly ýurdy sokup ony ykdysady taýdan çökertdi. Taryhda ZET-PRO2003 ýurdy bilen gaty ganly uruşlar boldy, Gray_Wolfyň tarapdarlary köpdi. Ýöne görülip oturylsa ZET-PRO2003 dogry aýtýar eken. Iň sokujy ýalançy ýurt bolup çykdy. Hatda aýdylmagyna görä 30-dan köp adamy sokdy. Nazarhann täzelikde bu ýurda çozmak üçin goşun ýygnap ýörendigini aýtdy. Bu ýurduňam iki yüzi bar diýip pikir edilýär we TrustORG atly ýurdy şunyň ýöretýändigi aýdylýar.

Wrestling - Hiç zat bilen işi ýokdy, ne ýurtlar bilen, ne pikirler bilen, diňe bolup geçýän zatlary hezil edip diňläp görýärdi. Uruş zat bolsa hezil edip çaý zat içip görýärdi. Hiç kime zyýan berenokdy.

Ahmedik - Gaty köp pikirli ýurtdy, orta bir pikir atýardy eýleki ýurtlaram şol pikir üçin dälliräp sögüşýärlerdi. Bulam edil Panturkist, Khanture, Adalat19 ýalydy, üýtgeşik düşünjeleri bardy. Ýöne ýakyn wagtda bu ýurda Wonderfull çozupdy.

Pegas - Gaty akylly ýurtdy, ýöne bulam köp ýurda görä akyllysyraýardy, ýurdunda ençeme ylmy okuwlar akademiýalar bardy. Bu ýurtda esasy şahyrlar köpdi.

Xyvenia - Bulam gaty akylly ýurtdy, ýöne taryhda muňada çozupdylar ýöne ejizräk bolany üçin bu ýurda köp ýurt kömek edipdi. Şuwagtam akademiýalarynda ençeme eserler döredilýär.

Korolewa - Bu ýurduňam hiç ýurt bilen işi ýok, ýöne gaty akylly ýurt, ençeme şahyrlary edebiýatçylary bar.

Zalymm - Orta düşünjeli ýurtdy, esasy sorag bermäni gowy göryärdi, ýurtlar bilen üýşüp gürrüň etmäni gowy görýärdi, bilim tarapdanam ösendi.

Hercai - Her hili düşünneleri bardy, köpçülik näme diýse şony goldaýardy.

the_end - Arada çykyp bir ýurtlara sögüp çykýardy.

Dowsypat00 - Bulam esasy Khanture, Panturkist, Adalat19 ýaly ýurtlar bilen iş alyp barýardy, ýöne diňe pikirini aýtýardy, hemmeleri diňläp netijeli bir çözgüt çykarjak bolýardy.

.Leyla - Bulam köp halkara arenada görünýär ýurt däldi ýöne akylly ýurtdy.

yekejam. - Bu ýurt hem sorag bermäni gowy görýärdi, her hiljek taraplary bardy, esasy degişme zat aýtmany gowy görýärdi.

Crazy-boy - Bu ýurt esasy Dünýä zyýan berýän ýurtlara gaty garşydy, olara sögýärdi garşy çykýardy. Olar ýok wagty özi bilendi hemmetaraplaýyn düşünjeleri bardy.



Halkara birleşikler

Basyp alyjy birleşikler :
(Nazarhann, Wonderfull, ZET-PRO2003)

Akylly birleşikler :
(Nirvana, Pegas, Jeksparro, Korolewa, Xyvenia)

Hiç zat bilen işi bolmaýan birleşikler :
(Wrestling, Zalymm, .Leyla)

Üýtgeşik düşünjeli Kaşgarlylar birleşigi :
(Khnature, Panturkist, Ahmedik, Adalat19)

Köpçülige görä birleşikler :
(Hercai, Гость, Crazy-boy, the_end, Paris, yekejam., Dowsypat00)

Bitarap ýazjak boldum başardygymça...

Gutulmyş.
Talyplar.com.
22 лайков 721 просмотров
79комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Biohimik
05 май 2022, 20:56
@pegas akyllyja bolsañyza
Bahara
05 май 2022, 20:57
Nirvana,
Dogry aydypdyr ol dushunenoga toba okuz yaly. Gorupler diyya diyip onada rep duzupdiler oytyan
Biohimik
05 май 2022, 20:57
Nirvana
@ZET-PRO2003
Täze giren wagtlarym bir goşgysyna teswir ýazypdym, gowşakdygyny bildirip. @Wagt agza-da ýazypdy. Soň täze mowzuk açypdy, göripler diýip. :))
Şonda görüplik etmeýänimi jan edip düşündirjek bolamda @Wagt agam düşündirme, düşünmez diýdi. Hemem ýene bir mowzuk ýazyp, özüni alyp barşynyň ýalňyşdygyny aýdypdym. Şondan soň adyny tutmadym. Mowzuklaryna-da baha bermedim.

Menin sasedim bolya rayon gapdalyndaky obadan
Biohimik
05 май 2022, 20:59
Urushlarynyzy yaltanman birbasdan okayadym mellegi suwa yakanda 1hepde yazylanlary birgunlap okayadym;))))))
Telwas
Автор 05 май 2022, 20:59
Bahar_Seyimowa,
Saýtda batyr ýaly görünseler-de, hemmesiniň ejiz taraplary bar aslynda.
Pegas
05 май 2022, 20:59
biohimik.
@pegas akyllyja bolsañyza

*Pegas. Akyllyja-da men)
Telwas
Автор 05 май 2022, 21:01
@Jeksparro- söhbetdeş bolup görmedim. Doly tanamasamam gowudygna ynanýan.
Bahara
05 май 2022, 21:03
Nirvana,
Nahili ejiz taraplary. Realda dami
Telwas
Автор 05 май 2022, 21:03
@Wrestling- bu jigimä deň-duşlaryna görä örän akylly, gowy oglan. “L” harpdan başlaýan Sakarçägeli bir oglanjyk bardy, ýalňyşmasam 2003-nji ýyl. Şu we şol oglanyň, özüni alyp barşyny gowy görýärdim. Ikisem degişgen, gyzyklanmalary kän.
Resul
05 май 2022, 21:06
Eyy bu yazgymay. Men nahili bashga edebi agzalar barka dp pikir edip yordum son Gutulmys agza yadyma dusdi cyndanam dogry pikir edipdirin ikiniz shodygyny. Nahili gyzyklyday yone sho gunler icin gysanokdy
Resul
05 май 2022, 21:07
Menem arasynda yashalymdan girip birki sanagna sogup cykyadym :) Yone gaharlanman shu saytdaky hic agzada sogmedim
Telwas
Автор 05 май 2022, 21:07
.Leyla - Bulam köp halkara arenada görünýär ýurt däldi ýöne akylly ýurtdy.

-Gatnaşygymy kesmejek ikinji ýurdym şu ýurt. Öziniň pikirlerini, özüni alyp baryş medeniýetini, sözleýiş edebini örän gowy görýän. Ilkinji örara temalarda söhbetdeş bolan agzam şu. Ömri uzak bolsun, şundanam öwrenen zatlarym az däl. Hatda şol günlerdäki ýaly belli bir tema boýunça pikir alyşmagam küýsedim. :(
Telwas
Автор 05 май 2022, 21:08
Voyvoda,
Salam. Sen haýsy agza?
Resul
05 май 2022, 21:10
Nirvana,
Agza bolup bilman gecdima. Dine yashalymdan giryadim olam yapyldy son. Wah shuwagt acdyryp bolmazmyka hayys etdirip shol nikleri hezila bolardy
Telwas
Автор 05 май 2022, 21:11
@the_end-şu ýurduň göwnüne ýaramak kyndy. Islendik mowzuk biz üçin gowy bolsa-da, ol kemçiliklerini tapýardy. Özi gowy oglana meňzeýär. Ýaşam uly bolmaly, ýalňyşmasam. Maňa “Kirvana” diýýärdi. :)) Çünki dostluk saýdyndaky Nirvana agza meňzedýän eken.
Bahara
05 май 2022, 21:11
Nirvana,
Baybu onda sen pacti hemme agza bilen gatnashyp cykypsyna wah nik acyp bolsa girerdik bizem acylanokda
Telwas
Автор 05 май 2022, 21:12
Voyvoda,
Hä dogry. Hezil berýärdiňiz siz ýaşalymlar. :)
Telwas
Автор 05 май 2022, 21:14
Bahar_Seyimowa,
Şol saýtdan tanaýan ählisini. Ikiçäk gatnaşygym ýok hijisi bilenem. Poçtada habarlaşypdym, käbiri bilen.

Açdyrylsada öňki hezillik bolar öýdemok.
Telwas
Автор 05 май 2022, 21:16
@Dowsypat00- ine bu oglan men näme mowzuk açsam, menden soň şoňa meňzeş mowzuk açýardy. Gelip pikirini meň mowzugymda beýan edenokdy. Gowy agzady. Özüni agrasyrak alyp barýardy, medeniýetlidi.
Biohimik
05 май 2022, 21:17
Pegas
biohimik.
@pegas akyllyja bolsañyza

*Pegas. Akyllyja-da men)

Yaltanman basyanyzay tuwleme goz degmesin
Telwas
Автор 05 май 2022, 21:19
@Korolewa, @Xyvenia- ikisem ýumşajyk, mähirlije, akyllyja gyzlar. Gowy görýän şulary. Artykmaç gepi-sözleri ýokdy. Gülçeşme jigim biraz janykýady, dawa-jenjellere. Düşündirmäge synanyşýardy, ýalňyşlyklaryny.
Pegas
05 май 2022, 21:19
biohimik.
Pegas
biohimik.
@pegas akyllyja bolsañyza

*Pegas. Akyllyja-da men)

Yaltanman basyanyzay tuwleme goz degmesin

Gözümden gaçanlar bilen gözüme girenler üçin ýaltanmam ýokdur. Üns ber, ýaltanman, saňa minus, Nirvana plýus goýup çykýandyryn)
Telwas
Автор 05 май 2022, 21:21
@Ahmedik- ine bu oglan çözmesi çylşyrymly mesele. Adamkärçiligini halaýan. Her pikirlerli bilen ylalaşamok. Kelle bulaşdyryjy meseleleri gozgaýardy. Şol bir meseläni köp gaýtalap, kelläni agyrtmakdan ýadanokdy. :)
Telwas
Автор 05 май 2022, 21:28
@Pegas- bu ýurdyň edebiýat ruhyny gowy görýän. Öňden gelýän goşga bolan söýgümi hasam artdyrdy şu ýurt. Gyzykly, gyzyksyz ýatlamalarymyz bar bu ýurt bilenem. Gowy, öz diýişi ýaly akylly ýurt. Şu ýurtda ýaşamagyňyzy maslahat berýän. Poeziýa bolan suwsyzlygyňyzy gandyraýjyk ýurt şu. (Reklamam nähili bolduka?) :)
Ahally
05 май 2022, 21:28
ZET-PRO2003 - Taryhda gaty güýçli we zalym ýurt bolupdy, hiç kime gynananokdy, ýurtlaryň syrlaryny halkara arenada paýlaşardy, esasanam Nazarhann bilen urşupdy, näçe adam ölsede bu uruş netijelenmedi. Şo sebäpli bu ýurda çozmana köp kişi gorkardy. Edebiýat we bilim ugrundaky ýurtlara hem çozardy. Özüni iň güýçli Döwlet hasaplardy. Bulam gaty köp ganyň dökülmegine sebäp bolardy. Ol maglumatlara akyl satýandyr öýdüp görüplik etýärler öýderdi. Edil Nasi Germaniýasynyň nemes halkyny üstün görüp beýleki ýurtlary kiçi görüp çozuşy ýaly bulam şeýderdi, ýöne Germaniýanyň bolşy ýaly üýşüp kynam bolsa muny ýatyrarlardy. Bu ýurt taryhda ençeme waka geçirenem bolsa şuwagt gaty ümsüm we hiç kim bilen işi ýok. 

Bu adam taryhda gaty moşennik haramzadalaň biridi. Ýüzi ýyrtykdy. Bir topar hopçylary bardy. Ol hopçylaň aglabasy zenanlardy. (özüniňem heleýden tapawudy ýokdy). Olam şolaň hopyna galkynyp *ötüni açyp dawwa dörederdi (ýalan ýaşryk).

#öz_garaýşym
Pegas
05 май 2022, 21:29
Nirvana
@Pegas- bu ýurdyň edebiýat ruhyny gowy görýän. Öňden gelýän goşga bolan söýgümi hasam artdyrdy şu ýurt. Gyzykly, gyzyksyz ýatlamalarymyz bar bu ýurt bilenem. Gowy, öz diýişi ýaly akylly ýurt. Şu ýurtda ýaşamagyňyzy maslahat berýän. Poeziýa bolan suwsyzlygyňyzy gandyraýjyk ýurt şu. (Reklamam nähili bolduka?) :)

Ana, bergili boldum saňa)))
Telwas
Автор 05 май 2022, 21:31
@Wonderfull- şuň meni başgalardan gabanmasyny gowy görýärdim. Gowy gyz, adamçylygy gül ýaly. Jora, dogan hökmünde gowy görýän şu gyzy. Ilkinji gyz tanyşym şol saýtdan. Diňeje bir häsiýeti göwnüme ýaramady. Şoň üçinem öýkeli biraz.
Telwas
Автор 05 май 2022, 21:32
Pegas,
Senem meň ýurdymy öwäý gowy etde, şonda hasaplaşarys. :)
Telwas
Автор 05 май 2022, 21:34
Beýleki agzalary doly tanamok, mowzuklarynam gyzyklanma bilen okanym ýadyma düşenok. Aýyplaşmasynlar. Olar barada gynansakda, häsiýetnama ýazyp biljek däl.
Biohimik
05 май 2022, 21:35
Pegas,
Mana tapawudy yok yone ozune kicilik bilman seydip yorishine hayranlar galdym sonam men gozdenden dusup goze iler yaly nm etdim
Ozun bilyansin mena erbet zatlary dawalary sol yerde unudyaryn we beyle maydalap yormeyarin!?